Gül bolup açylan dünýä

16 Awgust 2021
1670

Howla ýetýänçäk, günüň argynlygy ýüzümizden hem görnüp durdy. Oňa gadam goýan dessimize bolsa al-elwan reňkli, owadan güllere gözüm düşdi. Läle-reýhan bolup açylan güller gözelligini töwerege paýlap durdy. Göýä, olar tebugatyň ähli ajaýyplygyny özünde jemlän ýalydy.

Öý eýesi bizi mähirli garşylap, ýyladyşhanalara tarap alyp gitdi. Hälki gören güllerimize edil «entek bu dagy näme?!» diýlen ýaly boldy. Ine, saňa durşuna gözellik. Bu ýeriň gözelligi öňküden-de owadan. Gülleri görüp, ýadawlygym edil el bilen aýrylan ýaly boldy. Uzyn ýyladyşhananyň içi durşuna owadan güller. Bu ýer edil mähir-muhabbeti, owadanlygy özüne jemlän gözelligiň ajaýyp nusgasy ýalydy.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.