«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergide «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň mümkinçilikleri hödürlendi

27 Maý 2024
174

Geçen hepde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergisi geçirildi.

Halkara sergä ulag we aragatnaşyk toplumynyň edaralary — «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenaragatnaşyk» agentlikleri we beýleki degişli pudaklar hem öz diwarlyklary bilen çykdylar.