Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Tersaýaklylar

Balyklaryň, guşlaryň we beýleki suw jandarlarynyň dürli görnüşleriniň mesgen tutan ýeri bolan gojaman Hazar deňzi kesel bejeriş, dynç alyş-sagaldyş gorlary bilen tapawutlanýar. Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleriniň gözegçilik edýän zolagynyň baý janly tebigaty bar. Onda ösümlikleriň, balyklaryň, guşlaryň, süýdemdirijileriň, süýrenijileriň we beýleki jandarlaryň dürli görnüşleri jemlenýär. Suwda ýüzýän we onuň töwereginde gezýän guşlar bu giňişligiň gözelligine görk goşýarlar. Olaryň bir topary ýerde ýaşamaga uýgunlaşan bolsa, beýlekisi suwda, üçünjisi batgalyk ýerlerde mesgen tutýarlar. Deňziň ýa-da beýleki bir suw ýatagynyň kenarlaryna baryp, gezelenç edip, suwy synlanymyzda, ilki bilen, tersaýaklylar toparyndan bolan guşlara gözümiz düşýär. Olar ýakyn aralykda synlap duran adamlara-da üns bermän, özleriniň iýmit aladalary bilen başagaý bolup, suwa çümüp-çykyp ýörýärler. Olaryň tiz-tizden suwa çümüp, ussatlyk bilen ýüzüşleri, suwuň jümmüşinden ownuk balyjaklardyr leňňeçjikleri agyzlaryna alyp, ýene-de suwuň ýüzüne çykyşlary ünsüňi özüne çekýär. Bu guşlar uly ýaşly adamlaryň-da, çagalaryň-da iň eý görýän guşlarynyň biridir.

Gözellige baý jülge

Sumbar jülgesiniň täsin tebigaty bar. Sumbar derýasynyň iki kenaryndaky Ýollydere, Aýdere, Pordere ýaly dereleriň gözellikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi bu ýere gelen adamlaryň kalbynda ýakymly täsirleri oýarýar. Özüniň gözbaşyny Daýna obasynyň gündogaryndan alyp gaýdýan Sumbar derýasy şu günler joşup akýar. Bu görnüşe babadaýhanyň göwün guşy al-asmana göterilýär. Çünki derýa bol suwly bolsa, daýhanyň hasylynyň oňat, saçagynyň bereketli boljakdygynyň kepilidir.

Derek agajy

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmeniň sahawata we berekede baý giň sähralary ýaýylyp ýatan bagybossanlyga we gülzarlyga öwrülýär. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda her ýyl ýurdumyzda bag ekmek boýunça ählihalk dabarasynyň geçirilmegi raýatlarymyzyň saglygyny goramagyň, durmuşy we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmegiň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyna şaýatlyk edýär. Türkmen tebigaty miwe, saýa, boýag, ýag berýän, dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň görnüşlerine örän baýdyr. Mähriban Watanymyzda az çyglylykda, gurak howada we ýokary gyzgynlykda ösýän agaçlaryň köp görnüşleri duş gelýär. Şolaryň biri hem derek agajydyr.

Jümle-jahan habarlary

LG-den ýene bir smartfon Günorta Koreýanyň meşhur LG kompaniýasy «CES 2021» tehnologiýa sergisinde «LG Rollable» atly açylyp ýygnalýan ekranly smartfonyny hödürledi. Kompaniýa bu smartfony şu ýylyň dowamynda satuwa çykarjakdygyny mälim etdi. Kompaniýanyň hünärmenleriniň habar bermeklerine görä, smartfonyň ekrany üç derejeli bolup, eplenilende onuň ölçegi 2428x1080 piksele, açylanda bolsa 2428x1600 piksele deň bolar. Şonuň ýaly-da täze önümiň 2428x1366 piksel ölçegli wideo görmek üçin aralyk görnüşi hem bolar. Bu smartfonyň ekrany 6,8 dýuýma (1 dýuým 2,54 santimetr) deň bolup, açyk ýagdaýynda bolsa onuň ululygy 7,4 dýuýma çenli artar. Şeýle hem smartfon kuwwatly batareýa bilen üpjün ediler. LG geljek ýylda bükülýän ekranly smartfony öndürmegi hem maksat edinýär. Kompaniýanyň täze önümleri hünärmenlerde we alyjylarda gyzyklanma döredýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... +5 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +18... +23 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7... +12 gradus maýyl bolar.

