Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Şähergurluşyk maksatnamasy: ýokary hiliň we amatlylygyň sazlaşygy

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň günorta künjeginde Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda taslamalar, täze binalaryň, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika toplumyna, Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi hem-de energetika ministrleri, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.

Watanymyzyň galla harmany berekede beslenýär

14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Aşgabat — okgunly ösýän şäher

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň başyny başlamak bilen, olary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny berk gözegçilikde saklaýar. Munuň özi binalaryň bezeg işlerinden başlap, olaryň tehniki üpjünçiligine, desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyna we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine çenli ähli tapgyrlary öz içine alýar. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz boýunça amala aşyrýan her bir iş saparynda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň barşy bilen jikme-jik tanyşýar. Milli Liderimiz alnyp barylýan işleriň ähli ugurlary, onuň her bir tapgyry bilen gyzyklanýar. Ýurdumyzyň taslamalary işläp düzüjileri, binagärleri, gurluşykçylary hormatly Prezidentimiziň desgalaryň ähmiýeti, olaryň ygtybarlylygy, howpsuzlygy hem-de bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly görkezmelerini, tekliplerini baş ýörelge edinýärler.

Yhlasly zähmetiň miwesi

Türkmenistan — ak bugdaýyň Watany. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden toýlanylýan ýylynda, edermen gallaçylaryň yhlasly zähmetleri netijesinde ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Şol maksat bilen 14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. «Watanymyzyň bagtyýarlygy biziň manyly ýaşaýşymyzdyr. Bu gadymy Diýarda Watan mertebesiniň belentliginiň hatyrasyna, ähli yhlasyny, gaýratyny bagyş eden merdanalaryň göreldesi nusga bolup ýaşaýar. Häzirki ösüşli döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýäde öz mynasyp ornuny eýelemegi üçin, öňümizde goýýan belent maksatlarymyz hem şunuň aýdyň subutnamasydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda aýratyn nygtaýar. Şondan ugur alnyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Döwletimiz oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin zerur şertleri döredýär. Daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary we suwaryş suwy bilen doly üpjün edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş. Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda taslamalar, täze binalaryň, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika toplumyna, Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi hem-de energetika ministrleri, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk işleriniň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E. Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Gahrymanlar unudylmaýar

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli hormatly  Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ata Watanymyzy gorap, edermenlik görkezen gahrymanlarymyzyň hatyrasy belentde sarpalanýar. Gerçek ýigitlerimiziň görkezen edermenligi, tylda gije-gündiz arman-ýadaman zähmet çeken ildeşlerimiziň merdanalygy, gaýratlylygy şöhratly taryhyň gatlarynda ebedilik saklanýar. Watan mukaddesligini belende götermek, ak ýürekden yhlasly we halal zähmet çekmek her bir ynsan üçin uly mertebedir, egsilmez bagtdyr. Ata Watan üçin nesilleriň hatyrasyna edilen her bir gahrymançylykly hereket taryhda ömürlere nusgalyk ýörelgedir.

Baş maksat — halkyň saglygyny goramak

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň raýatlarynyň maddy hal-ýagdaýyny, medeni-durmuş şertlerini gowulandyrmak, bilim derejesini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Milli Liderimiziň «Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr» diýen baş ýörelgesine eýerilip, halkyň saglygyny goramaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň we ony ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin iş meýilnamasynyň kabul edilmegi munuň ýene-de bir subutnamasy boldy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak üçin ähli mümkinçilikler we şertler göz öňünde tutulýan kämil hem-de ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek esasy wezipe hökmünde öňde goýulýar. Ýakynda bolsa, hormatly Prezidentimiz ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak we adamlaryň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýene-de bir Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Mi

Kardiologiýa ulgamynda ýetilen sepgitler

Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýürek-damar kesellerini bejermekde we öňüni almakda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanany döwrebaplaşdyrmak we bu hassahanada ýurdumyzyň ilatyna ýöriteleşdirilen bejeriş-öňüni alyş kömeginiň dünýä derejesinde berilmegini üpjün etmek maksady bilen, hassahananyň täze binasy 2014-nji ýylda ulanylmaga berildi. Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň binalar toplumy 350 orundan ybarat bolup, bu ýerde ilata ýöriteleşdirilen kardiologiýa kömegini bermek üçin niýetlenen: merkezleşdirilen kabul ediş, hirurgiki aritmologiýa, anesteziologiýa we reanimasiýa, angiohirurgiýa, operasiýa, toksikologiýa we gemodializ, maslahat beriş we anyklaýyş, gan banky, rentgen-endowaskulýar hirurgiýa, çagalar we ulular üçin rewmatologiýa, iç keselleri, endokrinologiýa, şöhle bilen anyklaýyş we kliniki-anyklaýyş, barlaghana hem-de endoskopiýa bölümleri bar. merkezde kardiohirurgiýa, kardiologiýa, miokardyň infarkty, funksional anyklaýyş, fizioterapiýa we saglygy dikeldiş ylmy-kliniki, şeýle-de «Berzeňňi» ylmy-şypahana bölümleri hereket edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Aşgabat, 15-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, şäher ilatynyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda zerur şertleriň döredilmegine, şäheri ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işlerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyna, şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzda ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Ösüşiň möhüm ugry — durmuş syýasaty

