"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Söwda toplumynyň mümkinçilikleri baýramçylyk sergisinde beýanyny tapýar

Düýn paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän şanly ýylda giňden dabaralandyrylan Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan sergini Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Döwlet haryt çig-mal biržasy, Dokma senagaty ministrligi, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Söwda senagat edarasy bilelikde gurady. Oňa degişli ministrlikler, döwlet edaralary bilen birlikde, meşhur önüm öndürijiler, telekeçiler we iri kompaniýalar gatnaşyp, öz mümkinçiliklerini görkezýärler.

Yhlasy bilen tanalýar

Häzirki wagtda telekeçilik milli ykdysadyýetimiziň möhüm bölegine öwrüldi we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagynda möhüm orun eýeleýär. Bu ugurda türkmen telekeçilerine uly ynam bildirilýär. Iri, orta we kiçi kärhanalar uly depginde telekeçilik işlerini alyp barýarlar.  Aşgabadyň 140 ýyllygynyň dabaraly bellenilip geçilýän ýylynda ähli pudaklar bilen bir hatarda telekeçilikde hem belent sepgitlere ýetilýär.  Biz telekeçilik işine ömrüni bagyş eden tanymal telekeçi Kakamyrat Baýjanow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Kakamyrat aga, telekeçilik işine haçan girişdiňiz?

Ösüşleriň aýdyň görkezijisi

Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX köpugurly halkara sergi guraldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen indi her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu sergi paýtagtymyzyň täzeçe şähergurluşyk-binagärlik keşbine eýe bolan şäher düzümini kemala getirmek babatda gazanylan üstünlikleri hem-de ýurdumyzyň bu ugurdaky toplan tejribelerini we mümkinçiliklerini aýdyňlyk bilen açyp görkezdi. Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän sergä gatnaşan firmalaryň we kompaniýalaryň, hususy telekeçiligiň wekilleri öz öndürýän önümleriniň giň toplumyny görkezdiler. Paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn gazanýan ösüşleriniň görkezijisi bolan «Ak şäherim Aşgabat» atly XX köpugurly halkara sergisiniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň toýlanylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilmegi özünde çuňňur many-mazmuny jemleýär. Gözel paýtagtymyzyň bu ýubileý baýramçylygynyň dabarasyny goşalandyrýan sergi Aşgabadyň häzirki wagta çenli ýeten belent sepgitlerini aýdyňlyk bilen şöhlelendirýär. Serginiň her ýyl Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralmagy ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn artýan kuwwatynyň paýtagtymyzyň okgunly ösüşinde öz beýanyny tapýandygynyň nobatdaky subutnam

Sergä gatnaşyjylara söz berýäris

Säher Aşyrow,«Täç hil» hususy kärhanasynyň eksport menejeri: — Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde dünýäniň iň ösen şäherleri bilen bäsleşýän Aşgabadyň ajaýyplygyny bu günki gün görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Kärhanamyzda öndürilýän önümler bilen şanly seneler mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän sergidir ýarmarkalara yzygiderli gatnaşýarys. Ynha, bu gün hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XX köpugurly halkara sergä gatnaşýandygymyza örän şat. Sergide ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň alyp barýan işlerinden, türkmen telekeçileriniň ilata edýän hyzmatlaryndan habar berýän pawilýonlar ýerleşdirilipdir. Şeýle ajaýyp halkara sergileriň, ylmy-amaly maslahatlaryň paýtagtymyzda yzygiderli geçirilmeginiň özi hem, ýurdumyzyň, gözel Aşgabadyň beýik ösüşlerini doly äşgär edýär.

Telekeçiniň işi ileri

Telekeçi Döwletmuhammet Annadurdyýewiň ýolbaşçylyk edýän «Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzalarynyň biridir. Bu hojalyk jemgyýeti önümleriň 160-dan gowrak görnüşiniň önümçiligini ýola goýup, häzirki döwürde içerki bazarlary plastmas önümleri bilen üpjün etmekde guwandyryjy işleri alyp barýar. Ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge berilýän goldawlardyr ýeňilliklerden ýerlikli peýdalanýan kärhananyň önümleri bu gün paýtagtymyz Aşgabadyňdyr welaýatlarymyzyň söwda nokatlarynyň tekjelerine bezeg berip, alyjylaryň ýokary isleglerinden peýdalanýar. Hojalyk jemgyýetiniň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän önümçilik kärhanasy üç sehden we goşmaça otaglardan ybarat bolan binalary özünde birleşdirýär.