Gowaklarda galan gözellikler

Daglar haýran galdyrýan täsinlikleri bilen ähli döwürlerde hem ynsan bilesigelijiligini özüne çekip gelipdir. Her bir jülgesi, gowagy, deresi durşuna syr bolup ýatan Köýtendag hem özünde syrlaryň ençemesini gizläp ýatyr. Ol syrlary öwrenmek we ylmy açyşlary etmek üçin bu ýere soňky wagtlarda alymlar köp gelýärler. Dogry, dünýäniň ähli ýerinde dag hem bar, syrly gowaklar-da, emma olarda Köýtendagdaky ýaly täsinlikler ýok bolsa gerek. Muny bu ýere gelýän daşary ýurtly alymlar hem tassyklaýarlar. Hut şonuň üçin-de, ýurdumyzyň bu täsin künjegi tebigatyň syrly täsinliklerini öwrenýän alymlaryň we hünärmenleriň üns merkezinde. 2012-nji ýylyň maý aýynda italiýaly paleontolog Federiko Fanti, amerikaly alym Martin Lokleý, russiýaly alym Wladimir Malsew dagy bu dagyň gowaklarynda birnäçe barlaglary geçirdiler.

Türkmen arçasy barada bilýärmisiňiz?!

Türkmen arçasy — türkmen tebigatynyň, ylaýta-da, daglarymyzyň bezegi diýsek ýalňyşmarys. Onuň boýy 2 — 10 metr aralygynda bolup, kähalatlarda 25 — 30 metrlik arçalara hem duşmak bolýar. Bu arça aprel-maý aýlarynda gülleýär. Türkmen arçasy deňiz derejesinden 1100 — 2800 metr belentlikde ösüp ýetişmek bilen, esasan, guraksy, daşly eňňitlerde boý alýar. Türkmen arçasy haýal ösüp ýetişýär, ýagny ol ygally ýyllarda 2-3 santimetr, gurak ýyllarda bolsa ýylda 1 santimetr ösýär. Oňa garamazdan, ol gurakçylyga çydamlydyr. Ol yssyny we ýagtylygy söýýär.

Köpetdag kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 17, 18, 20, 22-nji sanlarynda). Tilki, guýrugyň galdy!

Bezeg berýän guşlar

Dünýäde köp görnüşliligi, üýtgeşik reňkliligi, beýleki guşlara görä aňynyň ösenligi bilen tapawutlanýan toty guşlaryň üç ýüz görnüşi bar. Käbir öýlerde şol guşlaryň dürli görnüşleri saklanýar. Paýtagtymyzyň «Aşgabat» seýilgähiniň otaglarynyň birinde bezeg berýän guşlaryň iki sanysy eldekileşdirilipdir. Soňra olar dört-bäş ýyllykda erkinlige seýilgähe goýberilen. Bagyň işgärleriniň aýtmagyna görä, olaryň sany şu wagt on bäş-on alta ýeten bolmaly. Hakyky toty guşlar maşgalasyna degişli bolan Aşgabatda mekan tutan ýaşyl öwüsýän guşlaryň köp görnüşleri yssy howaly ýurtlarda adamlara golaý ýerlerde, şol sanda uly şäherlerde hem ýaşaýarlar. Olar Krameriň monjukly toty guşy diýlip atlandyrylýar. Horazynyň boýnynda gülgüne-gyzyl halka barlygy üçin monjukly diýilýär. 1769-njy ýylda Italýanyň hem Awstriýanyň tebigaty öwrenijisi Jowanni Kopoli bu uzyn guýrukly guşy bir görnüş hökmünde anyklaýar. J.Kopoli zoolog Wilgelm Krameryň adyny ebedileşdirmek maksady bilen bu toty guşa alymyň adyny dakýar. Olaryň Türkmenistanda ýaşaýanlary hindi görnüşidir. Bu owadan guşuň eldekileri elli-altmyş sözi belläp, gaýtalamaga ukyplydyr. Olaryň horazy bilen mäkiýany jübüt bolup otuz ýyla golaý bile ýaşap bilýär. Esasy bölegi ýaşyl reňkli, çüňki gyzyl guşlar mylaýym howany halaýar, ýöne salkyn ýere hem uýgunlaşyp bilýärler. Däneler, tohumlar ir-iýmişler, güller we olaryň şiresi bilen iýmitlenýän guşlar beý

