Mekdep bazarlary size garaşýar!

8 Awgust 2021
1740

Tomus paslynyň özüne mahsus lezzeti bar. Onda-da awgust aýynyň. Talyplardyr mekdep okuwçylary üçin-ä hasam lezzetli hem gyzgalaňly. Sebäbi her kim täze okuw ýyly üçin üýtgeşikden-üýtgeşik okuw esbaplaryny, lybaslaryny almak bilen başagaý. Mekdep bolsun, ýokary okuw mekdebi bolsun, bularyň ikisi-de adamy durmuş ýoluna atarýar.

ekdebe ilkinji ädim ädýän çagalaryň okuw esbaplaryny alyp, hut şu ýerden mekdebe gitjek ýaly, öz joşgunyna sygman duruşlaryny görüb-ä, öz kalbyňda hem mekdebe gitmek höwesi oýanýar. Megerem, adam ömrüniň ýatdan çykmajak pursatlarynyň başlangyçlary şeýle ilkinji ädimlerden gözbaş alýan bolsun gerek. Şonuň üçin-de täze okuw ýylynyň hysyrdysy özüne ýetik. Muňa paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda gyzgalaňly dowam edýän mekdep bazarlarydyr göçme söwda nokatlarynyň deňesinden geçeniňde has magat göz ýetirýärsiň.

Hoşgeldi ORAZGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň 3-nji ýyl talyby.