Işewüriň işi ileri

Ata Watanymyzyň gülläp ösmeginde telekeзilik ulgamynyň aýratyn orny bardyr Günsaýyn gülleýän, bedew bady bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetinde, durmuşymyzyň ähli ulgamlarynda görlüp-eşidilmedik üstünlikler gazanylýar. Bu üstünlikleriň, ilkinji nobatda, adamlaryň bolelinlikde, abadançylykda, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilmegi, munuň üçin giň möçberli tutumly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi bolsa, ýurdumyzyň her bir raýatyny buýsandyrýar, olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.

Dünýä bazarynda islegli

Öz işini Farap etrabynyň çäginde ýola goýan «Rysgally gap» hususy kärhanasynda her aýda 300 müňe çenli polietilen halta öndürilýär. Bu işde Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen kuwwatly enjamlaryň 6-syndan peýdalanylýar. Ýeri gelende aýtsak, bu hususy kärhananyň esaslandyrylanyna öňümizdäki tomusda iki ýyl bolýar. Häzirki önümçilige bolsa 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda girişildi. Tejribesi ýaňy bir ýyldan geçendigine garamazdan, eýýäm dünýä döwletleriniň ençemesinden bu hususy kärhananyň öndüren polietilen haltalaryna isleg ýokary.

Sahawatly topragyň berekedi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ähli taraplaýyn ösdürmek, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak we bu pudakda telekeçileriň ornuny pugtalandyrmak babatynda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda eziz Diýarymyzyň sebitlerinde telekeçiler tarapyndan döwrebap ýyladyşhana toplumlarynyň, daýhan hojalyklarynyň ençemesiniň döredilmegi bu ugurdaky işleriň barha rowaç alýandygynyň alamatydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, hususy pudagyň wekillerine berýän goldaw-hemaýatlary bilen bu gün ýyladyşhana şertlerinde dürli gök-bakja önümlerini, açyk meýdanda miweli baglary, ir-iýmişleri ýetişdirýän telekeçileriň sany örän köpdür. Diňe üstümizdäki ýylyň özünde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhanalaryň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Şanly ýylda işe girizilen täze ýyladyşhana toplumlarynyň hatarynda Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki «Daş demir» hojalyk jemgyýetiniň, Kaka etrabynyň G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki «Oguz ýol» hojalyk jemgyýetiniň ekologiýa taýdan arassa, ýokumly gök önümleriniň dürli görnüşlerini ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhanalaryny agzamak ýakymlydyr. Galyberse-de, agzalan etraplaryň çäginde telekeçiler tarapyndan miweli baglaryň müňlerçesini öz içine alýan bagçylyk zolaklarynyň döredilendigi, bu gün bolsa, şol baglaryň bol hasyla

«Tomsa» isleg ýokary

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge, içerki bazarlary çörekdir çörek önümleri, unaş we unaş önümleri bilen üpjün etmäge saldamly goşant goşýarlar. Telekeçi Osman Muhammetnyýazowyň bu ugurda alyp barýan işleri aýratyn guwandyryjydyr. Gürrüňi edilýän telekeçiniň «Tomus» haryt nyşanly çörek we çörek önümlerini öndürýän kärhanasy indi ýigrimi ýyldan bäri halka hyzmat edip gelýär. Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän bu kärhanada telekeçi ýyl geçdigiçe tejribe toplaýar we ýokary hilli çörek we çörek önümlerini öndürmegiň inçe syrlaryny ele alýar. Bu bolsa «Tomus» haryt nyşanly azyk önümleriniň içerki bazarlardaky ornunyň barha giňemegine, hyrydarynyň artmagyna şert döredýär.

Täze strategiýa — täze mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnamanyň çäklerinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dürli görnüşli täze senagat kärhanalaryny gurmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça düýpli işler alnyp barylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi ösdürmek işiniň dünýä ykdysadyýetiniň ösüş meýillerine laýyklykda alnyp barylýandygynyň görkezijileridir. Türkmenistanda telekeçilik ulgamynyň gerimini giňeltmek, telekeçilik işine döwlet goldawyny bermek, telekeçileriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmek, işewürligiň täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny uzakmöhletli karz serişdeleri bilen üpjün etmek çäreleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Döwletimiz telekeçiligi ösdürmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmek bilen, bu ulgamyň ýurduň jemi içerki önüminde tutýan paýyny yzygiderli artdyrmagy, şunuň bilen baglylykda hem ilatyň girdejisini ýokarlandyrmagy nazarda tutýar.

Belent tagallalaryň ajaýyp miweleri

Her iş güni tamamlanandan soň, paýtagtymyzyň giň we arassa köçeleri bilen pyýada ýöräp, owadan binalary synlap barýarkaň, çar tarapdaky mahabat ekranlaryna, hususan-da, Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän «Mahabat» binasynda şöhlelendirilýän mahabatlara gözüň düşýär. Bu binanyň çar tarapa bakyp duran ekranlarynda hödürlenilýän harytlaryň we hyzmatlaryň ählisiniň milli öndürijilere degişli bolmagy göwnüňe ganat baglaýar. Ine, bu mahabatlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatynyň nobatdaky miweleri şöhlelenýär. Hormatly Prezidentimiz ýurt başyna geçip, çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli ykdysady özgertmelere badalga bermezden ozal, dükanlarymyzda we söwda merkezlerimizde alyjylara hödürlenilýän milli önümleriň görnüşlerini barmak büküp sanap bolýardy. Häzir bolsa gündelik durmuşymyzda sarp edýän önümlerimiziň esasy bölegi ýerli öndürijiler tarapyndan öndürilýär. Hyzmatlar ulgamynda hem ýerli kärhanalar öňe saýlanmagy başardy.

Telekeçilik ösüş ýolunda

DÖWRÜŇ TALABYNDAN UGUR ALYNÝAR Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, diňe bir şäherlerimizde däl, eýsem, obalarda-da telekeçilik kärhanalarynyň köp sanlysy hereket etmek bilen, dürli pudaklarda amala aşyrylýan giň möçberli işlere mynasyp goşant goşýarlar. Olaryň hatarynda Görogly etrabynyň Yzmykşir geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ynsan kalby» hususy kärhanasy hem bar. Biz bu kärhananyň ýolbaşçysy Agamyrat Söýünow bilen alnyp barylýan işler hakynda gürrüňdeş bolduk.

Köýtendagyň bal tagamly bakjasy

Etrap merkeziniň içinden geçip, sag egniňe öwrüleniňde, aýna ýaly tekiz ýol Garnas geňeşliginiň üstünden eltýär. Edil birki ýyllykda-da bu ýerler giden boşluk meýdandy. Häzir welin, ol ýerde Amyderýanyň ýakasyny jähekläp oturan döwrebap ýyladyşhana toplumy peýda bolupdyr. Has anyk aýtsak, ol ýerde häzir her biri 3,5 sotuk meýdanda ýerleşýän ýyladyşhanalaryň 38-si bar. Olaryň 27-sinde ekin ekilip, doly güýjünde hasyl ýygnalýar. Galan 11-si-de ekin ekmäge taýýar edilip ýör. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Baýpolat Ergeşowyň hususy eýeçilikde gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek maksady bilen ýyladyşhana toplumyny gurmak üçin bu ýerleri saýlap almagynyň öz sebäbi bar. Kakasy Ergeş Ýakubow uzak ýyllar «Dostluk» daýhan birleşiginde agronom bolup işlänsoň, onuň daýhançylykdan tejribesi ýetikdi. Şonuň üçin ol ýyladyşhana şertlerinde gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi maksat edinende, mes topragy göz öňünde tutupdy. Derýa ýakasynyň topragy ýumşak bolansoň, oňa sähel ideg etseň, bol hasyl alyp bolýar. Özi ýaly işjanly daýhanlaryň onusyny ýanyna alyp, işe başlan Baýpoladyň yhlasy ýerine düşdi. Olaryň mes topraga synag esasynda eken pomidorlary, hyýarlary we bulgar burçy ilkinji möwsümden bol hasyl berip başlady. Ikinji ýylda alnan hasyl öňküden biraz köp boldy. Soňra hasyllylyk ýyl-ýyldan artyp, gazanylýan ýokary netijeler en

Zergäriň ylham çeşmesi

Milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň, alabaý itleriniň we beýleki gymmatlyklarymyzyň gözelligi sungat adamlarynyň ylham çeşmesi bolup, olar hakynda döredilýän eserler biri-birinden ajaýyplygy bilen tapawutlanýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi zergär Röwşen Rejepowyň sünnäli işleri hem baý many-mazmuna ýugrulandyr. Ýaşlykdan sungatyň yşkyna düşen Röwşen orta mekdepde okan döwründe-de hemişe gözellikleriň gözlegindedi. Aýratyn-da, owadan metaldyr daşlara «dil bitirip», ýüregindäkini beýan etmek arzuwy bardy. Ýaş zehin geljekki eserlerini ilki-ilkiler hyýalynda döredip, soňra çyzgylara geçirdi, dizaýnerçilige girişdi, zergärçilikde tejribe toplap başlady.

Il saçagynyň berekedi

Hormatly Prezidentimiziň tarp ýerleri özleşdirmek, döwrebap tilsimatlar arkaly oba hojalygynyň düzümini kämilleşdirmek, ilaty ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek, olaryň bäsdeşlige ukyply görnüşlerini köpeltmek hem-de oba ýerlerinde täze iş orunlaryny döretmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, işleri üstünlikli alyp barýan önümçilik kärhanalarynyň hatarynda Görogly etrabynyň «Berkarar» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Hangala» hususy kärhanasyna degişli ýyladyşhanany görkezmek bolar. Pomidoryň önümçiligi ýola goýlan bu ýyladyşhana 2018-nji ýylda işe başlap, häzirki wagtda onuň işleri barha ilerleýär. Munuň şeýledigine bu ýerde ýetişýän hasylyň bolçulygyny göreniňde göz ýetirýärsiň. Ýyladyşhananyň 1,35 gektarynda pomidor ýetişdirilýär. Ýyladyşhananyň işi bilen tanyşlygyň barşynda hünärmen Geldimyrat Amanow önümçilik işiniň ýola goýluşy dogrusynda täsirli gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, ýyladyşhanada işler möwsümleýin geçirilip, ýanwar aýyndan iýun aýynyň başlaryna çenli hasyl alynýar. Sentýabr aýyna çenli arassaçylyk we täze hasyla taýýarlyk işleri geçirilýär. Sentýabryň ortalarynda şitiller oturdylýar. Önümçilikde pomidoryň «Bandito» görnüşi ýetişdirilýär. Oňa ilat arasynda, şeýle-de daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär. Pomidoryň bu görnüşi datlylygy, esasan hem, durumlylygy bilen tapawutlanyp, ondan ýylda gektardan 200 tonna çenli hasyl a

Täze tehnologiýalar — ýokary netijelere badalga

Türkmen telekeçileri ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri barha köp mukdarda öndürýärler. Ine, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Altyn bürgüt» hususy kärhanasyna degişli bolan ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän süýji tagamly pomidorlar daşarky bazarlara hem eksport edilýär. Bu bereketli toprakda telekeçiler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän eksport ugurly önümçilikler bilen gyzyklanyp, etrabyň Talhanbazar geňeşligine tarap ýola düşdük. Türkmenabat — Kerki awtomobil ýoly bilen ýöräp, sag egniňe öwrüleniňde, giň meýdany eýeleýän ýyladyşhanalar toplumlaryna gözüň düşýär. Olaryň arasynda “Altyn bürgüt” hususy kärhanasynyň ýyladyşhana toplumy hem bar. Bu ýyladyşhana alty bölekden ybarat bolup, 8,5 gektar meýdanda ýerleşýär. Biz baranymyzda — günortan uçurlary ýyladyşhananyň içinde sanalgy işçi bardy. Saklaýjylaryň kömegi bilen ýörite niýetlenen ýüpler arkaly ýokarylygyna galdyrylan pomidor nahallarynda gyzaryp duran hasyla gözümiz düşmänsoň, öz ýanymdan: “Biwagt geläýdik öýdýän, diňe maglumat alyp oňmaly bolaýjak ýaly” diýdim. Ýyladyşhana müdiri Mahmud Myradow meniň içki pikirimi okan ýaly:

Özüňden öneniň bary özüňki…

Şu ýylyň 25-nji martynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berdi. Ahal welaýatynyň Kaka hem-de Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň Sakarçäge etraplarynda gurlan täze, döwrebap ýyladyşhanalar umumylykda 35 gektara barabar meýdanda ýerleşip, olar bir ýylyň dowamynda gök önümleriň 8 müň 750 tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, merjen paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň bolsa 140 ýyllyk taryhy toýlary toýlanylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen açylan Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky täze ýyladyşhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Oguz ýol» hojalyk jemgyýetine degişli. Ol 8 gektar meýdanda ýerleşip, bir ýylyň dowamynda pomidor, hyýar, bulgar burçy ýaly gök-bakja önümleriniň 2 müň tonnasyny öndürmäge ukyply. Döwrebap ýyladyşhananyň işe girizilmegi bilen 90-a golaý täze iş orunlarynyň döredilendigini bellemeli. Umumylykda alnanda bolsa, ýurdumyz boýunça birbada 6 sany täze ýyladyşhananyň açylmagy bilen, jemi 400-e golaý täze iş orunlarynyň dörediljekdigini milli Liderimiz açylyş dabarasynda eden çykyşynda belledi. Şol iş orunlarynda işlejekleriň aglabasy ýaşlardan yb

