Kalpdan dörän keşp

5 Iýun 2024
286

Türkmen halkynyň göz guwanjy bolan haly sungatynyň meşhurlygy onuň diňe zenanyň on barmagynyň hünäridiginden başga-da, onda ynsan keşpleriniň dokalýandygy bilenem baglydyr diýip oýlanýaryn. Ykjam lybaslar adama gözel görk berýär. Şeýle ynsan keşbini hala çitmegem juda ünsli, üşükli bolmagy talap edýär. Işiň örän sünnäli ýerine ýetirilmegi adam keşbine «janly ýaly» diýdirýär. Muňa bolsa halyçynyň el hünärinden başga-da, ýürek mähri, kalp yhlasy-da siňýär.

Hala dokalýan keşp meşhur adamlaryň keşpleri bolanda, ol aýratyn yhlaslylygy talap edýär. Ajaýyp reňkler, el hünäri bilen şol ynsanyň kalbyna ýol salmak, halyçynyň ezber, öz göwün beren sungatyna ussat bolmalydygyna ünsi çekýär. Şeýle bolansoň, keşpleri hala çitmek üçin şol keşbe diýseň belet bolmaly. Onuň kalp dünýäsini hünäriň bilen öňküdenem gözelleşdirmäge goşandyňy goşmaly.

Ogulbaýram KULYÝEWA,
Aşgabat şäheri, pensioner.