Gahryman Arkadagymyz Eýranyň Beýik ruhy lideri bilen duşuşdy

28 Awgust 2024
72

Şu gün Tähranda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda EYR-nyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň şol wagtky Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, beýleki resmi wekilleriň pajygaly dikuçar heläkçiliginde aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi.

«Türkmenistan»
Tähran ş.