Sahawatly topragyň berekedi

14 Maý 2021
2277

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ähli taraplaýyn ösdürmek, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak we bu pudakda telekeçileriň ornuny pugtalandyrmak babatynda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda eziz Diýarymyzyň sebitlerinde telekeçiler tarapyndan döwrebap ýyladyşhana toplumlarynyň, daýhan hojalyklarynyň ençemesiniň döredilmegi bu ugurdaky işleriň barha rowaç alýandygynyň alamatydyr.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, hususy pudagyň wekillerine berýän goldaw-hemaýatlary bilen bu gün ýyladyşhana şertlerinde dürli gök-bakja önümlerini, açyk meýdanda miweli baglary, ir-iýmişleri ýetişdirýän telekeçileriň sany örän köpdür. Diňe üstümizdäki ýylyň özünde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhanalaryň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Şanly ýylda işe girizilen täze ýyladyşhana toplumlarynyň hatarynda Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki «Daş demir» hojalyk jemgyýetiniň, Kaka etrabynyň G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki «Oguz ýol» hojalyk jemgyýetiniň ekologiýa taýdan arassa, ýokumly gök önümleriniň dürli görnüşlerini ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhanalaryny agzamak ýakymlydyr. Galyberse-de, agzalan etraplaryň çäginde telekeçiler tarapyndan miweli baglaryň müňlerçesini öz içine alýan bagçylyk zolaklarynyň döredilendigi, bu gün bolsa, şol baglaryň bol hasyla durandygy bellärliklidir.

Aýna PIRLIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.