"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Haryt nyşanlary: alyjy we talap

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilik kärhanalary yzygiderli esaslandyrylýar. Döwrüň ösüşini hususyýetçiligi ösdürmekde görýän ýurt Baştutanymyzyň döwletli tutumlary bilen, bazar ykdysadyýetiniň geçiş döwründe netijeli ösüş gazanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň üçin ýokary derejeli hünärmenler, bazary öwrenijiler (marketologlar) zerurdyr. Olar bazary öwrenip, «Näme öndürmeli?», «Kim üçin öndürmeli?», «Nädip öndürmeli?» diýen sowallara jogap tapýarlar we degişli çözgüt çykarýarlar. Şeýdip, öz kärhanasynyň, degişlilikde, ýurduň ykdysady ösüşine önjeýli goşant goşýarlar. Haryt öndürijiler tarapyndan haryt nyşanlama işleri 2008-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda kabul edilen «Haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary we harytlaryň gelip çykan ýeriniň ady hakynda», 2019-njy ýylyň iýun aýynda kabul edilen «Haryt nyşanlary hakynda» we «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna esaslanyp ýerine ýetirilýär. Kanunçylyk namalaryndan gelip çykýan kadalaryň berk berjaý edilmegi harydyň daşky görnüşi bilen birlikde, adamyň şahsy gigiýenasyna hem öz täsirini ýetirip bilýär.

Hususyýetçilige giň ýol açan döwür

Döretmek — döwletliligiň, bolçulygyň, ösüşiň alamaty. Türkmenistan bu gün döredýän döwlete öwrüldi. Kabul edilýän milli maksatnamalaryň çäklerinde güneşli ülkämizde dürli maksatly desgalar yzygiderli gurulýar. Şol gurluşyklarda telekeçilerimiziňem mynasyp paýy bar. Olar ýurtda azyk bolçulygyny döretmäge hem saldamly goşant goşýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hususy ulgamy höweslendirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň telekeçilerini öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Telekeçilige aýratyn üns berilmegi ýurduň eksport mümkinçiligini we gaýtadan işleýän senagatyň ygtybarlylygyny artdyrýar. Ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi gönüden-göni kiçi we orta telekeçiligiň işjeňligine bagly bolýar. Şeýle bolansoň, döwletimiz hususyýetçilere guramaçylyk we maliýe goldawyny berýär. Bu bolsa diňe bir ýeňillikler we karz bermek görnüşinde bolman, eýsem, oňaýly ýagdaýy döretmek, bazar ulgamynyň zerur bolan düzüm bölegi hökmünde güýçli işewür jemgyýetçiligini kemala getirmek üçin hukuk we beýleki şertleri üpjün etmekde jemlenýär. Döwlet tarapyndan hususyýetçilere edilýän goldaw-hemaýat özüniň oňat netijesini berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda oba hojalyk azyk önümleriniň 90 göterimden gowragy, senagat harytlarynyň 60 göterimden gowragy hususyýetçiler tarapyn

Ätiýaçlandyryş işiniň aýratynlyklary

«7/24.tm», № 37 (68), 13.09.2021. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde ätiýaçlandyryş işi, telekeçilik işiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ätiýaçlandyryş işiniň esaslaryny kesgitleýär we ätiýaçlandyryş bazaryndaky gatnaşyklaryň ulgamyny düzgünleşdirýär.              

Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri: döwrebap şertler, öňdebaryjy usullar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyzlyk eýýamynyň «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri» diýlip atlandyrylan täze taryhy döwründe milli ykdysadyýetimiz uly ösüşlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, eksport ugurly harytlaryň önümçiligini giňeltmek babatda berýän tabşyryklary üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2020-nji ýylda Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesine eýe bolan Türkmenistan okgunly ösýän, özüniň ýokary hilli, islegli önümlerini daşarky bazarlara yzygiderli eksport edýän, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, dünýäniň söwda ulgamynda hem ygtybarly halkara hyzmatdaş hökmünde giňden tanalýan ýurda öwrüldi. Munuň özi Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň beren ajaýyp miweleriniň biridir. Maglumatlara salgylanyp aýtsak, häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 80-den gowrak döwleti bilen daşary söwda hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar. 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda eksportyň tutýan paýy 60, importyňky bolsa 40 göterime barabar boldy. Eksportyň möçberi 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,1 göterim artdy. Diýarymyzda öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmak maksady bilen, esasy hyzmatdaş ýurtlarda Türkmenistanyň söwda öýleri döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň söwda öýleri Russiýa Federasiýasynda, Belarus, Türkiýe, Gyrgyz Re

Bananlar düzüm-düzüm...

Bananyň biziň durmuşymyza aralaşanyna kän wagt geçenok. Has anygy, ol ilkinji gezek ak bazarlarymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde, dünýä ýurtlary bilen söwda gatnaşyklary ýola goýlandan soň peýda bolup başlady. Meger, onuň süýji tagamyny, ilki bolup, körpe nesil duýan bolsa gerek, çünki banan häzirki wagtda çagalaryň iň söýgüli nygmatyna öwrüldi. Indi şeýle nygmat öz ýurdumyzda ýetişdirilýär. Iki-üç ýyllykda gök bazarlarymyza bolluk bilen ýaýran düzüm-düzüm bananlary görüp, başda olaryň öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilendigine-de ynanyp bilmedik. Bu, yhlas etseň, bereketli türkmen topragynda dür öndürip bolýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Garaşsyz ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup banan ösdürip ýetişdirip, del tagamly bu nygmaty halkymyza hödürlän «Ferhar» hojalyk jemgyýeti Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýär. Telekeçiler etrabyň «Geňeş» daýhan birleşiginiň çäginden bölünip berlen 1,32 gektar meýdanda döwrebap ýyladyşhana gurup, subtropik ösümligiň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan görnüşini ösdürip ýetişdirmegi ýola goýdular. Döwrebap ýyladyşhana Türkiýäniň iri kompaniýalarynyň kämil enjamlary ornaşdyrylyp, bu işde daşary ýurtly hyzmatdaşlar türkmen telekeçilerine ýakyndan ýardam berdiler. Şeýle-de peýdalanylan köp sanly gollanmalar, internetden, daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen özara hyzmatdaşlyk arkaly öwrenilen tejribeler öz miwesini be

Ýokary hilli we ygtybarly önümler

«Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti şanly baýramy mynasyp sowgatlar bilen garşylaýar Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda hususy telekeçiligi goldamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişini ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işler oňyn netijelerini berýär. Bu gün milli öndürijilerimiziň öndürýän önümleri diňe bir içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem göz ýetirip bolýar. 2008-nji ýylda esaslandyrylan hojalyk jemgyýeti döwlet tarapyndan bölünip berlen ýer böleginden we karz serişdelerinden netijeli peýdalanyp, gysga döwrüň içinde Merkezi Aziýada iň iri senagat toplumlarynyň birini döretmegi başardy. Häzirki wagtda «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik toplumlarynyň 3-sinde işler ýokary depginde alnyp barylýar. Olaryň birinjisi Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän polipropilenden we polietilenden öý hojalygy üçin zerur önümleri öndürýän önümçilik kärhanasydyr. Ikinjisi hem ýene şol ýerde 2017-nji ýylda ulanyşa berlip, keramika we sanfaýans önümlerini öndürýän «Derýakeramika» kärhanasydyr. Üçünjisi-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyn

«Rysgal mebel » — rahatlygyňyzyň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda telekeçilige giň ýol açyldy. Eziz Diýarymyzda işewürlige we telekeçilige döredilen giň mümkinçilikleriň netijesinde, häzirki wagtda hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň sany günsaýyn artýar. Indi birnäçe ýyl bäri özüniň müşderilerine göwnejaý hyzmat edip gelän «Rysgal mebel» hojalyk jemgyýeti hem bagtyýar raýatlarymyzy dünýä belli mebel öndürijileriň ýokary hilli mebelleri bilen üpjün edip gelýär. Öz işini 2009-njy ýylda başlan «Rysgal mebel» häzirki güne çenli müňlerçe ildeşlerimiziň öýleriniň rahat we göze gelüwli görnüşde bolmagyna mynasyp goşant goşup, halkymyza ýokary hilli we rahat mebelleri hödürleýär. Bu hojalyk jemgyýetiniň müşderiler üçin hödürleýän ýene bir amatly aýratynlyklarynyň biri-de, önümlerini Türkmenistanyň islendik nokadyna eltip bermek hem-de gurnama hyzmat­laryny ýerine ýetirýänligidir. Şeýle-de bu mebelleriň ähli görnüşlerine bir ýyl kepilnama berilýändigini-de nygtamagymyz zerur. Häzirki wagtda «Rysgal mebel» hojalyk jemgyýetiniň ýurdumyzyň Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde, şeýle-de Türkmenbaşy, Magdanly, Kerki, Hazar şäherlerinde öz dükanlary bar. Bu bolsa ýurdumyzyň çägindäki ähli raýatlarymyzyň ýokary hilli mebelleriň elýeterligi bilen üpjün edilmeginde örän ähmiýetlidir. «Rysgal mebel» öz müşderilerine «Weltew home», «Orix», «Nell», «Vision», «

Döwrebap aýakgaplar öndürilýär

Bazar ykdysady şertlerinde öz işlerini döwrüň talaplaryna laýyk ýola goýýan we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Mary şäherindäki «Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümlerini öndürýän önümçilik kärhanasynyň önümleri hil taýdan özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu hususy kärhananyň agzybir işçileri kämil tehnologiýaly enjamlar arkaly dürli ölçegde öndürýän aýakgap önümlerini alyjylara yzygiderli hödürleýärler. Hususy kärhanada önümçilik bölümleriniň sekizisi bolup, olarda, esasan, ýaş hünärmenler zähmet çekýärler. Bu bölümler tutuşlygyna daşary ýurtlaryň aýakgap öndürýän kämil tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilip, olar arkaly ýokary hilli aýakgabyň alty ýüzden gowrak görnüşi öndürilýär. Hususyýetçileriň tagallasy bilen bu kärhanada aýakgabyň üstki bölegini dokamak, onuň petegini taýynlamak we boýamak, nagyşlamak, gaş bezegleri bilen timarlamak, aýakgaplaryň aşaky böleklerini guýmak ýaly işler utgaşykly alnyp barylýar. Kärhanada lazer şöhleli enjamyň kömegi bilen aýakgap önümlerini bezemek we nagyşlamak işleri hem sazlaşykly ýola goýulýar. Döwrebap öwüşginli aýakgaplary öndürmekde emeli deri, dürli reňkli ýüpler, polýuretan, poliwinilhlorid serişdeleri çig mal hökmünde ulanylýar. Şeýle hem öz ýurdumyzyň çägindäki dokma toplumlarynda öndürilýän jinsi matasy we nah ýüplükler hem öndürilýän aýakgaplaryň esasy çig maly bolup durýar. Kärhananyň

