Bedenterbiýe we sport

8 Dekabr 2023
347

Golaýda Türkmenbaşy şäheriniň bedenterbiýe we sport bölüminiň guramagynda ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça şäheriň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşa ýurdumyzyň paýtagtyndan we welaýatlaryndan 19 topar gatnaşdy. Çekeleşikli geçen ýaryşda Aşgabat şäheriniň topary 1-nji, Türkmenbaşy şäheriniň topary 2-nji, Lebap welaýatynyň topary 3-nji orunlara eýe boldular.

Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, zähmet çekmäge döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!