Hökman ýerine ýetirilmeli düzgünler

5 Iýun 2024
217

Ýörite niýetlenen goraýjylaryň peýdalanylmagy elektrik ulgamyndaky tok güýjüniň artmagyndan ýa-da gysga utgaşmadan döreýän ýangynlaryň öňüni almagyň esasy şertidir.

Ulanylýan tok geçirijileriň daşky örtügi wagtyň geçmegi bilen guraýar. Şonuň üçin wagtal-wagtal olaryň garşylyga çydamlylygy barlanyp durulmalydyr. Elektrik arkaly gyzdyryjy enjamlar ulanylanda bolsa, olaryň aşagyna ýörite oda çydamly gatlaklar goýulmalydyr, enjamlar işledilip, gözegçiliksiz galdyrylmaly däldir. Otagdan çykylanda, ulanylýan elektrik enjamlarynyň öçürilendigine doly göz ýetirilmelidir.

Kuwwat Meretgylyjow,
welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 302-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň döwlet ýangyn gözegçiligi bölümçesiniň gözegçisi, içerki gullugyň kapitany.