"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Dünýä çempionaty – sport baýramy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, kämil ylym-bilimli bolmagy üçin ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap okuw maksatnamalary boýunça okadylmagy, olary watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek ugrunda üstünlikli işler alnyp barylýar. Sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge bolsa aýratyn ähmiýet berilýär. Sebäbi sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanmak sagdyn bolmagyň esasy şertleriniň biridir. Sagdynlyk bolsa bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşydyr, döredijilikli zähmete ruhlandyrýar, maksada okgunly hereket etmäge, durmuşda öz ornuňy tapmaga ýardam edýär. Sportuň islendik görnüşi hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamyň kesellere garşy göreşijilik ukyby güýçli bolýar. Sport we bedenterbiýe dertleriň ençemesiniň öňüni almagyň esasy serişdesidir. Milli Liderimiziň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge, ýaş nesilleri çagalygyndan sporta çekmäge uly ähmiýet berýär hem-de bu babatda zerur bolan ähli döwrebap şertleri, mümkinçilikleri döredýär. Şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, geljekde türkmen sportunyň şöhratyny has-da artdyrjak ýaş türgenleri ýetişdirmek, olara ýokary derejede tälim bermek bolsa möhüm wezipedir.

«Arkadag» topary taryhy netije gazandy

Şu ýyl döredilen topar Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi boldy Paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionyna ýygnanan futbol janköýerleridir metbugat wekilleri duşuşygyň tamamlanaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Garaşmazça-da däldi. Çünki duşuşygyň emini Resul Mämmedowyň oýnuň gutarýandygy bilen bagly çaljak jürlewügi taryhy netijäni hasaba almalydy. Şol güneşli gün «Arkadag» topary «Altyn Asyr» toparyny utan ýagdaýynda gysga taryhynda ilkinji çempionlygyny gazanmalydy. Soňlugynda bu şeýle-de boldy... 23-nji tapgyryň çäginde «Arkadag» bilen «Altyn Asyryň» arasyndaky duşuşygyň birinji ýarymynyň soňky minutlary dowam edýärdi. Ýer eýeleri her näçe hüjüm etseler-de, hasap açylybermeýärdi. Ýogsa, oýun «Arkadag» toparynyň doly artykmaçlygynda dowam edýärdi. Ine-de, duşuşygyň birinji ýarymynyň soňky minutlary. Arslanmyrat Amanowyň sag gyradan eden hüjüminiň netijesinde jerime meýdançasyna geçirilen topa ilki ýetişen Welmyrat Ballakow ýer eýelerini öňe saýlaýar. Duşuşygyň ikinji ýarymy hem ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçýär. Onuň netijesinde duşuşygyň 58-nji minutynda Didar Durdyýew hasaby ikä ýetirýär. Şol pursatdan iki minut soň D. Durdyýew hasaby has-da artdyrýar. Taryhy wakanyň şaýady bolmak üçin stadiona ýygnanan janköýerleriň şowhuny has-da artýardy. 68-nji minutda goragçylaryň ýalňyşlygyndan peýdalanan W. Ballakow aratapawudy dörde ýetiren topy öz adyna ýazd

TFF-niň täzelikleri

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň birinjiliginiň 23-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Geçirilen duşuşyklarda «Ahal II» topary «Energetigiň» derwezesinden jogapsyz toplaryň bäşisini geçirdi. Üçünji orun ugrunda ýiti göreş alyp barýan «Köpetdag II» bilen «Aşgabat II» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk hem şu tapgyra gabat geldi. Bu duşuşykda netijeli oýnan «Köpetdagyň» ýaşlar düzümi 3:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygy «Şagadam II» bilen «Merw II» toparlarynyň arasynda geçirilip, 1:1 hasabynda tamamlandy.

At üstündäki oýunlaryň taryhyndan

Türkmen halkynyň at üstünde oýnalýan oýunlary iki ýarym müň ýyla golaý mundan ozal döräpdir. Biz muňa türkmen dessanlaryna, nusgawy edebiýatyna ser salsak hem aýdyň göz ýetirýäris. «At üstünde gylyçlaşmak», «At üstünde naýza zyňmak» ýaly oýunlar, adyndan belli bolşy ýaly, gadymy eýýamlaryň at üstündäki nökerleriniň ulanan söweş tilsimleriniň biziň günlerimize oýun görnüşinde gelip ýeten görnüşidir. «Wellem şaha», «It urşy» ýaly at üstünde oýnalýan oýunlaryň hem söweş tilsimleri bolandygyny biz «Görogly» şadessanyndan bilýäris. Bu oýunlarda söweş tälimi, söweş taktikasy duýulýar. Meselem, «Wellem şaha» oýny aty çar tarapa çapdyrmak, «söweş» meýdanynda eliňe taýak alyp, pyýada goşunyň üstüne atly çozmak görnüşinde oýnalýar. «It urşy» bolsa «gaçdym-kowdum» görnüşinde oýnalýar.

Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

Halkymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak boýunça işleri ýaýbaňlandyrmak, ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent bolmagy ugrundaky tagallalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň täze, döwrebap toplumynyň taslamasynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýanyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezini gurmaga degişli teklipleriň taýýarlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda ilkinji gezek Aşgabat şäherinde Estetiki merkezi we Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi açylyp, ulanylmaga berildi. Saglygy dikeltmek ugrunda halkara ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen bu merkezlerde raýatlarymyza ýokary hilli hyzmat edilýär. Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda, paýtagtymyzda açylyp, ulanylmaga beriljek 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi raýatlarda dürli kesellerden soň dikeldiş çärelerini geçirmäge mümkinçilik döreder. Halkara newrologiýa hem-de Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezlerine ýanaşyk guruljak 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň taslamasy hem iri saglygy goraýyş desgalarynyň üstüni ýetirýär.

Taryhda şu gün

Şol oýunda garşydaşyndan 8:0 hasabynda üstün çykan «Reala» ýeňiş getiren gollaryň dördüsini öz adyna ýazdyran portugaliýaly Kriştianu Ronaldu Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşigindäki gollarynyň sanyny 11-e ýetirip, bu ugurda rekord netijä eýe boldy. Ol bu ugurda 9 topdan geçiren braziliýaly Ronaldo (2013/14 futbol möwsümi) bilen Luis Adrianony (2014/15 futbol möwsümi) yzda galdyrdy.

Bular basketbol barada

Biziň eýýamymyzdan öňki VII asyrda basketbola meňzeş oýnuň bolandygy Günorta we Merkezi Amerikanyň gadymy şäherlerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde mälim boldy. Bu bolsa sportuň iň meşhur görnüşleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän basketbolyň gözbaşynyň örän ir zamanlardan alyp gaýdýandygyny görkezýär. ABŞ-daky Springfild kollejiniň bedenterbiýe mugallymy Jeýms Neýsmitiň häzirki döwrebap basketbolyň esaslandyryjysydygyny, belki, ozalam eşidensiňiz. Öz okadýan talyplarynyň şol bir gimnastiki hereketleri ýerine ýetirmekleriniň tarapdary bolmadyk bu mugallym 1891-nji ýylda birnäçe adam gatnaşmagyny talap edýän täze oýnuň düzgünlerini işläp düzýär. Ol ilkinji basketbol duşuşygyny öz zähmet çekýän kollejiniň sport meýdanynda guraýar. Bu gyzykly oýun gysga wagtyň içinde sporta sarpa goýýanlaryň uly söýgüsine eýe bolýar.

Bedenterbiýe we sport

Golaýda Türkmenbaşy şäheriniň bedenterbiýe we sport bölüminiň guramagynda ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça şäheriň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşa ýurdumyzyň paýtagtyndan we welaýatlaryndan 19 topar gatnaşdy. Çekeleşikli geçen ýaryşda Aşgabat şäheriniň topary 1-nji, Türkmenbaşy şäheriniň topary 2-nji, Lebap welaýatynyň topary 3-nji orunlara eýe boldular. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, zähmet çekmäge döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri

Sanly tehnologiýalar ýaşlaryň arasynda sportuň meşhurlygyny artdyrmak üçin ajaýyp serişde bolup hyzmat edýär. Olar türgenleşik işiniň täsirliligini, gyzyklylygyny artdyrýar we ýadawlygyň öňüni almaga kömek edýär. Dünýä tejribesinde şäherlerde ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna niýetlenen desgalar, sport meýdançalary, seýilgähler baradaky maglumatlary tapmak üçin ýörite ulgamlar döredilýär. Şeýle ulgamlar sagdyn durmuş ýörelgesiniň muşdaklaryna mobil telefonlarynyň ýa-da kompýuterleriň kömegi arkaly sport bilen meşgullanmak üçin niýetlenen ýerleri tapmaga hem-de türgenleşiklere ýazylmaga mümkinçilik berýär. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ulanylýan innowasion tehnologiýalaryň sany günsaýyn artýar. Şonuň üçinem, häzirki zaman sportuny sanly tehnologiýalardan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Olar diňe bir türgenleşikleriň ýa-da ýaryşlaryň aýry-aýry jähetlerini özgertmek bilen çäklenmän, eýsem, bäsleşikleriň guralyşynyň we geçirilişiniň mazmunyny hem üýtgedýär, olara gatnaşýan her bir türgeniň ýa-da tutuş toparlaryň netijeliligini we höwesini artdyrýar.

