Lybaslar içinde bir lybas gördüm

25 Aprel 2021
4583

Gaýtalanmaýan gözelligi özünde jemleýän ol lybaslar türkmen gelin-gyzlarynyň älemgoşar öwüşginli ketenidir parça-ýüpeklerden tikilen, dürli keşdeler bilen bezelen milli köýnekleri, kürteleri, çabytlary, donlary, düýpli gyňaçlary, başatgyçlary, ýeňsizleri... Ol gözellikleri döredýänem gelin-gyzlaryň özleri. Ýurdumyzyň hususy pudagynda hereket edýän, «Mähirli zenan» ady bilen tanalýan hususy kärhananyň modalar öýünde-de şeýle gözellikleri döredýän zenanlaryň onlarçasy zähmet çekýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirilen türkmen telekeçileriniň önümleriniň sergisinde olaryň taýýarlan ajaýyp lybaslaryna aýratyn orun berildi. Hususy kärhananyň esaslandyryjysy Aýna DURDYLYÝEWA söhbetdeşligimizde bu barada giňişleýin gürrüň berdi.

— Aýna, halkymyzda «El hünäri — il gezer» diýen ajaýyp bir pähim bar. Siziň taýýarlaýan milli lybaslaryňyz hem gyz-gelinleriň arasynda giňden ýaýrap, olara bolan isleg barha artýar. Müşderi çekmegiň syry nämededir?!

Söhbetdeşligi ýazga geçiren: Keýik UMAROWA,
«Zenan kalby».