«Rysgal mebel » — rahatlygyňyzyň gözbaşy

30 Awgust 2021
2075

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda telekeçilige giň ýol açyldy. Eziz Diýarymyzda işewürlige we telekeçilige döredilen giň mümkinçilikleriň netijesinde, häzirki wagtda hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň sany günsaýyn artýar. Indi birnäçe ýyl bäri özüniň müşderilerine göwnejaý hyzmat edip gelän «Rysgal mebel» hojalyk jemgyýeti hem bagtyýar raýatlarymyzy dünýä belli mebel öndürijileriň ýokary hilli mebelleri bilen üpjün edip gelýär.

Öz işini 2009-njy ýylda başlan «Rysgal mebel» häzirki güne çenli müňlerçe ildeşlerimiziň öýleriniň rahat we göze gelüwli görnüşde bolmagyna mynasyp goşant goşup, halkymyza ýokary hilli we rahat mebelleri hödürleýär. Bu hojalyk jemgyýetiniň müşderiler üçin hödürleýän ýene bir amatly aýratynlyklarynyň biri-de, önümlerini Türkmenistanyň islendik nokadyna eltip bermek hem-de gurnama hyzmat­laryny ýerine ýetirýänligidir. Şeýle-de bu mebelleriň ähli görnüşlerine bir ýyl kepilnama berilýändigini-de nygtamagymyz zerur. Häzirki wagtda «Rysgal mebel» hojalyk jemgyýetiniň ýurdumyzyň Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde, şeýle-de Türkmenbaşy, Magdanly, Kerki, Hazar şäherlerinde öz dükanlary bar. Bu bolsa ýurdumyzyň çägindäki ähli raýatlarymyzyň ýokary hilli mebelleriň elýeterligi bilen üpjün edilmeginde örän ähmiýetlidir. «Rysgal mebel» öz müşderilerine «Weltew home», «Orix», «Nell», «Vision», «Albimo», «Seýran», «Roll», «Infavori» ýaly 10-dan gowrak dünýäniň iň öňdebaryjy mebel öndürijileriniň önümlerini elýeterli bahalardan hödürleýär. «Rysgal mebel» hojalyk jemgyýetiniň geljekdäki öňüne goýan wezipeleri daşary ýurtly mebel öndüriji kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, mebel sergilerine gatnaşmak, işewürlik maslahatlaryny geçirmek hem-de ýurdumyz boýunça dükanlarynyň sanyny artdyrmak bolup durýar. Bir söz bilen aýdanymyzda, «Rysgal mebel» hojalyk jemgyýetiniň esasy maksady, bagtyýar döwrümizde her bir raýatyň şatlygyny, her bir öýüň rahatlygyny gazanmakdan ybaratdyr.