Il saçagynyň berekedi

30 Aprel 2021
2052

Hormatly Prezidentimiziň tarp ýerleri özleşdirmek, döwrebap tilsimatlar arkaly oba hojalygynyň düzümini kämilleşdirmek, ilaty ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek, olaryň bäsdeşlige ukyply görnüşlerini köpeltmek hem-de oba ýerlerinde täze iş orunlaryny döretmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, işleri üstünlikli alyp barýan önümçilik kärhanalarynyň hatarynda Görogly etrabynyň «Berkarar» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Hangala» hususy kärhanasyna degişli ýyladyşhanany görkezmek bolar. Pomidoryň önümçiligi ýola goýlan bu ýyladyşhana 2018-nji ýylda işe başlap, häzirki wagtda onuň işleri barha ilerleýär. Munuň şeýledigine bu ýerde ýetişýän hasylyň bolçulygyny göreniňde göz ýetirýärsiň. Ýyladyşhananyň 1,35 gektarynda pomidor ýetişdirilýär.

Ýyladyşhananyň işi bilen tanyşlygyň barşynda hünärmen Geldimyrat Amanow önümçilik işiniň ýola goýluşy dogrusynda täsirli gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, ýyladyşhanada işler möwsümleýin geçirilip, ýanwar aýyndan iýun aýynyň başlaryna çenli hasyl alynýar. Sentýabr aýyna çenli arassaçylyk we täze hasyla taýýarlyk işleri geçirilýär. Sentýabryň ortalarynda şitiller oturdylýar. Önümçilikde pomidoryň «Bandito» görnüşi ýetişdirilýär. Oňa ilat arasynda, şeýle-de daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär. Pomidoryň bu görnüşi datlylygy, esasan hem, durumlylygy bilen tapawutlanyp, ondan ýylda gektardan 200 tonna çenli hasyl almaga mümkinçilik bar. Häzirki wagtda ýyladyşhananyň 1,5 gektarynda gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar, onuň bu bölegini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna doly taýýar etmek meýilleşdirilýär.

Şekerjan AHMEDOWA,
«Daşoguz habarlary».