At üstündäki oýunlaryň taryhyndan

8 Dekabr 2023
434

Türkmen halkynyň at üstünde oýnalýan oýunlary iki ýarym müň ýyla golaý mundan ozal döräpdir. Biz muňa türkmen dessanlaryna, nusgawy edebiýatyna ser salsak hem aýdyň göz ýetirýäris. «At üstünde gylyçlaşmak», «At üstünde naýza zyňmak» ýaly oýunlar, adyndan belli bolşy ýaly, gadymy eýýamlaryň at üstündäki nökerleriniň ulanan söweş tilsimleriniň biziň günlerimize oýun görnüşinde gelip ýeten görnüşidir.

«Wellem şaha», «It urşy» ýaly at üstünde oýnalýan oýunlaryň hem söweş tilsimleri bolandygyny biz «Görogly» şadessanyndan bilýäris. Bu oýunlarda söweş tälimi, söweş taktikasy duýulýar. Meselem, «Wellem şaha» oýny aty çar tarapa çapdyrmak, «söweş» meýdanynda eliňe taýak alyp, pyýada goşunyň üstüne atly çozmak görnüşinde oýnalýar. «It urşy» bolsa «gaçdym-kowdum» görnüşinde oýnalýar.

Altyn HOJAMOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap pensiýa gaznasy bölüminiň işgäri.