Bagt Kanunymyz

22 Maý 2024
206

Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän möhüm resminamadyr. Ol ýurdumyzyň her bir raýatynyň azatlyklarynyň, hukuklarynyň goralmagyny, halkyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagyny, zähmet çekmegini, okamagyny, dynç almagyny üpjün etmekde mizemez hukuk binýady bolup durýar. Konstitusiýada kesgitlenilişi ýaly, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Esasy Kanunymyz yzygiderli kämilleşdirildi. Ol hukuk döwleti hökmünde ösüşiň kämil tapgyryna gadam basan ýurdumyzyň möhüm syýasy, durmuş-ykdysady meseleleriniň oňyn çözgüdiniň ýol görkezijisine öwrüldi.

Milli Liderimiziň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Esasy Kanunymyz eşretli, bagtyýar durmuşymyzy üpjün edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşler Konstitusiýamyza esaslanýar.

Merdan Alymow,
Balkanabat şäheriniň kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy.