Türkmenistan — Eýran: döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm sahypa

29 Awgust 2024
56

Mälim bolşy ýaly, 28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Halkymyzyň dostluk, goňşuçylyk, myhmansöýerlik, sahawatlylyk däpleri Garaşsyz Watanymyzyň ösüşleriniň mazmunyny baýlaşdyrdy» diýip ýazýar. Şonuň üçin döwlet syýasatymyzda bu däplere, tejribä berk eýerilýär. Netijede, Bitarap Türkmenistan parahatçylyk, goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirýän, taraplaryň bähbitlerini nazara alýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge, öz geosyýasy ýagdaýyny we ykdysady mümkinçiliklerini durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirmäge taýýar ýurt hökmünde dünýäde özüni ykrar etdirdi.

«Adalat».