Energetika pudagynyň ösüşli menzilleri

5 Iýun 2024
259

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny artdyrmak, milli ösüşli üstünliklerimizi dünýä ýaýmak, ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatyny artdyrmak üçin beýik işleri durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda türkmen jemgyýetini, bagtyýar, eşretli ýaşaýşy energetika pudagyndan üzňelikde göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebäbi, bu gün energiýa serişdeleri bilen herekete gelýän abzallar, enjamlar biziň gündelik durmuşymyz üçin zerurdyr. Şeýle nukdaýnazardan ugur alnyp, döwletimiziň energetika syýasaty beýik başlangyçlary nazarlap, rowaç menzilleriň ýoluna ymykly düşdi. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga we onuň ösüşini üpjün etmäge, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga nobatdaky möhüm ädim boldy. Şeýle öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasion işläp taýýarlamalaryň işjeň durmuşa ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň yzygiderli we hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmäge amatly şertleri döretdi.

Garaşsyz Watanymyz gurýan, döredýän we iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýan döwlet hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän, gurluşygy alnyp barylýan desgalar milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle taslamalaryň amala aşyrylyşynda ekologik talaplaryň berjaý edilmegine, ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan iri senagat taslamalary abraýly halkara guramalarynyň ýokary hil derejesine, ekologik talaplara doly laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar.