Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Müşki-anbar ysly güller

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy, öndürilýän önümleriň hiliniň gowulandyrylmagy hem-de mukdarynyň artdyrylmagy, ýerden, suwdan, mineral dökünlerden netijeli peýdalanylmagy obasenagat toplumynyň öňünde anyk wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Şol möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin bu pudakda amala aşyrylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Oba hojalygy çalt depginler bilen ösdürilýär we ol ýurdumyzda girdejili pudaklaryň birine öwrüldi. Sebäbi daýhanlaryň öndürijilikli we bökdençsiz işlemekleri, halal gazanç edip baýamaklary, döwrebap dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýylyň-ýylyna daşary ýurtlardan ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary satyn alynýar. Mineral dökünler bilen üpjünçilik barha gowulanýar. Şeýle bolansoň, ekerançylygy ösdürmäge niýetlenilen daýhan hojalyklaryny döretmäge isleg bildirýän adamlaryň sany hem barha köpelýär.

Mazy

Türkmeniň bereketli topragynda bitýän bakja önümleriniň biri-de mazydyr. Mazynyň baldagy togalak bolup, ýere ýazylyp ösýär we goly töwerege ýaýraýar. Miwesi tüýjümek, daşy besse-besse nagyşly, eliň aýasynda ýerleşip duran, gyzgylt-goňras reňkli mazy güneşli Diýarymyzyň ähli ýerinde diýen ýaly ösýär. Onuň miwesi ysgamak we bezeg üçin ulanylýar. Maza halk dilinde dessemmaýa diýilýär. Onuň ysyny ysgap doýup bolmaýandygyny söz ussady Magtymguly Pyragy «Güli, destembili ysgan doýunmaz» diýip beýan edipdir. Ýakymly ysly mazy hakda halk döredijiliginde birnäçe setirler hem bar. «Gawun gowusy — mazy, it gowusy — tazy» diýen nakyl muňa mysaldyr.

Bendesene bendiwanam

Türkmen ülkesiniň her bir künjeginiň ýakymly, şöhratly geçmişiniň bardygyna gojaman taryhyň özi şaýat. Ata-babalarymyz öz şöhratly menzilleriniň beýanyny küti-küti kitaplara ýazypdyrlar. Gazuw-agtaryş işlerini geçirýän arheologlaryň küýze bölejiklerini, diwar syrçalaryny öwrenip, taryhy dikeldişleri ýaly, dürli-dürli maglumatlaryň, çaklamalaryň, degşirmeleriň kömegi arkaly bagrymyz badaşan topragymyzyň, mukaddes ata Watanymyzyň taryhyny dikeltmäge we wagyz etmäge borçludyrys. Bendesen ýurdumyzyň taryhy şan-şöhrata beslenen künjekleriniň biridir. Bu geografik adyň asyl manysyny ýüze çykarmak üçin dilçi alym Soltanşa Atanyýazowyň «Türkmenistanyň toponimik sözlügi», «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi» diýen kitaplaryna ýüzlendik. Alym olarda ýerli oba adamlaryndan eşiden gürrüňleriniň esasynda şol sözüň etimologiýasy boýunça garaýşyny beýan edýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 11-nji iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26... +28° maýyl, gündizine +41... +43° yssy bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Tebigaty goramak – baş wezipämiz

Türkmenistan tebigy baýlyklara baý ýurtdur. Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigaty goramak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Daşky gurşaw bilen gatnaşygy sazlaşykly guramaga, ekologiýa taýdan arassa ykdysadyýeti döretmäge möhüm ähmiýet berilýär. Daşky gurşaw, ýagny tebigat adamzadyň iň uly baýlygydyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde tebigatyň gözelliklerini goramak, bag nahallaryny oturtmak asylly ýörelgelere öwrüldi. Şeýle hem daşky gurşawy goramak boýunça ylmy işleri alyp barmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle giň mümkinçilikleriň esasynda hem tebigaty öwreniji alymlar bu ugurda asylly işlerini alyp barýarlar. Hut şunuň netijesinde daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler ylmy esaslara daýanýar. Tebigaty goramak işleriniň ylmy esasda ýola goýulmagy ekologiýa abadançylygyna, ynsan saglygyna, adamlaryň dynç alşyna oňat ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary tebigaty goramak meselesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda kabul edýän kararlary tebigatyň bize eçilen baýlyklaryny tygşytly peýdalanmaga we olary gorap saklamaga gönükdirilendir. Ylmyň, bilimiň ýokary depginlerde ösýän häzirki döwründe tebigatyň eçilen gymmatlyklaryny adamzadyň bähbitleri üçin ulanmak, bu meseläni üstünlikli çözmek örän derwaýysdyr. Çünki, tebigat bizi döredýär, ekleýär, saklaýar. Ý

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +39... +44 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +34... +39 gradus yssy bolar.

Repetek Saharasy

Garagum sährasynyň jümmüşinde ýerleşen «Repetek Saharasy» diýlip atlandyrylýan ajaýyp tebigy ülke Lebap welaýatynyň çägindäki Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň düzümine girýär. Ol goraghananyň merkezi bagyndan 4 kilometr günbatar tarapda, Aşgabat — Türkmenabat gara ýolundan 1,5-2 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Onuň edil başlangyç aklaň çäge depesini Aşgabat — Türkmenabat gara ýolundan «Malaý» gaz känine çenli çekilen ýol kesip geçýär. Şunuň ýaly amatly ýerde ýerleşendigi sebäpli «Repetek Saharasy» ekologik syýahatçylygy guramaga uly mümkinçilik döredýär. Bu tebigy ülke beýikligi 25 — 30 metr aralygyndaky gum gerişlerinden ybarat bolup, ol Amyderýanyň çep kenaryndaky çägeleriň Repetege çenli ýetýän gollarydyr. Bu ýerde ösüp oturan sözendir seline duşaýmasaň, başga ösümlik örtügi ýokdur. Şol depelere uzakdan nazar aýlanyňda, göz öňüňde dünýäde iň uly çöl hasaplanýan Sahara meňzeş keşp peýda bolýar. Şonuň üçinem bu täsin ýer «Repetek Saharasy» diýlip atlandyrylýar.

Tebigatyň tenekary

Taryhda möhüm yz goýan şahsyýetleriň bitiren hyzmatlaryna degişli derejede baha bermek ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Orta asyr çeşmelerinden belli bolşy ýaly, ýurdumyzyň çäginden geçýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky şäherlerde milli lukmançylyk tejribeleri netijeli ösdürilipdir. Köneürgençde ýaşap geçen Mahmyt Omar Çagmin atly alym öz işlerinde milli lukmançylygyň özboluşly tejribesini ulanmagy başarypdyr. Ol dermanlyk ösümlikleriň häsiýetini öwrenmek bilen içgin meşgullanypdyr. Alym Çagmin lukmançylyk ugruny ikä bölüpdir, ýagny nazary lukmançylyk we amaly lukmançylyk ýaly ugurlary esaslandyrmak bilen, tebigy hadysalaryň, ýeriň geografiki ýerleşişiniň, adamlaryň beden gurluşynyň özboluşly aýratynlyklaryna göz ýetiripdir. Şeýle hem ol dermanlyk ösümlikleriň netijeli ulanylmagy bilen baglanyşykly pikirleri öz içine alýan «Kanunça» atly kitaby ýazypdyr.

Türk­men te­bi­ga­ty­nyň gö­zel­li­gi

Yn­sa­nyň gö­zi daş-tö­we­re­ge dü­şüp ug­ra­nyn­dan küý­se­gi gö­zel­lik bol­ýar. Gö­zel­lik, dog­ru­da­nam, ada­myň kal­by­na di­ňe bir joş­gun, jo­mart­lyk, pä­ki­ze­lik paý­la­man, eý­sem, dur­mu­şyň äh­li öl­çeg­le­ri­ne hök­man öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän bol­ma­ly. Alym­la­ryň uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da top­lan tej­ri­be­si ada­myň hä­si­ýe­ti­niň, ýa­şa­ýyş ýö­rel­ge­si­niň, öm­rü­niň onuň dün­ýä inen top­ra­gy bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny bi­reý­ýäm su­but et­di.

Ahal, Arkaç — asalym

(publisistik oýlanmalar) Watanyň ezizlenmeýän ýeri barmydyr, eýsem? Lebap boýlaryna barsaň, däli Jeýhunyň lummurdysy seni heýjana salar. Murgap jülgesine düşseň, Bathyzyň täsinliklerine, Merwiň gadymy ýadygärliklerine melul bolarsyň. Daşogza nesibäň çekse, şabram dereklerine haýran galarsyň, azap bilen ýetişdirilen ekinzarlyklary gözüňi dokundyryp, Üstýurt, Sarygamyş täsinlikleri soň-soňlaram seriňden çykmaz. Balkan degresine barsaň, Aý daglaram, Sumbar gözelligem seni haýrana goýar, jana şypaly Awazany görmäge howlugarsyň.

Köpetdag kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 144-nji sanynda). Çakgy ýaly ýiti, galam ýaly uzyn

Eziz Diýaryň gözel tebigaty

Mälim bolşy ýaly, tebigat biziň öýümiz, ol bizi ekleýji we saklaýjydyr. Ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleriniň uludygyna Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyny okanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Häzirki wagtda tebigaty we onuň baýlyklaryny gorap saklamak meselesi diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä derejesinde möhümdir. Ýurdumyzyň ösümlikler dünýäsi, ony goramak bilen baglanyşykly birnäçe Kanunlar kabul edildi. Ýurdumyz bu ugurda BMG-niň birnäçe konwensiýalaryna goşulyp, degişli işleri alyp barýar. Tebigaty goramak meselesi hiç bir adamy biparh goýmaýar. Watanymyzda tebigatyň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, oňa eýeçilik gözi bilen garamak, ýylyň-ýylyna müňlerçe düýp nahal ekmek boýunça işler amala aşyrylýar. Tebigaty söýmek, ony gorap saklamak mukaddes işdir.

Tebigat. Gül. Zenan

Zenan bilen tebigatyň arasynda juda kän meňzeşlik bar. Tebigat döredýär, zenan hem döredýär. Zemini tebigat, durmuşy zenan gülledýär. Zenan ene, ene bolsa Zemine deňelýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Goýnunda owadan gülleri, baglary gülledýän, şemalyň, Günüň, suwuň akymy bilen demini alýan mukaddes toprak hem enedir» diýen pelsepesi tebigat, zenan hakdaky düşünjeleri, meňzetmeleri bir sözlemde jemleýär. Ata-babalarymyzyň döreden «Gyz edebi — gül edebi», «Gyz — öýüň gunçasy», «Zenan — durmuşyň güli», «Gyz eli — gyzyl gül» ýaly pähimlerinde, ene-mamalarymyzyň: «Gyzdan gülüň ysy geler», «Gyzyň eli degen ýer gül ýalydyr», «Edepli gyz baran ýerini gülzarlyga öwrer» diýen ýaly öwüt beriji sözlerinde bolsa zenan tebigatyň iň ajaýyp, iň owadan, iň näzik närsesine — güle meňzedilýär. Hatda «Gülkeşde», «Gültahýa», «Gülli jorap», «Gülli keçe», «Gülli haly» ýaly zenanlarymyzyň çeper ellerinden dörän el işlerem gülleriň gözelliginden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Men ýene-de güller hakdaky gürrüňe dolanyp gelýärin we siziň hem olary gowy görýändigiňize ynanýaryn. Ýogsa-da, öýleri güller bilen bezemek däbiniň köpasyrlyk taryhy bar. Eýsem-de bolsa, öýleri gül bilen bezemek däbi asyrlaryň çuňlugyna aralaşýar» diýen sözleriniň aňyrsynda zenanlaryň bütin dünýäsiniň, duýgusynyň gül bilen badaşandygy hakdaky beýik pelsepe bar.

Ýaşaýşyň ýaraşygy

Halkymyz hemişe topragy, tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsini, suwy gorap saklamak barada alada edip gelýär. Eýsem, geçmişde bu babatda nähili çäreler görlüpdir?! Ilkinji nobatda, topragy hapalamak, zaýalamak gadagan edilipdir, gögerip oturan agaçlary kesmek, ýakmak, akar suwa hapa dökmek günä hasaplanypdyr. Pederlerimiz tebigaty haşal otlardan, hapalardan arassalap durupdyrlar. Ýygnalan haşal otlary we hapalary ýakyp, ýok edipdirler. Gadymy galalarda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýaşaýyş jaýlary, ammarlar, gorag diňleri, aşhana otaglary bilen bir hatarda hapa atylýan ýörite ýerleriň hem ýüze çykarylandygy pederlerimiziň arassaçylyga aýratyn üns berendiklerini görkezýär. Şeýle ýerleriň goranyş häsiýetli kiçi galalarda, berkitmelerde hem bolandygyny alym arheologlar subut etdiler. Ata-babalarymyz ýer-ýurt tutjak bolanlarynda hem, ilki bilen, daşky gurşawy gowy öwrenipdirler. Jaý gurmak üçin çig maly, ýagny laýy hem duş gelen ýerden alman, beýik depeleriň üstünden alypdyrlar. Hapa atylýan ýerler we kir suwlarynyň dökülýän ýerleri ýaşaýyş jaýlaryndan ep-esli daşda bolupdyr. Malyň damagy çalnan ýerde ilki ot ýakylyp, soňra ol ýer gömlüpdir. Ekerançylyk ýerleri, şeýle-de arassa içimlik suw üçin ýörite aryklary gazypdyrlar, haşar, ýowar geçirilipdir. Ekin ekiljek ýerleriň topragy öwrenilip, ol dürli dökünler bilen gurplandyrylypdyr. Şunda, esasan, der

Ýerajy

Arkadagly Serdarymyz: «Biz geljekde hem tebigata aýawly garamaga, onuň baýlyklaryny gorap saklamaga hem-de köpeltmäge, ykdysadyýete «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns bereris» diýmek bilen, umumy öýümiz bolan tebigat hakynda alada etmegiň ählumumy borçdugyny nygtaýar. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň garamagyndaky Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasy hem ýurdumyzda iň bir aýratyn goralýan tebigy meýdanlaryň biridir. Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasy 1977-nji ýylda döredilýär we onuň umumy meýdany 30 müň gektar töweregidir. Çäkli goraghana Repetek döwlet biosfera goraghanasyndan 90 kilometr günbatarda ýerleşýär. Çäkli goraghana Ýerajy kölünde we oňa degişli bolan meýdanlarda ösýän gara sazakly tokaýlary, ýerde we suwda ýaşaýan guşlary, olaryň höwürtgeleýän çäklerini gorap saklamak, köpeltmek, dikeltmek, ylmy taýdan öwrenmek hem-de geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen döredilendir.

Utgaşykly hem-de maksadalaýyk işler

Watanymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamak, baýlaşdyrmak hem-de ylmy taýdan öwrenmek işlerine Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň hünärmenleriniň işjeň gatnaşýandyklaryna olaryň alyp barýan gündelik işleri bilen tanşanyňda, aýdyň göz ýetirmek bolýar. Goraghananyň çäginde mele suwly derýa-da, gür tokaýly jeňňellikler-de, guba çägeli Garagum-da, Gyzylgum-da ýerleşýär. Bu çägiň ösümlik we haýwanat dünýäsi örän baý we dürli-dürlüdir. ― Gymmatly baýlyklarymyzy gözümiziň göreji deýin gorap saklamak bilen birlikde ylmy maksatly işleri hem alyp barýarys. Ol işler «Tebigat ýyl ýazgysyna» maglumatlary toplamak, Amyderýanyň orta akymynyň kenarýaka tokaýlaryna daşky faktorlaryň täsirini öwrenmek, kenarýaka tokaýlyklaryň tutýan meýdanlaryny, olaryň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň häzirki ýagdaýyny seljermek, daşky we antropogen faktorlaryň derejeleri boýunça maglumatlary toplamak we beýleki möhüm meseleleri öz içine alýar. Ýokarda bellenilen ugurlar boýunça üstümizdäki ýylyň geçen döwründe işleriň uly toplumy ýerine ýetirildi ― diýip, goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy Ahmetjan Sadykow gürrüň berýär.