Önümçiligiň gerimi giňeýär

Ahal welaýatynyň çäginde hususy pudagyň wekilleriniň alyp barýan işleri barha artýar. Bu gün maşgala suprasyna bereket goşýan, datly önümleriň dürli görnüşini öndürýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Meret Meredowa degişli kärhananyň «Datmeni» haryt nyşanly önümleri il arasynda uly islege we meşhurlyga eýedir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toý ruhunyň belende göterilýän günlerinde gürrüňi edilýän kärhananyň iş depgini barha ýokarlanýar. Ak bugdaý etrabynyň çägindäki telekeçileriň Senagat zolagynda ýerleşýän önümçilik kärhanasynda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanşanymyzda, bu hakykata anyk göz ýetirdik. Kärhananyň hünärmeni Maral Kakajanowa bizi işleriň ýola goýluşy we önümçilik depgini barada ýerinde tanyşdyrdy. Onuň gürrüň bermegine görä, iki gektar meýdanda gurlup, 2017-nji ýylda işe girizilen önümçilik kärhanasynda ilkibaşda nahar duzunyň önümçiligi ýola goýulýar. Ýurdumyzda duzuň iri tebigy ýatagy bolan Balkan welaýatyndaky Guwly kölüň tebigy käninden getirilen duz kärhanada ýokary talaplara laýyklykda gaýtadan işlenilýär: kämil tehnologiýalar arkaly ýuwulýar, arassalanýar we guradylýar. Göze gelüwli owadan gaplara gaplanan, ýodlaşdyrylan iýmit duzy, şeýle-de ýodlaşdyrylmadyk senagat duzy gysga wagtda islegli önüme öwrülýär. Soňabaka kärhananyň önümçiliginiň gerimi has-da giňeýär. Ýöriteleşdirilen sehler

Telekeçiler — ýurdumyzyň daýanjy

Täze okuw ýyly golaýlansoň, bu günler söwda nokatlaryna, bazarlara ýygy-ýygydan barýarys. Çagalarymyza mekdep lybaslaryny, okuw esbaplaryny alyşdyrmaly. Söwda nokatlaryndaky, dükanlardaky tekjeleri dolduryp duran biri-birinden meşhur haryt nyşanly, dürli görnüşdäki önümleri göreniňde, göwnüň göterilýär. Begendirýän ýerem, ol harytlaryň öz ýurdumyzda öndürilendigidir. Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden ykdysadyýetimiziň ösüşine köp babatda bagly bolup durýan telekeçiligi ösdürmeklige uly üns berdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi bilen, türkmen telekeçileri üçin täze üstünlikli döwür başlandy. Telekeçilik ulgamynda alnyp barylýan işleriň ilerlemegi hem-de onuň hukuk binýadynyň berk bolmagyny şertlendirýän «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Häzirki wagtda kiçi we orta telekeçiligi goldamak baradaky düzülen döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär we özüniň oňyn netijesini hem berýär. Ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk böleginiň wekilleri bu günki gün ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini özleşdirip, önümçiligiň dürli görnüşlerini işläp taýýarlamakda baý tejribe topladylar. Gahryman Arkadagymyzyň goldawy bilen olar gurluşykda, oba hojalygynda, söwdada, azyk önümlerini öndürmekde, senetçilikde, halyçylykda, zergärçilikde... bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli ön

Şanly senä mynasyp zähmet üstünlikleri

Agzybirligiň hem jebisligiň, erkinligiň hem mizemez ynamyň kepili bolan milli Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her güni şanly wakalara, uly üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty ata Watanymyzyň rowaçlygyna, halkymyzyň abadançylygyna, bagtyýar raýatlarymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilýär.

Üstünligiň açary

Jemleme ýa-da üstünligiň 33 usuly hakynda kelam agyz «7/24.tm», №33 (64), 16.08.2021.

Telekeçiligi goldamagyň hukuk binýady

Telekeçilige we hususyýetçilige goldaw bermek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar zamanamyzyň ykdysady ösüşlerine mynasyp goşant goşýan telekeçiler döwlet tarapyndan döredilýän ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýokary hilli harytlary öndürmäge, azyk bolçulygyny döretmäge gönükdirilen netijeli işleri alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda telekeçilige berilýän döwlet goldawy ulgamlaýyn häsiýete eýe bolmak bilen, ol hukuk, guramaçylyk, emläk, maliýe, maglumat we beýleki görnüşlerde amala aşyrylýar. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň esasy maksatlarynyň biri-de, telekeçilik işini alyp barmak üçin amatly şertleri döretmekden we işiň bu görnüşi bilen meşgullanýan taraplaryň kanuny bähbitlerini gorap saklamakdan ybaratdyr. Şu maksatlardan ugur alnyp, Esasy Kanunymyzda telekeçilik we kanun bilen gadagan edilmedik gaýry ykdysady iş bilen meşgullanmak üçin her bir adamyň ukyplaryndan we emläginden erkin peýdalanmagy boýunça hukugy göz öňünde tutulandyr. Şeýlelikde, hususy ulgamyň fiziki we ýuridik taraplaryna zähmet işi bilen meşgullanmagy kanunçylyk taýdan kepillendirilýär.

Gül bolup açylan dünýä

Howla ýetýänçäk, günüň argynlygy ýüzümizden hem görnüp durdy. Oňa gadam goýan dessimize bolsa al-elwan reňkli, owadan güllere gözüm düşdi. Läle-reýhan bolup açylan güller gözelligini töwerege paýlap durdy. Göýä, olar tebugatyň ähli ajaýyplygyny özünde jemlän ýalydy. Öý eýesi bizi mähirli garşylap, ýyladyşhanalara tarap alyp gitdi. Hälki gören güllerimize edil «entek bu dagy näme?!» diýlen ýaly boldy. Ine, saňa durşuna gözellik. Bu ýeriň gözelligi öňküden-de owadan. Gülleri görüp, ýadawlygym edil el bilen aýrylan ýaly boldy. Uzyn ýyladyşhananyň içi durşuna owadan güller. Bu ýer edil mähir-muhabbeti, owadanlygy özüne jemlän gözelligiň ajaýyp nusgasy ýalydy.

Firmanyň ady we haryt nyşany barada

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has-da kämilleşmegi, täze döwrebap kanunlaryň kabul edilmegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Muňa «Firma atlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi aýdyň mysaldyr. Bu Kanun telekeçi ýuridik şahslaryna firma atlary berlende bildirilýän talaplary belleýär we olaryň hukuk goragy çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Kanunda esasy iki düşünjä — firmanyň adyna hem-de haryt nyşanyna orun berilýär.

Naz-nygmata baý ülkede

Ýadyma düşýär, okuwçy wagtymyz tomusky dynç alyş möwsüminde oba — enemlere gezelenje giderdik. Mellekdäki ülje, garaly, saraly, şetdaly, alma baglarynda miweler düzüm-düzümdi. Şol döwürler (geçen asyryň altmyşynjy ýyllary) enem dagy miweleri gaýnadyp, mürepbe, şerbet taýýarlamaýardy diýsemem, hakykata ýakyn bolar. Biz — çagalar baglaryň şahalaryndan ýolup iýenimizi iýerdik, iýmediklerimizi-de, ýere gaçanlaryny-da çöpläp, pagsa jaýyň üçeginde ak kagyzyň ýüzüne serip goýardyk. Arada “Miweli ülke” hususy kärhanasynyň köpugurly işleri bilen tanşanymda, ine, şol zatlar hakynda oýlandym. Häzirki wagtda baglaryň düzüm-düzüm hasyly bişip ýetişdigi, hyrydarlary häzirdir. Özem öýüňe gelip, köplenç, özleri ýygyp alyp gidýändirler. Nähili gowy! Bu hususy kärhananyň ýerleşýän ýeri bolan Mary welaýatynda miweli baglary we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýän daýhanlar şu babatda asla-da alada edýän däldirler. Olar we başga-da oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen özara şertnama esasynda işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýan hususy kärhana satyn alnan önümleri Mary şäherinde ýerleşýän sowadyjy ammarlar toplumynda uzak möhlet saklamak bilen, indi bäş ýyla golaý wagt bäri ilaty ýylyň ähli paslynda ter miweler we gök-bakja ekinleri bilen üpjün edip gelýär. Tomus paslynda, ýagny güneşli ülkämizde miweleriň, ir-iýmişleriň, gök-bakja ekinleriniň bol-bereketli döwründe bu hususy kärhanada iş

Milli önümleriň sergisi — ýurduň ýüzi

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisinde ýurdumyzyň halk hojalygynda gazanylýan üstünlikler öz miwesini berdi. Bu ýerde Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan sergä gatnaşmaga gelen işewürleriň öndüren önümleri bilen birlikde ýerli telekeçilerimiziň päk zähmetinden kemal tapan milli önümlerimiziň ýüzlerçe görnüşleri sergä çykaryldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň telekeçileriniň önümleri bilen deňeşdirilende, türkmen harytlarynyň hil derejesiniň hiç bir babatda hem pes däldigine göz ýetirip bolýar. Ýurdumyzda ençeme ýyllardan bäri adygyp gelýän «Aýbölek» mebel fabriginiň dünýä derejeli mebelleri, okuwçylar üçin niýetlenen partalary, çaga sallançaklary islegli harytlaryň sanawyny uzaldýar. «Derýaplastik», «Muhammet Balkan», «Ak bulut», «Aýdyň gijeler» ýaly hojalyk jemgyýetleriniň plastmassa gap-gaçlary, ýuwujy serişdeleri, çygly süpürgiçleri, dürli görnüşli ýagtylandyryjylary we tehnologiýa önümleri sergä gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Diýarymyzda öndürilýän azyk harytlary has-da baý görnüşe eýe bolupdyr. Bu babatda «Hasar» hojalyk jemgyýetiniň dürli görnüşli süýjüleridir kökeleri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Sergide halkymyzyň baý amaly-haşam sungaty, çeper el işleri hem öz beýanyny tapypdy

Üstünligiň açary. Otuz üçünji söhbet

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. «SOŇA GOÝMAK» BOLMAÝAR.  Bilşimiz ýaly, taým-menejment wagt baradaky ylym. Bu ylymda ulanylýan ähli usullar wajypdyr we meşhurlygyny ýitirmän saklaýandyr. Bu gezek gürrüňini etjek usulymyz barada aýdanyňda, ondan daşda durmak maslahat berilýär. Bu usul «Soňa goýmak» usulydyr. Bu usul «prokrastinasiýa» diýen iňlis sözi bolup, terjime edilende «ertire, soňa goýmak» manyny berýändir.

Üstünligiň açary. Otuz ikinji söhbet

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. «ABWGD» USULY. «ABWGD» usuly taým-menejmentde ulanylanda, gündelik işleriň wajyplygyny kesgitleýär. Bu usulyň esasy güýji ýönekeýligindedir. Ilkinji gezek «ABWGD» usulyna ýazyjy we şahsy öndürijiligi ýokarlandyrmak boýunça hünärmen Braýan Treýsiniň kitabynda agzalyp geçilýär. Şeýdip, bu usul hem meşhurlyga eýe bolup başlaýar.

Mekdep bazarlary size garaşýar!

Tomus paslynyň özüne mahsus lezzeti bar. Onda-da awgust aýynyň. Talyplardyr mekdep okuwçylary üçin-ä hasam lezzetli hem gyzgalaňly. Sebäbi her kim täze okuw ýyly üçin üýtgeşikden-üýtgeşik okuw esbaplaryny, lybaslaryny almak bilen başagaý. Mekdep bolsun, ýokary okuw mekdebi bolsun, bularyň ikisi-de adamy durmuş ýoluna atarýar. ekdebe ilkinji ädim ädýän çagalaryň okuw esbaplaryny alyp, hut şu ýerden mekdebe gitjek ýaly, öz joşgunyna sygman duruşlaryny görüb-ä, öz kalbyňda hem mekdebe gitmek höwesi oýanýar. Megerem, adam ömrüniň ýatdan çykmajak pursatlarynyň başlangyçlary şeýle ilkinji ädimlerden gözbaş alýan bolsun gerek. Şonuň üçin-de täze okuw ýylynyň hysyrdysy özüne ýetik. Muňa paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda gyzgalaňly dowam edýän mekdep bazarlarydyr göçme söwda nokatlarynyň deňesinden geçeniňde has magat göz ýetirýärsiň.