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygyna täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda, milli ykdysadyýetimizi dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet innowasiýa syýasaty ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini, azyk, energiýa, tehnologiýa we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde, milli önümleriň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilendir. Ösen döwletleriň milli girdejileriniň aglaba böleginiň ylmyň, täze tehnologiýalaryň hasabyna gazanylmagy häzirki döwürde ýurdumyzda innowasiýalara daýanýan ykdysadyýeti ösdürmek üçin öňdebaryjy netijeli çemeleşmeleriň ulanylmagyny talap edýär. Ýurdumyzda ösüşleri yzygiderli üpjün etmekde maksatnamalaýyn wezipeler durmuşa geçirilýär. Esasy wezipeleriň hatarynda maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, durnukly ösüş üçin bar bolan ähli serişdeleri we mümkinçilikleri doly peýdalanmak, ähli sebitleri durnukly ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ýokary depginler bilen ösdürmek işleri kesgitlenilendir. Bu ugurlar b

Bugdaýyň bol hasyly — bereket bolçulygy

14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bagtyýarlyk döwrüniň batly gadamlary

11-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler. Hasabatlary degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi. Işler sazlaşykly we guramaçylykly ýola goýulmalydyr

Ygtybarly hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti 9 — 11-nji iýun aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde gulluk iş sapary bilen bolup, birnäçe duşuşyklary geçirdi. 10-njy iýunda türkmen wekiliýetiniň BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar energetika, ulag, maýa goýumlar, oba hojalygy ulgamlarynda we beýlekilerde gatnaşyklaryň geriminiň mundan beýläk-de giňeldilmegi nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň bu saparynyň ähmiýetini nygtadylar.

Möhüm wezipeler — aýdyň maksatlar

11-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşylyp, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň hasabatlaryny diňledi.

Pederleriň göreldesi — halkyň milli ýörelgesi

Ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Şöhratly taryhy, nusgalyk milli medeniýeti bolan halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ykdysadyýetde, ylymda, bilimde, medeniýetde, milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmekde giň gerimli işleri durmuşa ornaşdyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adamlaryň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary üçin edilýän işler barmak basyp sanardan kän. Diýarymyzyň şäherlerinde we obalarynda gurulýan owadan edara binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň hatary barha artýar. Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde bagtyýar halkymyzyň her bir güni ýeňişlere, täze üstünliklere beslenýär. Şol ösüşler bolsa raýatlaryň bähbidini goramakdan gözbaş alyp, halkymyzyň abadan ýaşamagy, bolelinlikde bagtyýar ömür sürmegi üçin oňyn şertleriň döredilmegine badalga berýär.

Gazanylan üstünlikleri berkitmegiň anyk wezipeleri

11-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Harby akademiýany hem-de ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlandyklary mynasybetli, Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna Gutlag iberdi. Gutlagda şeýle diýilýär: «Siz ata Watanymyzyň harby howpsuzlygyny, çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän Harby doktrinamyzdan ugur alyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzy berk goramalysyňyz. Ýurdumyzyň konstitusion gurluşyny, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmelisiňiz». * * *

Täze tehnologiýalara daýanyp

12-nji iýunda ýurdumyzda Ylymlar güni giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hem Diýarymyzda ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşiniň hereketlendirijisi hökmünde ýurdumyzda ylmyň we tehnikanyň bitewi hem-de öňe gidýän ösüşini üpjün edýän ylmy-tehniki syýasatyň üstünlikli alnyp barylýandygyny aýtdy. Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça geçirilýän barlaglaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak, döwrebap senagat kärhanalaryny döretmek, ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek bilen, durnukly ykdysady ösüşi gazanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Beýik döwrümiziň ajaýyp şäheri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda Gahryman Prezidentimiziň yhlasynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde bedew bady bilen pajarlap ösýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz özüniň baş baýramyna, mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllygyna barýar. Milli Liderimiziň daşyna pugta jebisleşen merdana hem bagtyýar türkmen halkymyz bu şanly senäni zähmet üstünliklerine besläp, uly ruhubelentlikde garşy alýar. Birek-birege sarpa goýmak we çyn ýürekden ynanyşmak arkaly agzybirlikde amala aşyrylýan her bir döwletli işlerimiz ýurdumyza uly üstünlikler getirýär, eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde belende göterýär, halkymyzyň eşretli durmuşyny has-da rowaçlandyrýar. Şeýle bolansoň, Garaşsyz Diýarymyz toý-baýramlaryň, şanly wakalaryň mekanyna öwrüldi we toýlarymyz toýa, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Üstümizdäki ýylyň 25-nji maýynda ýurdumyzyň ýüregi hem baş şäheriniň, ak mermerli paýtagtymyzyň gününi, onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýy bilen bilelikde giňden belläp geçen günlerimiz ýatdan çykmajak şanly wakalara baý boldy. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiziň binagärlik taglymatyna esaslanyp amala aşyran ýörite şähergurluşyk maksatnamasynyň netijesinde, «Aziýanyň merjeni» diýen buýsançly derejä eýe bolan ak mermerli paýtagtymyz baýramçylyk lybasyny geýdi, täze m