Beýik ösüşleriň ýoly

29 Awgust 2024
74

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Watanyň beýikligi, mukaddesligi hakyky mazmunynda açylanda, öňde goýlan maksat durmuşa geçýär.  Häzirki döwürde dünýäde durmuşa höwesliligi, hyjuwlylygy artdyrmaga kömek edýän kitaplar köp okalýar. Şeýle kitaplaryň ýaşlara öz ukyplaryny açmaga ýardam edýän halatlary hem köp bolýar. Şol bilimleri hem watançylykdan aýratynlykda göz öňüne getirmek kyndyr. Esasy bilim, iň wajyp terbiýe watançylykdadyr. Beýik ösüşlere ýetmek üçin, ilki Watany söýmegi öwrenmeli» diýip parasatly nygtamak bilen, bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işlerini kämillige ýetirmegiň aýdyň ýoluny görkezýär. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap bilim terbiýeçilik edaralarynyň açylyp ulanmaga berilmegi Arkadagly eýýamymyzyň asylly däbine öwrüldi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2024 — 2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen şu ýylyň mart aýynda gol çeken taryhy Karary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamat-dowama beslenýändiginiň buýsançly dabaralanmasydyr. Munuň özi ýurdumyzda bilim syýasatyny  üstünlikli durmuşa geçirmek bilen birlikde ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek we olaryň innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döredýär.

Baýrammyrat ANNAÝEW,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň başlygy.