"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Arzyly mekan

Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ak mermere beslenen belent ymaratlary, şirin owazly suw çüwdürimleridir sapaly seýilgähleri tomus paslynyň dowam edýän günlerinde has-da göwnüňi göterýär, ata Watanymyza, paýtagtymyza söýgimizi artdyrýar. Tomus paslynda paýtagtymyzyň gür baglyga beslenen seýilgähleri ildeşlerimiz üçin arzyly mekana öwrülýär. «Aşgabat», «Ylham», Arkadag, «Laçyn», «Erkin» ýaly ençeme döwrebap, medeniýetli dynç almaga ähli amatlyklar döredilen seýilgähler Aşgabadyň keşbine aýratyn öwüşgin çaýyp, gözellige beslenen tomsuň owadan günlerinde bagtyýar raýatlarymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerleri bolup durýar. Paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda uly dabara bilen açylyp ulanylmaga berlen «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi hem özüniň binagärligi bilen paýtagtymyzyň görküne görk goşdy. Bu merkezde çagalar üçin oýun we güýmenje meýdançalarynyň bolmagy ýaşajyk nesilleriň şatlygyna şatlyk goşýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň merkezi edarasyndan gelip gowşan, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigi baradaky hoş habar bolsa göwünlerimizi al-asmana göterdi.

Dillerimiziň dessany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gözel paýtagtymyz dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Aziýanyň merjen şäheri adyna eýe bolan gözel şäherimiziň alyslardan howalanyp görünýän belent binalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, medeni maksatly desgalary paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Ak şäherimiziň täsin binagärlik çözgütleri, gözelligi ynsan kalbyny joşa getirýär. Al-elwan güllere beslenen şaýollardyr köçeler, olarda ornaşdyrylan duralgalar, ýerasty, ýerüsti geçelgeler hormatly Prezidentimiziň adam hakyndaky aladasynyň iş ýüzünde durmuşa üstünlikli ornaşdyrylýandygyndan aýdyň mysaldyr. Häzirki döwürde paýtagtymyz ýaşamak, işlemek we dynç almak, jahankeşdelik üçin amatly şähere, halkara ähmiýetli forumlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Aşgabat şäheri ylym-bilim, medeniýet we işewürlik merkezi hökmünde hem dünýäde giňden tanalýar. Paýtagtymyzyň çäkleri täze döredilen etraplaryň, gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat we seýilgäh zolaklarynyň hasabyna barha giňeýär. Täze, döwrebap desgalaryň, seýilgähleriň her biri özüniň binagärlik keşbi bilen ünsi çekýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän seýilgäh hem mähriban halkymyzyň ruhy bitewüligini aňladýar.

Aziýanyň merjeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini dabaralandyrýan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat bu gün dünýä nusgalyk şäherleriň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, merjen şäherimizde hem gurlup ulanylmaga berilýän köpsanly senagat maksatly desgalar, ýaşaýyş toplumlary, belent binalar, biri-birinden owadan seýilgähler bu hakykatyň aýdyň mysallarydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehini, binagärlik paýhasy bilen rowaçlanýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynyň netijesinde ýüzlerçe kaşaň ymaratlar tapgyrlaýyn bina edilip, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ak mermere beslenen binalaryň gurluşygynyň batly depginler bilen dowam edýändigini aýratyn bellemek gerek. Şu ýylda paýtagtymyzda «Arkaç» söwda-dynç alyş merkeziniň, şeýle hem 17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi halkymyzyň bagtyýar zamanamyza bolan buýsanjyny goşalandyrdy. Bularyň ählisi ýurdumyzyň şöhratly ösüşleriniň özboluşly görkezijisi bolup, dünýä ýaň salýan beýik işlerdir.

