Ýewropanyň iň arassa şäherleriniň sanawy düzüldi

27 Maý 2024
160

Beýik Britaniýanyň «HAYPP» kompaniýasy tarapyndan Ýewropanyň iň arassa we hoşboý ysly şäherleriniň sanawy yglan edildi. Oňa laýyklykda Gresiýanyň paýtagty Afiny yklymyň iň arassa we hoşboý ysly şäheri hökmünde ykrar edildi. Afiny sanawda mümkin bolan 10 utukdan 83 utuga laýyk görlüpdir. Sanawa Ýewropanyň 30 sany şäheri gatnaşdy. Sanawy düzüjileriň bellemeklerine görä, Afiny şäherinde her 10 inedördül kilometrde 31 sany gül we 22 sany parfýumeriýa dükany hereket edýär. Afinydan başga-da, sanawyň ilkinji onlugyndan degişli yzygiderlilikde, Pariž (Fransiýa), Sýurih (Şweýsariýa), Dublin (Irlandiýa), Lýuksemburg (Lýuksemburg), Nikosiýa (Kipr), Kopengagen (Daniýa), Buharest (Rumyniýa), Walletta (Malta) hem-de Amsterdam (Niderlandlar) orun aldy.

Taýýarlan: Saparmyrat NURYÝEW,
M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň müdiri.