Futbol ýaryşy geçirildi

8 Dekabr 2023
397

Bölümimiz «Dana» bilim merkeziniň Türkmenabat şahamçasy bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli şäheriň orta mekdepleriniň toparlarynyň arasynda futbol ýaryşyny geçirdi. Ýaryşy guramaçylykly geçirmäge welaýat baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi ýakyndan ýardam berdiler.

Welaýat merkezindäki orta mekdepleriň 9 ― 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen çekeleşikli ýaryşda 1-nji, 2-nji, 7-nji, 14-nji, 16-njy, 21-nji, 24-nji, 30-njy, 39-njy we 41-nji orta mekdepleriň okuwçylary beýleki toparlardan öňe saýlanyp, aýgytlaýjy tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýaryşyň final böleginde bolsa Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň topary ýeňiji boldy. Şeýle hem şäherdäki 7-nji orta mekdebiň okuwçylary ikinji, 16-njy orta mekdebiň okuwçylary bolsa üçünji orunlaryň eýeleri boldular. Ýeňijilere «Dana» bilim merkeziniň Türkmenabat şahamçasy tarapyndan medallar we ýörite sowgatlar hem-de «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Mähriban ROZYÝEWA,
«Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hünärmeni.