Ýaş pälwanlar ýaryşdylar

Etrabymyzdaky 3-nji sport mekdebinde dzýudo boýunça etrabyň birinjiligi geçirildi. Oňa pälwanlaryň 90-a golaýy gatnaşdy. 2008 — 2010-njy ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda türgenler agram derejeleriniň 10-sy boýunça bäsleşdiler. Tejribeli tälimçiler Rejep Penjiýewiň, Aýdogdy Allaýewiň, Begenç Şamyradowyň türgenleri ýokary netijelere eýe bolup, baýrakly orunlaryň aglabasyna mynasyp boldular. Ýeňijileri etrap birleşmämiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladyk.

Futbol ýaryşy geçirildi

Bölümimiz «Dana» bilim merkeziniň Türkmenabat şahamçasy bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli şäheriň orta mekdepleriniň toparlarynyň arasynda futbol ýaryşyny geçirdi. Ýaryşy guramaçylykly geçirmäge welaýat baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi ýakyndan ýardam berdiler. Welaýat merkezindäki orta mekdepleriň 9 ― 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen çekeleşikli ýaryşda 1-nji, 2-nji, 7-nji, 14-nji, 16-njy, 21-nji, 24-nji, 30-njy, 39-njy we 41-nji orta mekdepleriň okuwçylary beýleki toparlardan öňe saýlanyp, aýgytlaýjy tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýaryşyň final böleginde bolsa Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň topary ýeňiji boldy. Şeýle hem şäherdäki 7-nji orta mekdebiň okuwçylary ikinji, 16-njy orta mekdebiň okuwçylary bolsa üçünji orunlaryň eýeleri boldular. Ýeňijilere «Dana» bilim merkeziniň Türkmenabat şahamçasy tarapyndan medallar we ýörite sowgatlar hem-de «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Duşuşyk geçirildi

Sport sagdynlygyň gözbaşy Golaýda Mary etrabyndaky 2-nji çagalar bagynda TMÝG--niň etrap geňeşiniň guramagynda “Sport — sagdynlygyň gözbaşy” ady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmenleri, etrabyň çagalar baglaryndan terbiýeçiler gatnaşdylar.

«Mançester Siti» toparyna 4 duşuşykdan bäri ýeňiş gazanmak başardanok

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da soň­ky 7 gü­nüň do­wa­myn­da 2 tap­gy­ryň du­şu­şyk­lary ge­çi­ri­lip, çem­pi­on «Man­çes­ter Si­ti» 14-nji tap­gyr­da öz meý­dan­ça­syn­da «Tot­ten­ham» bi­len deň­me-deň oý­na­nyn­dan soň, myh­man­çy­lyk­da «As­ton Wil­la­dan» 1–0 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. «Man­çes­ter Si­ti» 2017-nji ýyl­dan soň yz­ly-yzy­na 4 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nyp bil­me­di. «Nýu­kasl­dan» 1–0 as­gyn ge­len «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» öz meý­dan­ça­syn­da Mak­To­mi­ne­ýiň gol­la­ry bi­len «Çel­si­ni» 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. 14-nji tap­gyr­da «Ful­ha­my» 4–3 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Li­wer­pul» myh­man­çy­lyk­da «Şef­fild Ýu­naý­ted­den» Wan Deýk hem-de So­bos­lai­niň gol­la­ry bi­len üs­tün çyk­dy (2–0). Sa­na­wyň li­de­ri «Ar­se­nal» il­ki «Wul­wer­hemp­to­ny» 2–1, soň­ra myh­man­çy­lyk­da «Lu­ton Taw­ny» Raý­syň 90+7-nji mi­nut­da­ky ýe­ňiş go­ly bi­len 4–3 ha­sa­byn­da ut­dy. Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «In­ter» soň­ky çem­pi­on «Na­po­li­ni» myh­man­çy­lyk­da 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. «In­ter» to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Çal­ha­nog­lu, Ba­rel­la hem-de Tu­ram ge­çir­di. 2-nji ýer­dä­ki «Ýu­wen­tus» myh­man­çy­lyk­da «Mon­za» bi­len du­şu­şyp, 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. «Mon­za» to­pa­ry 90+2-nji mi­nut­da ha­sa­by deň­le­se-de, tu­rin­li­ler 90+4-nji ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. «Mi­lan» to­pa­ry-da «Fro­zi­no­ne» to­pa­ry­ny Ýo­wiç, Pu

Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň 4 klu­by hem 1/8 fi­na­la çyk­dy

AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da Gün­ba­tar zo­la­gy­nyň to­par­ça­lar­da­ky du­şu­şyk­la­ry ta­mam­la­nyp, 1/8 fi­na­la çy­kan klub­lar bel­li bol­dy. «A» to­par­ça­da «Pah­ta­ko­ry» myh­man­çy­lyk­da 4-1 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Al Feý­ha» to­pa­ry 2-nji ýe­ri eýe­le­me­gi ba­şar­dy. Du­şu­şyk­da Sa­ka­la (2), Man­daş hem-de On­ýe­ku­ru arap klu­bu­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry ge­çir­di. «Ahal» bi­len to­par­ça­nyň li­de­ri «Al-Ain» to­pa­ry­nyň ara­syn­da­ky oýun­da myh­man­lar 2–1 (Ra­hi­mi 13 p, At­zi­li 32 p — Ta­ga­ýew 35) ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy.

