Adamzat paýhasynyň göwheri

5 Iýun 2024
290

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy uly buýsanç duýgularyna eýe boldy. Dabaraly ýagdaýda geçen çärä ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň serkerdeleri, çagyryş boýunça harby gullukçylar, harby talyplar hem-de harby okuwçylar gatnaşdylar.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýeti — ykbalyň türkmen halkyna, tutuş ynsanyýete ýapan serpaýy. Çünki beýik söz ussadynyň her bir setiri — durmuş mekdebiniň gymmatly sapagy. Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanylýan ýyly hem halkymyza sowgat yzyna sowgat eçilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabynda: «Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür şahyrana eserleri türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy» diýip belleýşi ýaly, akyldaryň şygyrlary dünýä gymmatlygyna öwrüldi.

Batyr BAÝRAMDURDYÝEW,
uly leýtenant.