Gözellik — ýaşaýşa ýaraşyk

Paýtagtymyzdaky täsin binagärlige eýe bolan laçyn şekilli Aşgabat Halkara howa menzili, bu täsin künjekde ýerleşýän «Garagum» myhmanhanasy, Oguz hanyň we onuň ogullarynyň keşpleri ebedileşdirilen, täsin suw çüwdürimli ýadygärlik toplumy, «Laçyn» seýilgähi türkmeniň myhmansöýerligini, belent ruhuny dünýä äşgär edýär. Bu täsin myhmanhana ýurdumyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen kerwensaraýy ýatladyp, paýtagtymyzyň ajaýyp binagärliginde özboluşly sazlaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda bitirilýän beýik işler döwrüň belent ruhuny beýan etmek bilen ýaş nesliň döwrebap terbiýelenmeginde, watançylyk we ýokary estetiki duýgularynyň kemala getirilmeginde, jemgyýetimiziň sagdyn durmuşynyň üpjün edilmeginde ähmiýeti örän ýokarydyr. Paýtagtymyza gözellik berýän, özboluşly binagärlige eýe bolan ýerasty geçelgeler, aýlawly köprüler, giň hem owadan ýollaryň ugrundaky belent çyralar ak şäherimiziň täsin görküni baýlaşdyrýar. Ýol ugurlarynda oturdylan mahabat şitlerine bezeg berip duran, türkmeniň bitewüligini, agzybirligini, milli özboluşlylygyny alamatlandyrýan haly göllerine, milli buýsanjymyza öwrülen ahalteke bedewleriniň şekillerine gözüň düşende kalbyňda ajaýyp duýgular peýda bolýar.

«Ertekiler dünýäsiniň» gujagynda

Gündizleri aýdyň, gijeleri nurana Aziýanyň merjeni Aşgabat bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da ösdürilýär. Ýurdumyza gelýän jahankeşdeleriň hem ünsüni özüne çekýän ajaýyp paýtagtymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda «Ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri» diýlip yglan edilen gözel paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berilýän binalar, şaýollar, dynç alyş zolaklary döwrüň talabyna laýyk gelýän iň täze, kämil enjamlar bilen üpjün edilýär.

Berkararlyk mukamy

Gözel paýtagtymyz häzirki wagtda özüniň beýik ösüşleri bilen köpleri haýran galdyrýar. Paýtagtymyzyň günorta künjeginde Köpetdagyň eteginde türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň belent başly heýkeliniň oturdylmagy mähriban Watanymyzda beýik söz ussadyna goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Paýtagtymyzyň ilaty we köpsanly myhmanlar «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gelip, bu ýerleriň ajaýyplygynyň, dag etekleriniň ýakymly howa gurşawyna eýediginiň şaýady bolýarlar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz goýan, halkymyzyň kalbynda hemişelik ýaşaýan şahsyýetleriň mertebesi belent tutulýar. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsiniň, berkarar döwlet baradaky arzuwlarynyň aýdyň dabaralanmasydyr. Ýurdumyzda möhüm ähmiýeti bolan desgalar toplumynyň gurluşygyna, olaryň taslamalarynyň taýýarlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Beýik şahyryň medeni-seýilgäh toplumynyň binagärlik çözgüdi çeper döredijiligiň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýär. Bu bolsa dag eteginde ertekilere çalymdaş özboluşly döredijilik dünýäsiniň emele gelmegini şertlendirdi. Munuň üçin bolsa halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan hoşallygynyň çägi ýok.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdede hamallara özbaşdak hereketlerden saklanyp, işdeş ýoldaşlary, şärikdeşleri bilen ylalaşykly hereket etmek maslahat berilýär. Aýratyn hem, toparlaýyn meýilnamalarda, maddy meselelerde ätiýaçly bolsaňyz, kyn we dartgynly ýagdaýlaryň öňüni alyp bilersiňiz.

Nesil hakda alada

Golaýda Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim bölüminiň guramagynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň çäginde ýerleşýän mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gatnaşmaklarynda 142-nji çagalar bakja-bagynda «Tomus-sagaldyş möwsüminde taplama çärelerini bildirilýän talaplara laýyklykda guramagyň ähmiýeti» atly dabara geçirildi. Dabarada çykyş edenler ýaş nesiller üçin döredilýän köpugurly şertler babatda gürrüň etdiler. Tomus-sagaldyş möwsüminde meýilnamalaşdyrylan çäreleriň ähli ugurlary irki ýaşdan başlap, çaganyň bedeniniň berkemegine, hereket işjeňliginiň artmagyna, olaryň ruhubelent, şadyýan, şähdaçyk, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmeklerine, dünýägaraýşynyň giňelmegine gönükdirilendir.