Lybaslar içinde bir lybas gördüm

Gaýtalanmaýan gözelligi özünde jemleýän ol lybaslar türkmen gelin-gyzlarynyň älemgoşar öwüşginli ketenidir parça-ýüpeklerden tikilen, dürli keşdeler bilen bezelen milli köýnekleri, kürteleri, çabytlary, donlary, düýpli gyňaçlary, başatgyçlary, ýeňsizleri... Ol gözellikleri döredýänem gelin-gyzlaryň özleri. Ýurdumyzyň hususy pudagynda hereket edýän, «Mähirli zenan» ady bilen tanalýan hususy kärhananyň modalar öýünde-de şeýle gözellikleri döredýän zenanlaryň onlarçasy zähmet çekýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirilen türkmen telekeçileriniň önümleriniň sergisinde olaryň taýýarlan ajaýyp lybaslaryna aýratyn orun berildi. Hususy kärhananyň esaslandyryjysy Aýna DURDYLYÝEWA söhbetdeşligimizde bu barada giňişleýin gürrüň berdi. — Aýna, halkymyzda «El hünäri — il gezer» diýen ajaýyp bir pähim bar. Siziň taýýarlaýan milli lybaslaryňyz hem gyz-gelinleriň arasynda giňden ýaýrap, olara bolan isleg barha artýar. Müşderi çekmegiň syry nämededir?!

«GS1 Türkmenistan»: ygtybarly we abraýly hyzmatdaş

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda öndürilýän önümlere çyzykly şertli belgileriň goýulmagyny girizmek hakynda» Kararyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy ýurdumyzda GS1 ulgamynyň işini dolandyrmaga ygtyýarlandyrylan ýeke-täk gurama bolup, häzirki wagtda onuň agzalarynyň sany 1741-e ýetdi. Bu gurama Halkara GS1 guramasynyň talaplaryny üstünlikli ýerine ýetirip, gysga wagtyň içinde ygtybarly we abraýly hyzmatdaş hökmünde halkara derejede ykrar edildi. Ol 111 döwletiň GS1 milli guramalarynyň biragyzdan ses bermegi bilen, Halkara GS1 guramasynyň agzasy boldy hem-de «GS1 Türkmenistan» brendine ygtyýarlyk aldy. «GS1 Türkmenistan» guramasy GS1 ulgamynda innowasiýa taýdan öňdebaryjy milli agza hökmünde ykrar edilip, GS1 Ýewropa Sebitleýin bileleşiginiň Portugaliýada geçirilen Global forumynda Ýewropanyň milli guramalarynyň 47-siniň biragyzdan ses bermegi bilen, öňdebaryjy GS1 Ýewropa Sebitleýin bileleşigine berkidildi. Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň ýakynda bolup geçen umumy ýygnagynda bu hakda uly buýsanç bilen aýdyldy. Çykyş edenler häzirki wagtda öz önümlerini daşarky bazarlara çykarýan ýerli önüm öndürijileriň sanynyň barha artdyrylmagynda, ýurdumyzyň eksport ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagynda bu guramanyň mynasyp goşandyny bellediler. Ýygnakda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler we öňde

Ösüşiň möhüm pudagy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen we durmuş ugurly ykdysady syýasatynda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleriniň, möhüm azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak bu pudagyň möhüm wezipesi bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe azyk senagatyny we oba hojalyk toplumynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem döwlet goldawynyň netijeli gurallaryny ornaşdyrmak, şu ugurda işleýän kärendeçileri, daýhan hojalyklaryny, döwlet we hususy kärhanalary maliýe taýdan höweslendirmeklige uly maýa goýumlary gönükdirilendir. Döwrebap ýyladyşhanalaryň gurulmagy we az ýerden köp mukdarda gök önüm almakda täzeçe usullaryň yzygiderli durmuşa ornaşdyrylmagy has-da guwandyryjydyr. Gök önümler ilatyň sagdyn iýmitlenmeginde esasy orny eýeläp, zerur ýokumlaryň çeşmesi bolup durýar. Önüm öndürmegiň täzeçe usuly bolan ýyladyşhana önümçiliginiň giňden ýaýbaňlandyrylmagy içerki bazarda gök önümleriň bahalarynyň elýeterli bolmagyny, milli oba hojalyk pudagynyň eksport kuwwatynyň artmagyny, täze iş orunlaryň döredilmegini üpjün eder. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan täze ýyladyşhanalar ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenip, olarda 400-e golaý täze iş orny döredilendir. Olarda hä