Asmanyň ýedi reňkli ýaýy

Biziň ýagyş ýagmagynyň yzýany asmanda emele gelýän ýarym tegelek görnüşindäki dürli reňkli owadan älemgoşary görmedigimiz ýokdur. Ol Gün şöhleleriniň ýagyş damjalarynda döwülmegi sebäpli emele gelýär. Has aýdyňlaşdyryp aýdanymyzda, bize sary bolup görünýän Gün şöhlesiniň reňki, aslynda ak bolýar. Şol reňkiň özünde beýleki ähli reňkler jemlenendir. Ýagyş damjalary ol reňkleri owadan görnüşe getirýär. Ýagny damjalaryň tebigy optiki prizma aýratynlygyna eýe bolmagy bilen, ýedi dürli reňkiň emele gelmegidir. Bu tebigy hadysa kähalatda ümürli howada Gün şöhlesiniň döwülmegi bilen hem döräp bilýär. Şol ýedi reňk gyzyl, mämişi, sary, ýaşyl, mawy, goýy gök we melewşe görnüşindedir. Adatça, onuň reňkleri şu tertipde bolýar. Bulardan başga-da, diňe inçe gyzyl ýa-da gyzyl-ýaşyl reňkli älemgoşarlar hem bolýar. Ýagşyň damjalary iri bolsa, älemgoşaryň reňki has dury we olaryň tapawudy açyk görünýär. Ownuk ýagyş damjalary has gowşak we giň älemgoşaryň döremegine sebäp bolýar. Şeýle älemgoşar ümürli howada has köp gabat gelýär. Köplenç, ýarymaý görnüşinde peýda bolýan bu hadysa dagyň depesinden we uçardan seredilende, tegelek görnüşde görnüp bilner. Älemgoşaryň emele gelmegi üçin asmanda Günüň bolmagy zerur. Onuň iň köp görünýän wagty ikindinara, güýçli ýagyş ýagandan soňra peýda bolýar. Ol hemişe Günüň gabat garşysynda döreýär. Gün näçe ýokarda bolsa, älemgoşar ýere şonça ýakyn bolýar. Şol se

Tebigy täsinlikleriň dünýäsinde

ýa-da Bathyz goraghanasyna syýahat Bathyz belentligini — baýyrlykdyr sährasyny, ýoluny-ýodasyny paý-u-pyýada geçen bolsam-da, bu ýerlerde ýaşaýan haýwanlary, ösümlikleri tanap, görüp ýörsem-de, Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň edara binasyna ilkinji gezek gelşimdi. Goraghananyň ylym bölüminiň hünärmeni, bu ýerleriň aýratynlygy boýunça ylmy iş alyp barýan Maýa Sapargylyjowanyň: «Ilkinji gezek gelýän bolsaňyz, sizi gyzyklandyrjak zatlar has-da köp bolar» diýmegi ugrunda bar eken.

Bereketli topragyň nygmaty

Güneşe baý türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän gök we bakja ekinleri, dürli miweler ynsan saglygyna örän peýdalydyr. Ýurdumyzda has gadymy döwürden bäri ekilip gelinýän künjüdir zeýtun tebigatyň eçilen täsin ösümlikleri bolup, olaryň ikisinden-de ýag alynýar. Pederlerimiz bu gymmatly ekinleri ösdürip ýetişdirip, ýörite guralyň — juwazyň kömegi bilen olardan ýag alypdyrlar. Ynsan üçin peýdaly bolan künji we zeýtun ýaglary diňe bir iýmitlik üçin däl, eýsem, halk lukmançylygynda-da giňden ulanylypdyr. Ata-babalarymyzyň nusgalyk ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirip, halkymyzy ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek babatda yzygiderli alada edýär. Munuň özi diňe bir mukaddes saçaklarymyzda, ak bazarlarymyzda bereket bolçulygyny döretmek baradaky alada bolman, halkymyzyň saglygy baradaky aladany hem öz içine alýar. Daýhanlarymyza uzakmöhletli ýer bölekleriniň bölünip berilmegi, ýeňillikli karz serişdeleriniň goýberilmegi, dökün, suw, tehnika bilen yzygiderli üpjün edilmegi ekerançylaryň, bagbanlaryň ene toprakdan bol hasyl almaklaryna oňaýly şertleri döredýär. Netijede, dürli gök we bakja ekinleri, miweli baglar bilen birlikde, künjüdir zeýtunyň ösdürilip ýetişdirilmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär.

Tebigata sarpa goýmagy öwretmek

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigaty goramak, gözelleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa – suw syýasaty ýurdumyzyň daşky gurşawyny gözelleşdirmek, ösümlik dünýäsini gorap saklamak we suwy tygşytly ulanmak ýaly ugurlara gönükdirilendir. Şunda ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralyp saklanmagy daşky gurşawyň baýlyklaryna oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen halkynyň däp-dessurlarynda, edim-gylymlarynda tebigata aýawly garamak, onuň gözelliklerini goramak ýaly ýörelgeler bar. Ata-babalarymyzyň oturymly ýerlerinde çeşme-çaýlar, derýalar, bulaklar, howdanlar bolan. Bu bolsa ekerançylygy ösdürmäge, daýhançylyk medeniýetiniň kemala gelmegine ýardam edipdir. Şonuň üçin hem türkmen topragy irki döwürlerden ekerançylygyň kemala gelen ýerleri diýlip tanalýar. Munuň özi pähimdar pederlerimiziň tebigata aýawly çemeleşendiginden, suwy tygşytly ulanyp, ekerançylyk medeniýetini döredendiginden habar berýär. Bu bolsa türkmen halkynyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamakda, onuň baýlyklaryny goramakda oňat däpleriniň bardygyny aňladýar.

Köpetdag kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 17, 18, 20-nji sanlarynda). Gaplaň bilen ýüzbe-ýüz

Kiçi çille

Kiçi çille — bu 17-nji ýanwardan 5-nji fewral aralygyndaky, dowamlylygy 20 gün bolan döwürdir. Bu döwürde howa sowuk hem ygally bolýar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde howanyň derejesiniň ortaça - 2, - 6, beýleki ýerlerinde bolsa - 2, +4 gradusa deň bolýandygyny köpýyllyk maglumatlar görkezýär. Kiçi çillede ýagan gar ýerde köp ýatýar. Gar ýerde ýatsa, şüdügärlenen ýerleri bozukdyrýar, ol ýuwaş-ýuwaşdan eräp, ýeriň süňňüne siňip, yzgarlandyrýar. Bu bolsa geljekki hasyla bereket goşýar.

Köpetdag kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 17, 18-nji sanlarynda). SYRTLAN

Tebigatyň goragynda ylmy çemeleşmeler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen özgertmeler ähli ugurlar boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şoňa görä, oba hojalyk pudagy, himiýa senagaty depginli ösdürilýär. Bu pudaklarda ülkämiziň gözel tebigatyny, ynsan saglygy üçin zerur bolan daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji ýaly gorap gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň bu ýörelgesini has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Tebigatymyzyň baýlyklaryny türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň geljekde gülläp ösmegi üçin ýerlikli peýdalanmak, sahawatly topragymyzyň berekedini artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Güller zemine ýaraşykdyr

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzy bagy-bossana öwürmek boýunça guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda bägülleriň ýetişdirilişine hem aýratyn üns gönükdirilýär. Bägüller reňkleriniň owadanlygy we anbar saçýan ýakymly yslary bilen tapawutlanýar. Olar şeýle alamatlary boýunça bezeg gülleriniň arasynda birinji orny eýeleýär. Şoňa görä-de, olar ähli halklaryň arasynda uly söýgä we gyzyklanma eýedir. Köpýyllyk gyrymsy agaç bolan bägüller ir wagtlardan bäri seýilgähleri, baglary we ýaşaýyş jaýlarynyň töweregindäki meýdançalary bezeýär.

Bolçulyk ýyly

Baryp-ha, Nuh pygamber döwründe, sygyr janawaryň ady ýagşylykda agzalyp geçilýär. Nuhuň tupany turýar. Dünýäni gaýtgyn alyp duran suw eýeleýär. Emma şeýle närseleriň bolup geçýändigine garamazdan, kalby päk bolan bir garry ene ik egrip oturanmyşyn. Ýagşyzadalaryň biriniň ýoly onuň üstünden düşüp, enä şeýle sowal bilen ýüzlenýär: — Ene, bu Zemindäki apy-tupanlyk näme? Dünýäde nämeler bolup geçýär?

Ýaşyl zümerret

Danalaryň wesýetlerinde: «Gyz-gelinleriňize zümerret daşlaryny gysganmaň. Nirede bar bolsa, tapyp getirip beriň» diýilýär. Näme üçin ähli gymmatbaha daşlaryň arasynda zümerret daşyna aýratyn üns berildikä?! Megerem, zümerret daşynyň ähli gymmatbaha daşlaryň arasynda iň owadany hem seýrek duş gelýändigi üçindir?! Bu daşyň owadanlygyna söz ýok. Ol ýaşaýşy suratlandyrýan ýaşyl reňkde. Gün şöhlesiniň ýagyş damjalaryna düşüp, ýaldyrap duran älemgoşaryň al-ýaşyl reňklerini äleme dolduryşy ýaly, zümerret daşynyň şuglasynda-da giň jahanyň bir pursatlyk özüni suratlandyrmasyny görmek bolýar. Onuň gözüňi dokundyrýan ýaşyl reňki, ylla diýersiň, dünýä gözelliklerinden gözbaş alyp gaýdýan ýaly. Ýaşyl reňk göze ýakymly, ruhy dünýäňi sazlaýar. Alymlar bu daşa uzak wagtlap seretseň, ýadawlygyňdan nam-nyşan galmaýar diýip hasaplaýarlar. Ol gözüň görşüne oňat täsir edýär.