Hormatly okyjylar!

Abuna — 2024 2024-nji ýylyň ikinji ýarym ýyllygy üçin «Aşgabat» gazetiniň elektron görnüşine, hiç ýere barmazdan, el telefonyňyz arkaly, «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasyndaky hem-de onuň «Türkmenmetbugat» mobil goşundysyndaky «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bukjasynyň üsti bilen ýazylyp bilersiňiz.

Mukaddes ýol-ýörelge

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplary geçmişden geljege barýan köpri mysaly şöhratly taryhymyz, şanly şu günümiz, beýik geljegimiz barada söhbet açýar. Aslynda, ata-babalarymyzyň aýdyp geçişi ýaly, «Kitap — geçmişi, geljegi öwredýän dana». Kitaplar dünýäniň islendik ýerinden we islendik döwründen habar berýär. «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» diýlişi ýaly, olar her bir okyjynyň gözýetiminiň giňelmegine, dünýägaraýşynyň ösmegine itergi berýän möhüm şert bolup durýar. Kitaby köp okaýan adamyň mydama sözi agramly, pikiri-de çuň bolýar. Olar ýokary adamkärçiligi, medeniýeti bilen il içinde tapawutlanýar. Görnükli türkmen ýazyjysy Berdi Kerbabaýew: «Kitap göwnüňde pos bolsa, bulgur ýaly durlar, şähdiňe ganat beslär, ýetmeziň, ýalňyşyň bar bolsa sypaýyçylyk bilen görkezer, gandyrar, ynandyrar, indi ýörejek ýoluňa sönmez şöhle saçar. Kitap duşmany tanamaga, bet pirimi aňlamaga, hüşgär bolmaga ýol salgy berýän, Watanyňy, halkyňy, wepaly ýaryňy, ata-eneňi, dogan-garyndaşyňy, edýän işiňi söýdürýän, ruhuňy göterýän bir ylhamdyr» diýip belleýär. Kitap hemmetaraplaýyn kämil şahsyýet bolup ýetişmekde iň ygtybarly ýardamçy, ýakyn dost we mährem mugallymdyr.

Adamzat paýhasynyň göwheri

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy uly buýsanç duýgularyna eýe boldy. Dabaraly ýagdaýda geçen çärä ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň serkerdeleri, çagyryş boýunça harby gullukçylar, harby talyplar hem-de harby okuwçylar gatnaşdylar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýeti — ykbalyň türkmen halkyna, tutuş ynsanyýete ýapan serpaýy. Çünki beýik söz ussadynyň her bir setiri — durmuş mekdebiniň gymmatly sapagy. Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanylýan ýyly hem halkymyza sowgat yzyna sowgat eçilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabynda: «Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür şahyrana eserleri türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy» diýip belleýşi ýaly, akyldaryň şygyrlary dünýä gymmatlygyna öwrüldi.

Halypa-şägirtlik däplerine eýerip

Golaýda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlarynyň tabynlygyndaky podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölümine TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 4-nji ýyl harby talyplary goşun werzişgärligine geldiler. Goşun werzişgärligine gelen harby talyplara halypa-şägirtlik däbimize eýerip, harby bölümiň serkerdesiniň orunbasary, maýor Röwşen Saparowyň ýolbaşçylygynda tejribeli serkerdelerden halypalar bellenildi. Harby talyplara goşun werzişgärliginiň dowamynda şahsy düzüm bilen geçirilýän söweşjeň we gumanitar sapaklaryna işjeň gatnaşmaklary, harby tehnikalarda abatlaýyş we bejergi işlerini geçirmekde özleriniň nazary bilimlerinden peýdalanyp, amaly mümkinçiliklerini berkitmekleri barada düşündirildi. Maslahatyň ahyrynda harby talyplara harby bölümiň ýolbaşçy düzümi tarapyndan goşun werzişgärliklerini üstünlikli geçirmekleri arzuw edildi. Begmyrat WELSAHATOW, maýor.

