Kämilligiň aýdyň ýolunda

26 Maý 2024
356

Eziz ýurdumyzda mähriban ýaşlarymyzy sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak maksady bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda hem il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiz tarapyndan beýik işler durmuşa geçirilýär. Şular bilen baglylykda, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmekde, ýaşlary köpçülikleýin sporta, bedenterbiýä çekmekde we olary berk bedenli, sagdyn ruhly, Watana wepaly, lebze ygrarly edip ýetişdirmekde ähli jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň paýyna hem uly jogapkärçilik düşýär. Bu möhüm we jogapkärli wezipeleri birkemsiz berjaý etmek bolsa harby gullukçylarymyzdan ylymly-bilimliligi, syýasy taýdan düşünjeliligi, ýokary hünär taýýarlygyny talap edýär. Munuň üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň hem harby gullukçylarynyň hünär taýýarlygyny artdyrmak boýunça degişli işler ýokary derejede geçirilýär.

Harby gullukçylaryň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmakda gullugyň Merkezi edarasynyň okuw bölüminiň binýadynda döredilen baý kitaphananyň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu kitaphanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary we ata Watanymyzyň häzirki bedew bady bilen ynamly öňe barýan ösüşli ýoluny beýan edýän suratly teswirlemeler, gazet-žurnallar bar. Gullugymyzyň bu kitaphanasy ýurdumyzyň harby ösüşini, özgerişini aýdyň görkezýär. Şeýle hem bu kitaphanada taryhda öçmejek yz galdyran türkmen serkerdeleriniň gahrymançylykly ýollaryny beýan edýän birnäçe taryhy kitaplar orun alypdyr. Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Gurbandurdy Zeliliniň, Mollanepesiň, serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň we türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran söýgüli şahyrlarymyz Kerim Gurbannepesowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Gurbannazar Ezizowyň we başga-da birnäçe şahyrlaryň kitaplary onuň tekjelerini bezeýär. Şonuň üçin bu kitaphana gullugymyzyň işgärleriniň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Remezan GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor.