Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 7-nji iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28... +30° maýyl, gündizine +41... +43° yssy bolar. Howanyň basyşy 729 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 07-ne bolmagyna garaşylýan HOWA MAGLUMATY

Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28... +30° maýyl, gündizine +41... +43° yssy bolar. Howanyň basyşy 729 mm, çyglylygy 15 — 35 %. Arçabilde: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +40... +42° yssy bolar. Howanyň basyşy 704 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Gülüni söýen tikeninem söýer

Müň dürli ösümlikleri her pasla özboluşly bezeg berýän türkmen sährasy öz täsinligi bilen tebigatyň «diline düşünýän» adamlary hemişe haýran galdyrýar. Gül-gülälek açylanda, ol bize ýazy buşlaýar, ýylgyndyr ýandak güllände, sary tomsuň görki gözelleşýär, guşgözüler gyzyl-çog boldumy — türkmen düzüne güýzüň gelendigidir. Ata-babalarymyz bu topragyň ot-çöpüni derde derman saýypdyrlar. Şonuň üçin-de: «Öz ilimiň ýandagyny-çöpüni ýat illeriň güli bilen çalyşman» diýen durnukly söz düzümi halk döredijiliginiň süňňüne siňipdir. Aslynda-da, türkmen halk döredijiligi diňe bir watansöýüjiligiň waspy bolup ýaňlanman, tebigatyň-da tarypy bolup, köňülleri heýjana salýar. — Ýandaklaryň ähli görnüşleri ösümlikleriň kösükliler maşgalasyna degişli bolup, köki köpýyllyk, ýerüsti ösüntgisi bir ýyllyk, ýarym gyrymsy otjumak ösümlikdir. Görnüşleri boýunça boýy 30 — 50 santimetrden bir metre çenli ösýärler. Ol kökleriniň gapdal golçurlaryndan hem, tohumyndan hem gögerip köpelýär. Ýandagyň iki köki bolup, biri ony gögerdýär, beýlekisi bolsa iýmitlendirýär. Bu ösümligiň köki 25 — 30 metr çuňluga uzap gidip, yzgary sorup alýar we şonuň netijesinde howanyň çyglylygyny artdyrýar. Garagumda çarwaçylyk bilen meşgullanyp, çuň guýulardan peýdalanyp gelen tejribeli çopanlaryň aýtmaklaryna görä, guýy gazmak, ilki bilen, onuň gazyljak ýerini saýlap almakdan başlanýar. Ýer saýlamakda ata-babalarymyz dürli usull

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 6-njy iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28... +30° maýyl, gündizine +44... +46° yssy bolar. Howanyň basyşy 727 mm, çyglylygy 5 — 25%.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 06-na bolmagyna garaşylýan HOWA MAGLUMATY

Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28...+30° maýyl, gündizine +44...+46° yssy bolar. Howanyň basyşy 727 mm. Çyglylygy 5-25 %. Arçabilde: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8-10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27...+29° maýyl, gündizine +43...+45° yssy bolar. Howanyň basyşy 702 mm. Çyglylygy 10-30 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 6-njy iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28...+30° maýyl, gündizine +44...+46° yssy bolar. Howanyň basyşy 727 mm. Çyglylygy 5 — 25 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 5-nji iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27...+29° maýyl, gündizine +43...+45° yssy bolar. Howanyň basyşy 726 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 05-ne bolmagyna garaşylýan HOWA MAGLUMATY

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27...+29° maýyl, gündizine +43...+45° yssy bolar. Howanyň basyşy 726 mm, çyglylygy 5 — 25 %. Balkan welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda  9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27...+32° maýyl, gündizine +41...+46°, kenarýaka etraplarynda +38...+43° yssy bolar.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 05-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27...+29° maýyl, gündizine +43...+45° yssy bolar. Howanyň basyşy 726 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Çomuç

Türkmen topragy ösümlikleriň dürli görnüşine örän baýdyr. Diýarymyzda bolluk bilen bitýän ösümlikleriň biri-de çomuçdyr. Ol ene topragymyzyň ösümlik dünýäsiniň iň täsin görnüşleriniň biri bolup, ýurdumyzda giň ýaýrandyr. Bu ösümlik Garagum çölünde, Köpetdag, Balkan, Köýten daglarynda, Bathyzda köp duş gelip, onuň 20 görnüşi bar. Olaryň käbiri barada durup geçeliň. Bu ösümligiň käbiriniň boýy 1 — 1,5 gulaja ýetýär. Çomujyň palajy, ýagny ýapragy mes toprakly ýerde ösüp oturan gawun pazylyna meňzeş, palajynyň ortasynda onuň miwesi peýda bolup, ýuwaş-ýuwaşdan çomuja öwrülýär.

Gözel tebigatymyzy goralyň!

Döwletimiziň ekologiýa syýasaty tebigy gurşawyň ýokary hilini üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmäge, ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň Garaşsyz döwletimiz sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygyny wagyz edýän we şol abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty alyp barýan ýurt hökmünde bellidir» diýip bellemegi ýurdumyzyň tebigaty goramak baradaky strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýandygynyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda ýer we ýerasty baýlyklaryň, suwlaryň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň hem-de beýleki tebigy baýlyklaryň Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýandygy, döwlet tarapyndan goralýandygy we rejeli peýdalanylmaga degişlidigi baradaky konstitusion kada öz beýanyny tapdy. Esasy Kanunymyzyň 53-nji maddasynda bolsa: «Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip bellenilýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 3-nji iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ikinji ýarymynda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26...+28° maýyl, gündizine +38...+40° yssy bolar. Howanyň basyşy 726 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Bereket çeşmesi

Suw adamzat durmuşynda iň gymmatly hazyna. Durmuş döräli bäri, ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi hasaplanylýan suw tebigaty janlandyrýar, ynsan durmuşyny gülledip özgerdýär. Ol isripsiz ulanylmaly baýlykdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen soňky ýyllarda diňe bir derýalarymyz däl, ýagyş-ýagmyrlaryň suwuny-da yrýa etmezlik üçin ygalyň köp düşýän ýerlerinde suw howdanlarynyň birnäçesi guruldy. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň hanasyna toplanýan suwuň möçberi hem barha artýar. Geljekde onuň suwuny süýjedip, ekerançylyk, içimlik üçin peýdalanyp boljakdygyny hünärmenler aýdýarlar. Alym Arkadagymyzyň tagallalary bilen Hazar deňziniň suwuny süýjediji desgalaryň ençemesiniň gurulmagy, eýýäm bu ugurda ýeterlik tejribäniň toplanylandygyny aňladýar. Belli bolşy ýaly, her bir ugurdaky hukuk gatnaşyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan Türkmenistanyň Suw kodeksi we suw gatnaşyklaryna degişli beýleki kanunçylyk namalary esasynda düzgünleşdirilýär. Bu hukuk namasy suw serişdeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmaga, suwlary hapalanmakdan, zibillenmekden we egsilmekden goramagy üpjün etmäge, olara ýetip biljek ýaramaz täsirleriň öňüni almaga we ýok etmäge, suw obýektleriniň ýagdaýyny dikeltmäge we gowulandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Suw kodeksi we 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ilaty agyz suwy bilen üpjün etmegine,

Tebigatyň gözelliklerini aýalyň!

Yssy howaly günlerde tebigaty goramak meselesiniň wajyplygy has-da artýar. Bu zerurlyk, aýratyn-da, tutuş halkymyzyň dogduk topragyna tükeniksiz mähir-yhlasyndan dörän emeli tokaýlyklary goramakda ýiti duýulýar. Hut şonuň üçin hem tebigat bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, oňa zelel ýetirilmez ýaly, etjek-goýjak hereketimiziň dürs bolmagyny gazanmagymyz gerek. Tebigata çykanyňda, ot ýakmak gadagandyr, munuň özi ot-çöpli, bag-bakjaly ýerlerde uly ýangynlaryň döremegine sebäp bolýar. Eger ot ýakylan bolsa, soňuna çenli durup, ot ýakylan ýere gum sürüp, közüni mazaly öçürmeli, onuň öçendigine magat göz ýetirip, ol ýerden gaýtmaly. Çalgy ýagy ýa-da ýeňil ýanyjy suwuklyklar siňen esgileri, söndürilmedik çilim, döwlen çüýşe ýa-da aýna bölekleri taşlansa, Gün şöhleleriniň ugruny üýtgedip geçmegi zerarly guran ot-çöpleriň gyzmagy netijesinde, oduň öz-özünden döremegine getirip bilýändigini unutmaly däldiris. Mundan başga-da, tebigata ulagly çykan adamlar awtoulagyň, aýratyn hem onuň tüsseçykaryjysynyň gurat bolmagy barada aladalanmalydyr. Bu enjam ýörite uçgun söndüriji bilen üpjün edilmelidir.

Bulary bilmek gyzykly

Peýdaly brosimum Dünýäde täsin görnüşli hem-de haýrana galdyryjy ösümlikleriň ýüzlerçe görnüşi bar. Bu ösümlikler köplenç endemik häsiýetli bolup, diňe belli bir ýerde ösýärler. Olaryň häsiýetli aýratynlyklary, beýleki ösümliklere görä tapawudy, hasylynyň görnüşi, peýdaly taraplary köpleri gyzyklandyrýar. Tutlar maşgalasyna degişli bolan peýdaly brosimum ýa-da süýt berýän bag diýlip atlandyrylýan agajyň gurluş aýratynlygy hem okyjylary gyzyklandyrsa gerek.

Tut agajy

Eziz Diýarymyzyň tebigatyny baglardan, agaçlardan düzülen zolaklar bezeýär. Gök agaçlar seýilgähleriň, köçeleriň bezegi, şeýle hem binalaryň töweregine görk berýär. Ösümlikleriň, agaçlaryň tozana garşy göreşde ähmiýeti örän uludyr. Olar ynsany diňe bir tozandan goraman, eýsem ýaşaýyş üçin zerur bolan peýdaly fitonsitleri hem bölüp çykarýarlar. Agaçlaryň görnüşleri örän köp, olara pürli ýaprakly agaçlar, gyrymsy agaçlaryň görnüşleri degişlidir. Biz ýaprakly agaçlara degişli bolan tut agajy barada söhbet etmegi makul bildik.

Täsin otag ösümligi

Araukariýa tebigy şertlerde hemişe gök öwüsýän pürli agaçlar maşgalasydyr. Bu ösümligiň 14 görnüşi hasaba alnandyr. Araukariýanyň boýy 60 metr bolup, şahalary pişek şekillidir. Onuň watany dürli uruglaryna baglylykda Günorta Amerika, Gündogar Awstraliýa, Norfolk adalary we Täze Kaledoniýa hasaplanylýar. Tebigy şertlerde Araukariýa tohumy we çybygy arkaly köpelýär. Tohumlary çalt gögerijiligini ýitirýändigi sebäpli, derrew ekmeli bolýar. Ekilen tohumlary ortaça 18 — 20 gradus yssylykda saklamaly we gögerip kemala gelen nahallary hemişelik ýerine bir gezek göçürip bolýar. Onuň tohumy iýmit hökmünde, pürsi mebel öndürmekde giňden ulanylýar. Onuň birnäçe görnüşi Gara deňziň kenarynda, Kawkazda hem ösýär.

Janly köprüler

Şeýle täsinlikleriň birine Hindistanyň gündogarynda Meghalaýa ştatynyň Çerapunji şäheriniň tropiki tokaýlarynda duş gelmek bolýar. Bu täsinlik «Janly köpri» bolup, oňa tebigy ýadygärlik diýilse hem ýalňyş bolmaz. Janly köprüleri gurmak däbini hindileriň Khasi we Jantiýa taýpalary saklap gelipdirler. Bu taýpalar fikus agajynyň howa köklerini ösdürip, derýanyň beýleki kenaryna gönükdirmek üçin bambuk ösümliginiň şahalaryny ulanypdyrlar. Bambukdan başga-da, Betel palmasynyň oýulan şahalarynyň içinden agajyň ösýän köküni goýberipdirler. Fikus agajynyň kökleri tiz ösýär. Agajyň kökleri beýleki kenara çenli ösüp, gaýalara we kenarýaka topragyna çalt aralaşýarlar. Janly köprüni gurmak üçin azyndan 15 ýyl gerek bolýar. Fikus agajynyň ýaşy näçe uly bolsa, köpri şonça-da berk bolýar. Ýyllaryň geçmegi bilen köpri dargamaýar-da, tersine, has-da berkleşýär. Ýerli taýpalaryň aýtmagyna görä, häzirki döwre çenli saklanyp gelýän janly köprüleriň ýaşy 100 – 150 ýyla barabardyr. Has uzyn janly köpriniň boýy 50 metre golaý bolup, Hindistanyň Mawkirnot we Rangtillan obalarynyň arasynda ýerleşýär.

Tebigaty goramak — ählumumy wezipe

2021-nji ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiz BMG-niň gazylyp alynýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumynda «Gazylyp alynýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir» atly mowzuk bilen çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda senagat önümçiliginiň zyňyndylarynyň daşky gurşawa edýän zyýanly galyndylaryny peseltmek boýunça Türkmenistanda uzak möhletli, giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny habar berip, adamzadyň umumy öýi bolan tebigatymyzy goramak boýunça täze halkara başlangyçlary öňe sürdi. Ynsan bilen tebigaty biri-birinden üzňe göz öňüne getirip bolmaýar. Çünki ynsanyň ömri, has oňaýly ýaşaýyş şertleri, maddy üpjünçiligi tebigatyň baýlyklary we onuň ekologiýa mümkinçiliklerine esaslanýar. Şol bir wagtda tebigat ynsanyň iň ýakyn lukmanydyr. Onuň esasy bejeriş güýji Günüň mylaýym şöhlesinde, arassa howasynda, süýji suwunda hem-de ösümlik we haýwanat dünýäsiniň dermanlyk täsirlerine baý gymmatlyklarynda jemlenendir. Şoňa görä-de, tehnologiýanyň häzirki zaman ösen dünýäsinde daşky tebigy gurşawa jogapkärli çemeleşmek, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak we biodürlüligini baýlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işleri yzygiderli alyp barmak Zeminiň abadançylygyny goramak hem-de senagatyň zyýanly zyňyndylarynyň ekologiýa wehiminden goranmak bilen bagly tutuş ynsan nesilleriniň öňünde duran baş wezipeleriň biridir. Her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gu

Köýtene geliň!

Geliň, geliň,Seýil edeliň,Gözel Köýtendagyna!Çykyň, görüň,Bakyň, görüň,Gül, miweli bagyna! Dag göwsünde,Ýel öwsende,Daragtlary gol bular.Ýazy bilen,Sazy bilen,Myhmany garşy alar.