Wagyz-nesihat duşuşyklary

Ykballarymyzyň söýenji, Watanymyzyň daýanjy hasaplanýan ýaş nesillerimiz 2023-2024-nji okuw ýylyny uly üstünlikler bilen tamamladylar. Olar okuw ýylynyň dowamynda özleriniň bilim gorlaryny baýlaşdyrdylar. Özara, mekdebara, etrap we welaýat derejesindäki ders bäsleşiklerine gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle hem döwlet we halkara derejesindäki olimpiadalarda üstünlikli çykyş etdiler. Ynha, çagalaryň iň arzyly döwri bolan tomusky dynç alyş möwsümi hem gelip ýetdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu günümiziň guwanjy, ertirki günümiziň daýanjy we buýsanjy bolan ýaş nesiller dogrusyndaky aladalar döwlet syýasatymyzyň esasylarynyň biri bolup durýar.

Ezber ussalaryň zähmeti

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde bolşy ýaly, podpolkownik Hydyr Öwezowyň serkerdelik edýän serhet birikmesinde hem harby tehnikalary, awtoulaglary abatlamak işleri sazlaşykly ýola goýlan. Harby bölümiň bu ugurdan tejribeli hünärmeni, maýor Amangeldi Bekeşowyň ýolbaşçylygynda, çagyryş boýunça harby gullukçy esgerler Berdimyrat Mämmetgurbanow, Guwanç Annaýew, Resul Atamyradow dagynyň yhlasly zähmetleri ýerine-de düşýär. Halypa-şägirtlik ýoluna eýerip, kesp-kärlerine wepaly ýigitleriň bilelikdäki birleşen tagallalarynyň netijesinde, düýpli abatlanylan awtoulaglar we harby tehnikalar Watan goragynda zerur maksatlar üçin ulanylýar. Albert DÖWLETOW, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy.

Dünýä ýaýylýan gymmatly miras

Şu günler türkmen halkynyň Milli Lideriniň parasatly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taryhy tutumlary arkaly adamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen edebi gymmatlygy miras galdyran akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dünýäniň çar künjünde dürli derejeli dabaralara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň hatarynda mynasyp orun alýan bu çäreler Gündogaryň beýik söz ussadynyň ýedi yklyma dolan at-abraýynyň, şan-şöhratynyň güwäsidir. Çünki akyldar şahyrymyzyň tutuş döredijiligi ynsanperwerlik, dost-doganlyk, watançylyk, wepalylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, belent adamkärçilik ýaly umumadamzadyň ahlak belentligini açyp görkezýän kämil garaýyşlara ýugrulandyr. Beýik Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen «Magtymguly» atly saýlanan eserleriniň ýygyndysynda ýerleşdirilen goşgularyň her biri muňa anyk subutnamadyr. Ýeri gelende nygtasak, akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynyň üç dilde çap edilmegi söz ussadynyň jahanyň çar künjündäki dürli ýaşdaky okyjylary üçin sözüň doly manysynda ajaýyp sowgat boldy. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň gymmatly edebi mirasynyň dünýä halklarynyň ýakynlaşmagyna, dostlukly gatnaşyklarynyň has-da berkemegine ýardam berýändigi dogrusyndaky hakykaty ýene bir ýola tassyklaýar. Ajaýyp

Ýürekler buýsançdan doly

Serdar Myradow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap geňeşiniň başlygy: — Ýurdumyzyň her bir güni şatlyga beslenip, toýlar goşadan tutulýar. Bilşimiz ýaly, ata Watanymyz Türkmenistan bagtly çagalygyň, çaga arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwrüldi. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli etrabymyzda çagalaryň medeniýetli dynç almaklary üçin «Arkadagly nesiller» çagalar medeni dynç alyş merkeziniň ulanmaga berilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda döwletimizde ýaş nesil barada edilýän aladanyň subutnamasydyr. Çagalaryň dynç almagy üçin ähli şertler döredilen döwrebap merkez ösüp gelýän ýaş nesliň wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirmegine ýardam eder. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz dillerimiziň senasydyr.  

Hökman ýerine ýetirilmeli düzgünler

Ýörite niýetlenen goraýjylaryň peýdalanylmagy elektrik ulgamyndaky tok güýjüniň artmagyndan ýa-da gysga utgaşmadan döreýän ýangynlaryň öňüni almagyň esasy şertidir. Ulanylýan tok geçirijileriň daşky örtügi wagtyň geçmegi bilen guraýar. Şonuň üçin wagtal-wagtal olaryň garşylyga çydamlylygy barlanyp durulmalydyr. Elektrik arkaly gyzdyryjy enjamlar ulanylanda bolsa, olaryň aşagyna ýörite oda çydamly gatlaklar goýulmalydyr, enjamlar işledilip, gözegçiliksiz galdyrylmaly däldir. Otagdan çykylanda, ulanylýan elektrik enjamlarynyň öçürilendigine doly göz ýetirilmelidir.

Geçeni, geljegi öwredýän dana

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Kitap adama ruhy baýlyk eçilip, dünýägaraýşyny giňeldýär. Şonuň üçinem halkymyz kitaba uly hormat goýýar. «Kitap — geçeni, geljegi öwredýän dana» diýen paýhasyň  döremegi munuň subutnamasydyr.  Türkmenbaşy etrap merkezi kitaphanasynyň kitap gaznasynda gymmatly kitaplar saklanylýar we okyjylara ýetirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, türkmenler — medeniýetli, ylymly halk. Türkmen topragy özüniň ylym-bilim ojaklary, metjit-medreseleri, kitaphanalary bilen tapawutlanypdyr. Gadymy Köneürgenç, Merw, Nusaý, Dehistan, Amul ýaly şäherler barada gelip ýeten maglumatlarda bular dogrusynda aýdylýar. Irki döwürlerde medeniýetiň gülläp ösmeginde kitaphanalaryň orny örän uly bolupdyr. Bu hakykat dürli döwürlerde beýik ösüşleri, ruhy-medeni galkynyşlary amala aşyran dünýä halklarynyň taryhyndan hem, medeni ösüşlere mynasyp goşant goşan halkymyzyň taryhyndan hem aýdyň görünýär.

Kalpdan dörän keşp

Türkmen halkynyň göz guwanjy bolan haly sungatynyň meşhurlygy onuň diňe zenanyň on barmagynyň hünäridiginden başga-da, onda ynsan keşpleriniň dokalýandygy bilenem baglydyr diýip oýlanýaryn. Ykjam lybaslar adama gözel görk berýär. Şeýle ynsan keşbini hala çitmegem juda ünsli, üşükli bolmagy talap edýär. Işiň örän sünnäli ýerine ýetirilmegi adam keşbine «janly ýaly» diýdirýär. Muňa bolsa halyçynyň el hünärinden başga-da, ýürek mähri, kalp yhlasy-da siňýär. Hala dokalýan keşp meşhur adamlaryň keşpleri bolanda, ol aýratyn yhlaslylygy talap edýär. Ajaýyp reňkler, el hünäri bilen şol ynsanyň kalbyna ýol salmak, halyçynyň ezber, öz göwün beren sungatyna ussat bolmalydygyna ünsi çekýär. Şeýle bolansoň, keşpleri hala çitmek üçin şol keşbe diýseň belet bolmaly. Onuň kalp dünýäsini hünäriň bilen öňküdenem gözelleşdirmäge goşandyňy goşmaly.

Energetika pudagynyň ösüşli menzilleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny artdyrmak, milli ösüşli üstünliklerimizi dünýä ýaýmak, ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatyny artdyrmak üçin beýik işleri durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda türkmen jemgyýetini, bagtyýar, eşretli ýaşaýşy energetika pudagyndan üzňelikde göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebäbi, bu gün energiýa serişdeleri bilen herekete gelýän abzallar, enjamlar biziň gündelik durmuşymyz üçin zerurdyr. Şeýle nukdaýnazardan ugur alnyp, döwletimiziň energetika syýasaty beýik başlangyçlary nazarlap, rowaç menzilleriň ýoluna ymykly düşdi. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga we onuň ösüşini üpjün etmäge, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga nobatdaky möhüm ädim boldy. Şeýle öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasion işläp taýýarlamalaryň işjeň durmuşa ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň yzygiderli we hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmäge amatly şertleri döretdi. Garaşsyz Watanymyz gurýan, döredýän we iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýan döwlet hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän, gurluşygy alnyp barylýan desgalar milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle taslamalaryň amala aşyrylyşynda ekologik talaplaryň berjaý e