Täze strategiýa — täze mümkinçilikler

5 Maý 2021
2337

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnamanyň çäklerinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dürli görnüşli täze senagat kärhanalaryny gurmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça düýpli işler alnyp barylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi ösdürmek işiniň dünýä ykdysadyýetiniň ösüş meýillerine laýyklykda alnyp barylýandygynyň görkezijileridir.

Türkmenistanda telekeçilik ulgamynyň gerimini giňeltmek, telekeçilik işine döwlet goldawyny bermek, telekeçileriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmek, işewürligiň täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny uzakmöhletli karz serişdeleri bilen üpjün etmek çäreleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Döwletimiz telekeçiligi ösdürmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmek bilen, bu ulgamyň ýurduň jemi içerki önüminde tutýan paýyny yzygiderli artdyrmagy, şunuň bilen baglylykda hem ilatyň girdejisini ýokarlandyrmagy nazarda tutýar.

Jahan SÖÝÜNOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň öwreniji mugallymy.