Oba hojalygy — halkyň berekedi

29 Awgust 2024
61

Garaşsyzlyk iň gymmatly baýlygymyzdyr. Bary-ýogy 33 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokarlandy. Taryh üçin şeýle gysga döwürde Gahryman Arkadagymyz asyrlara barabar işleri durmuşa geçirdi. Oba hojalyk pudagynda gazanylýan üstünlikler, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ýetilýän belent sepgitler, daşky gurşawy goramakda alnyp barylýan dünýä nusgalyk işler has-da guwandyryjydyr.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şäherler bilen bäsleşýän birnäçe döwrebap obalar döredildi. Oba ýerlerinde ýaş nesillerimiziň kämil bilim-terbiýe almaklary üçin döwrebap çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň ençemesi gurlup ulanmaga berildi. Elbetde, şeýle uly işleriň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen sanlyja ýyllaryň içinde amala aşyrylandygyny aýratyn bellemek gerek.

Bäşim ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.