Döwrebap aýakgaplar öndürilýär

26 Awgust 2021
1906

Bazar ykdysady şertlerinde öz işlerini döwrüň talaplaryna laýyk ýola goýýan we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Mary şäherindäki «Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümlerini öndürýän önümçilik kärhanasynyň önümleri hil taýdan özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu hususy kärhananyň agzybir işçileri kämil tehnologiýaly enjamlar arkaly dürli ölçegde öndürýän aýakgap önümlerini alyjylara yzygiderli hödürleýärler. Hususy kärhanada önümçilik bölümleriniň sekizisi bolup, olarda, esasan, ýaş hünärmenler zähmet çekýärler. Bu bölümler tutuşlygyna daşary ýurtlaryň aýakgap öndürýän kämil tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilip, olar arkaly ýokary hilli aýakgabyň alty ýüzden gowrak görnüşi öndürilýär. Hususyýetçileriň tagallasy bilen bu kärhanada aýakgabyň üstki bölegini dokamak, onuň petegini taýynlamak we boýamak, nagyşlamak, gaş bezegleri bilen timarlamak, aýakgaplaryň aşaky böleklerini guýmak ýaly işler utgaşykly alnyp barylýar. Kärhanada lazer şöhleli enjamyň kömegi bilen aýakgap önümlerini bezemek we nagyşlamak işleri hem sazlaşykly ýola goýulýar. Döwrebap öwüşginli aýakgaplary öndürmekde emeli deri, dürli reňkli ýüpler, polýuretan, poliwinilhlorid serişdeleri çig mal hökmünde ulanylýar. Şeýle hem öz ýurdumyzyň çägindäki dokma toplumlarynda öndürilýän jinsi matasy we nah ýüplükler hem öndürilýän aýakgaplaryň esasy çig maly bolup durýar. Kärhananyň işçileri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir iş gününi zähmet üstünliklerine besleýärler. Önjeýli işleýän bölümleriň biri-de tikinçilik bölümidir. Eli çeper gelin-gyzlaryň ençemesiniň zähmeti netijesinde bu ýerde mekdebe çenli çagalar, mekdep okuwçylary we ýetginjekler, gelin-gyzlar, erkek adamlar üçin niýetlenen aýakgaplaryň bezeg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem bu kärhanada ähli pasyllara niýetlenen aýakgaplar taýýarlanylýar. Irginsiz gözlegler netijesinde göze gelüwli, döwrebap sport aýakgaplaryny, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin ýörite aýakgaplary öndürmek işlerem göwnejaý ýola goýlupdyr. Häzirki wagtda «Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümlerini öndürýän bu hususy kärhanada her aýda dürli ölçegli aýakgaplaryň 900 müň jübüti öndürilýär. Bu aýakgaplar içerki bazarda uly isleg bildirilýän harytlardyr. Kärhananyň işçileri öndürýän ýokary hilli aýakgaplarynyň belli bir bölegini daşary ýurtlaryň birnäçesine eksport edýärler.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).