Aýdym-sazly çäreler guraldy

26 Maý 2024
400

Ýurdumyzda 25-nji maý güni uly dabara, şatlyk-şowhuna beslendi. Ol gün umumybilim berýän orta mekdeplerde 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň üstünlikli jemlenmesiniň nyşany «Soňky jaň» dabarasy boldy. Şeýle hem şol gün ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäheriniň güni uly ruhubelentlik bilen bellenildi. Orta mekdeplerdäki «Soňky jaň» dabarasy ýurdumyzyň ähli ýerlerinde geçirildi. Oňa mekdepleriň okuwçylary, uçurymlar, mugallymlar we ene-atalar işjeň gatnaşdylar.

Şu ýyl umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary döwlet we halkara ders bäsleşiklerine, olimpiadalara işjeň gatnaşdylar. Munuň şeýledigine oňat görkezijiler, has takygy, okuwçylaryň gazanan ýeňişleri, üstünlikleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Şähribossan ÖWEZOWA,
«Mugallymlar gazeti».