Şatlykly pursatlar
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ýokary ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrüň talabyna laýyk gelýän döwrebap kompýuterler, tehniki serişdelerdir okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ýaşlara döwrebap bilim berilýär. Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleri barada edilýän alada hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak, arzuwlaryny amala aşyrmak ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan edýärler. Röwşen geljegimiz ýaşlar bilen baglanyşyklydyr. Muňa oňat düşünýän ýaşlarymyz özleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, okaýarlar, öwrenýärler. Bagtyýar ýaşlar özlerine bildirilýän ynama mynasyp iş bilen jogap bermek üçin täze tehnologiýalara, kompýuterlere ökdelik bilen erk edip, dünýäniň genji-hazynasyna öwrülen taryhymyzy, edebi mirasymyzy öwrenip, ýurdumyzyň şan-şöhratyny, türkmen ylmyny dünýä ýaýýarlar. Muny olaryň gazanýan ýokary netijeleri-de görkezýär. 2023 — 2024-nji okuw ýyly bilim işgärleri, mugallymlar, şeýle hem bilim