"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Beýik ösüşleriň ýoly

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Watanyň beýikligi, mukaddesligi hakyky mazmunynda açylanda, öňde goýlan maksat durmuşa geçýär.  Häzirki döwürde dünýäde durmuşa höwesliligi, hyjuwlylygy artdyrmaga kömek edýän kitaplar köp okalýar. Şeýle kitaplaryň ýaşlara öz ukyplaryny açmaga ýardam edýän halatlary hem köp bolýar. Şol bilimleri hem watançylykdan aýratynlykda göz öňüne getirmek kyndyr. Esasy bilim, iň wajyp terbiýe watançylykdadyr. Beýik ösüşlere ýetmek üçin, ilki Watany söýmegi öwrenmeli» diýip parasatly nygtamak bilen, bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işlerini kämillige ýetirmegiň aýdyň ýoluny görkezýär. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap bilim terbiýeçilik edaralarynyň açylyp ulanmaga berilmegi Arkadagly eýýamymyzyň asylly däbine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2024 — 2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen şu ýylyň mart aýynda gol çeken taryhy Karary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamat-dowama beslenýändiginiň buýsançly dabaralanmasydyr. Munuň özi ýurdumyzda bilim syýasatyny  üstünlikli durmuşa geçirmek bilen birlikde ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek we olaryň innowasion tehnolog

Türkmenistan — Eýran: döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm sahypa

Mälim bolşy ýaly, 28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Halkymyzyň dostluk, goňşuçylyk, myhmansöýerlik, sahawatlylyk däpleri Garaşsyz Watanymyzyň ösüşleriniň mazmunyny baýlaşdyrdy» diýip ýazýar. Şonuň üçin döwlet syýasatymyzda bu däplere, tejribä berk eýerilýär. Netijede, Bitarap Türkmenistan parahatçylyk, goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirýän, taraplaryň bähbitlerini nazara alýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge, öz geosyýasy ýagdaýyny we ykdysady mümkinçiliklerini durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirmäge taýýar ýurt hökmünde dünýäde özüni ykrar etdirdi.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 26-njy aw­gust­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow «Dra­gon Oil» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Sa­ýed Al Ta­ýe­ri ka­bul et­di.

Döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistan — Eýran: döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar ugratdylar.

Halk Maslahaty — asylly ýörelgeleriň rowaçlanmasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz gün-günden ösýär, özgerýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her güni bizi jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçjek möhüm waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýakynlaşdyrýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi iňňän uly ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, bu möhüm waka häzirden düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ak şäherimiz Aşgabatdaky Maslahat köşgünde şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirmek bellenildi.

Türkmenistan — Eýran: döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar ugratdylar.

Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň kuwwatyny berkidýär

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistan — Eýran: döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar ugratdylar.

Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri bilen duşuşdy

28-nji awgustda günüň ikinji ýarymynda Tähranda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen duşuşdy. Aýatolla Ali Hameneýi Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda köp asyrdan bäri dowam edýän we häzirki döwürde okgunly ösdürilýän gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi. Şol gatnaşyklar bolsa, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar.

Türkmenistan — Eýran: döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim

Aşgabat — Tähran — Aşgabat, 28-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar ugratdylar.

Özara bähbitli hyzmatdaşlyk

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ikiçäk söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi. Garaşsyz Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri Milli Liderimiziň ady bilen berk baglanyşyklydyr.

Saglygyň gadyryny bilip

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatymyzda adamlaryň saglygy, olaryň bagtyýar durmuşy baradaky alada möhüm orun eýeleýär.* * *Meniň tutuş ömrümiň manysy, bu il-halkymdyr, adamlaryň parahat, agzybir durmuşydyr, olaryň jan saglygydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Oba hojalygy — halkyň berekedi

Garaşsyzlyk iň gymmatly baýlygymyzdyr. Bary-ýogy 33 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokarlandy. Taryh üçin şeýle gysga döwürde Gahryman Arkadagymyz asyrlara barabar işleri durmuşa geçirdi. Oba hojalyk pudagynda gazanylýan üstünlikler, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ýetilýän belent sepgitler, daşky gurşawy goramakda alnyp barylýan dünýä nusgalyk işler has-da guwandyryjydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şäherler bilen bäsleşýän birnäçe döwrebap obalar döredildi. Oba ýerlerinde ýaş nesillerimiziň kämil bilim-terbiýe almaklary üçin döwrebap çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň ençemesi gurlup ulanmaga berildi. Elbetde, şeýle uly işleriň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen sanlyja ýyllaryň içinde amala aşyrylandygyny aýratyn bellemek gerek.

Sanly ulgama geçmek — ykdysady ösüşiň möhüm şerti

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» baş ugry hem-de ösen ýurtlaryň derejesine çykmagyň, bilimlere, innowasiýalara daýanýan ykdysady ösüşiň durnukly depginini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Tehnologik taýdan ösen döwletleriň tejribesinden görnüşi ýaly, hut sanlylaşdyrmak işi olara batly depginler bilen öňe gitmäge hem-de dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Hökümetine, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ähli derejede halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda tabşyryklary berýär. Türkmenistanyň ösüşiniň geljegi daşarky şertler bilen, ýagny dünýä hojalyk gatnaşyklaryna mundan beýläk-de goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüşiň barşynda özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak, adamzat üçin umumy meseleleriň ylalaşylan çözgütlerini işläp taýýarlamak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyz orta möhletli geljekde ykdysadyýetiň ähli puda

Türkmenistan — Eýran: döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim

Aşgabat — Tähran — Aşgabat, 28-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiziň kabul etmegi

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ikiçäk söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi. Garaşsyz Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri Milli Liderimiziň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyz işewüri myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar köp ýyllaryň dowamynda özara düşünişmek, ynanyşmak, hormat goýmak esasynda yzygiderli ilerledilýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem BMG-niň, beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýar.

Halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň dabaralandyrylmagy

27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny dikeltmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherindäki ştab-kwartirasynda bolup, bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şu ýylyň dowamynda degişli düzümler boýunça alnyp barylýan işler hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda işlenip taýýarlanan maksatnamalar barada habar berildi.

Gahryman Arkadagymyz Eýranyň Beýik ruhy lideri bilen duşuşdy

Şu gün Tähranda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda EYR-nyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň şol wagtky Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, beýleki resmi wekilleriň pajygaly dikuçar heläkçiliginde aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi.

Ösüşi nazarlaýan ulgam

Her bir halkyň milli gymmatlyklary, onuň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin hem taryhy gymmatlyklar esasynda döwletiň ulgamlaýyn ösüşini görmek bolýar. Diýarymyza köp sanly dünýä jahankeşdeleriniň gelmegi-de, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň görnetin ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde Türkmenistanda syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, baý milli däp-dessurlarynyň özboluşlylygy syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlary bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyndaky halkara derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, dünýä syýahatçylyk bazarynda möhüm orny eýelemegini şertlendirýär. Syýahatçylyk ugurlarynyň gerimini we onuň görnüşlerini giňeltmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, hödürlenýän hyzmatlaryň hil derejesini ýokarlandyrmak, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, maglumat-mahabat işini güýçlendirmek arkaly içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşini gazanmak babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler günsaýyn öz netijesini görkezýär. Hususan-da, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga döwlet tarapyndan uly mukdarda serişdeleri goýbermäge mümkinçilik berýär. Sebäbi