Hepdäniň esasy duşuşyklary

8-nji dekabr (anna) Galatasaraý – Adana Demirspor (22:00)

EURO 2024-iň bijeleri çekildi

Gel­jek ýy­lyň tom­sun­da ge­çi­ril­jek fut­bol bo­ýun­ça 17-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň to­par­ça­la­ry­nyň bi­je­le­ri çe­kil­di. Ger­ma­ni­ýa­nyň Ham­burg şä­he­rin­de ge­çi­ri­len bi­je çe­ki­liş da­ba­ra­sy­na çem­pio­na­ta gat­naş­ýan ýy­gyn­dy­la­ryň tä­lim­çi­le­ri, şol san­da öň­ki-soň­ky ýyl­dyz fut­bol­çy­lar, UEFA-nyň de­giş­li ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. Gat­naş­ýan 24 ýy­gyn­dy 4 to­par­dan 6 to­par­ça paý­lan­dy. Her to­par­ça­da 1–2-nji or­ny eýe­län­ler hem-de 3-nji or­ny alan to­par­la­ryň iň go­wy ne­ti­je gör­ke­zen 4-si, je­mi 16 ýy­gyn­dy 1/8 fi­na­la çy­kar.

Il­kin­ji möw­süm­de il­kin­ji çem­pi­on­lyk

Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol çem­pio­na­tyn­da 2023-nji ýy­lyň çem­pio­ny bel­li bol­dy. 23-nji tap­gyr­da «Al­tyn asyr» to­pa­ryn­dan 4–0 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kan «Ar­ka­dag» to­pa­ry möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 4 tap­gyr ga­lan­da, çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­di. Du­şu­şyk­da «Ar­ka­dag» to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry 44-nji we 68-nji mi­nut­lar­da Wel­my­rat Bal­la­kow bi­len 58-nji we 60-njy mi­nut­lar­da Di­dar Dur­dy­ýew ge­çir­di. Şun­luk­da, şu möw­süm­den baş­lap, ýur­du­my­zyň çem­pio­na­tyn­da çy­kyş edip baş­lan «Ar­ka­dag» to­pa­ry il­kin­ji möw­sü­min­de çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy. To­par ge­çi­ren 20 du­şu­şy­gy­nyň äh­li­sin­de-de ýe­ňiş ga­za­nyp, 60 utuk top­la­dy. 5 oý­ny ga­lan 44 utuk­ly «Al­tyn asyr» to­pa­ry­nyň bi­rin­ji or­na bo­lan müm­kin­çi­li­gi gal­ma­dy.

«Arkadag» futbol topary çempion!

Şu ýylda döredilen «Arkadag» futbol topary ilkinji möwsüminde Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardy. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bilen adybir topar bu üstünligini çempionatyň häzirki möwsüminiň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda gazandy. Ýokary liganyň 23-nji tapgyrynda ýaryş tertibinde ikinji orunda barýan «Altyn asyr» toparyndan 4:0 hasabynda üstün çykan täze topar bu ýeňişden soňra, ilkinji çempionlygyny yglan etdi. Netijede, «Altyn asyr» ýaryşyň öňdebaryjysyndan 16 utuk yza galdy. 23 tapgyrda 19 duşuşyk geçiren «aragatnaşykçylar» öňde duran ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazanan ýagdaýynda-da 15 utuk toplap bilerler.

«Kuraş — 2023»: türkmen sportunyň ýeňişli menzili

Merjen paýtagtymyz Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary esasynda döwletimiziň sport babatdaky syýasatynyň, sport diplomatiýasynyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygynyň nobatdaky dabaralanmasy boldy. Iri sport baýramçylygynda türkmen türgenleriniň 5 altyn, 6 kümüş, 4 bürünç — jemi 15 medala mynasyp bolmaklary ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Sport

Agyr atletikaçylar bäsleşdiler Sportuň sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşydygyndan ugur alnyp, Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde yzygiderli alada edilýär. Şu alada bolsa, ýaşlary sporta çekmekde giň mümkinçilikleri açýar. Soňky ýyllarda türkmen türgenleriniň ýeňişli menzilleri Garaşsyz döwletimiziň sport abraýynyň täze belentliklere çykýandygyna şaýatlyk edýär.