«Arkadag» topary taryhy netije gazandy

8 Dekabr 2023
313

Şu ýyl döredilen topar Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi boldy

Paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionyna ýygnanan futbol janköýerleridir metbugat wekilleri duşuşygyň tamamlanaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Garaşmazça-da däldi. Çünki duşuşygyň emini Resul Mämmedowyň oýnuň gutarýandygy bilen bagly çaljak jürlewügi taryhy netijäni hasaba almalydy. Şol güneşli gün «Arkadag» topary «Altyn Asyr» toparyny utan ýagdaýynda gysga taryhynda ilkinji çempionlygyny gazanmalydy. Soňlugynda bu şeýle-de boldy... 23-nji tapgyryň çäginde «Arkadag» bilen «Altyn Asyryň» arasyndaky duşuşygyň birinji ýarymynyň soňky minutlary dowam edýärdi. Ýer eýeleri her näçe hüjüm etseler-de, hasap açylybermeýärdi. Ýogsa, oýun «Arkadag» toparynyň doly artykmaçlygynda dowam edýärdi. Ine-de, duşuşygyň birinji ýarymynyň soňky minutlary. Arslanmyrat Amanowyň sag gyradan eden hüjüminiň netijesinde jerime meýdançasyna geçirilen topa ilki ýetişen Welmyrat Ballakow ýer eýelerini öňe saýlaýar. Duşuşygyň ikinji ýarymy hem ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçýär. Onuň netijesinde duşuşygyň 58-nji minutynda Didar Durdyýew hasaby ikä ýetirýär. Şol pursatdan iki minut soň D. Durdyýew hasaby has-da artdyrýar. Taryhy wakanyň şaýady bolmak üçin stadiona ýygnanan janköýerleriň şowhuny has-da artýardy. 68-nji minutda goragçylaryň ýalňyşlygyndan peýdalanan W. Ballakow aratapawudy dörde ýetiren topy öz adyna ýazdyrdy. Indi «Arkadag» toparynyň taryhy ýeňşini gazanjakdygyna hiç kim ikirjiňlenmeýärdi. Sebäbi, şeýle netijä gelmäge oýnuň hasaby-da, onuň gidişi-de ýeterlik derejede esas berýärdi. Şeýlelikde, şu ýylyň başyna döredilen Arkadag şäheriniň adybir topary futbol möwsümini taryhy netije bilen tamamlady. Gazanan bu ýeňşi «Arkadag» toparyna geljek möwsüm halkara arenasynda çykyş etmäge mümkinçilik berdi.