Guşlaryň mesgeni

Guşlaryň mesgeni bolan Kelif çäkli goraghanasy özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Çäkli goraghananyň haýwanat dünýäsi köpdürlüdir. Bu ýerde süýdemdirijileriň 31, guşlaryň bolsa 220-den gowrak görnüşi duş gelýär. Guşlaryň sanynyň has köp bolmagy bu çäkli goraghananyň göçüş döwründe uçup gelýän guşlaryň ýolunda ýerleşmegi bilen baglydyr. Çäkli goraghana suwda ýüzýän we batgaly-suwly ýerde ösüp-örňeýän guşlaryň müňlerçesi üçin göçüş döwründe düşläp geçýän, gyşlaýan, höwürtgeleýän ýer bolup hyzmat edýär. Guşlaryň 74 görnüşi çäkli goraghananyň çägindäki Kelif kölünde düşläp, dynç alyp, iýmitlenip geçýär. Olardan gyzylgaz, sähra garaguşy, togdary, toklutaý Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Çäkli goraghananyň çäginde guşlaryň 97 görnüşi gyşlaýar, 46 görnüşi höwürtgeleýär. Bulardan başga-da bilbilleriň 3 görnüşi, sülgünler we ýyrtyjy guşlaryň 28 görnüşi duş gelýär.

Biler bolsaňyz…

♦ Sary bilbiller howada uçýan wagty metan gazyny duýmaga ukyplydyr. Şonuň üçin bu guşuň ukybyndan şahtaçylar şahta girenlerinde peýdalanýarlar. ♦ Torgaý 2 müňe golaý dürli görnüşli heň edip bilýär. Onuň saýraýan sesini alty ýüz metr uzaklykdan eşitmek bolýar.

Kette köli

Köýtendagyň haýwanat dünýäsinde-de, ösümlik dünýäsinde-de, dag gerişleridir gowaklarynda-da başga ýurtlarda duş gelinmeýän täsinliklere gabat gelmek bolýar. Şolaryň biri hem Kette kölüdir. Bu kölüň uzynlygy 1 kilometre ýakyn bolup, ini 600 metr, çuňlugy 37 metre ýetýär. Köl ilkibaşda karst köli bolupdyr. Soňra ony adamlar gaçy gurup, suw howdanyna öwrüpdirler. Ol Köýten obasynda ýerleşýär. Bu ýer tomus aýlary köpadamly bolup, suwa düşmek we kölde syýahat etmek üçin örän amatly. Kölüň suwy, esasan, dag çeşmelerinden akyp gelýän dury, süýji suwdan hasyl bolýar. Kölüň suwy suw ýetmezçilik edýän wagtlary oba hojalyk ekinlerini suwarmakda hem peýdalanylýar. Kölden dag gözellikleri oňat görünýär. Goraghananyň ylmy işgärleri köli ylmy taýdan öwrenmek işlerini alyp barýarlar.

Gidrogeologlaryň netijeli gözlegleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, gidrogeologiýa ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Munuň özi ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryndaky düýpli özgerişler, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen tagallalar, täze şäherdir obalary döretmek, tebigatymyzyň abadançylygyny gowulandyrmak baradaky aladalar bilen baglanyşyklydyr. Olaryň arasynda welaýatymyzyň çäklerinde gidrogeologiýa boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň möhüm orny bar. Bu babatda welaýatymyzyň çäklerinde alnyp barylýan işlerde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň işgärleri hem yhlasly zähmet çekip, öňlerinde goýulýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine oňaýly şertleri döredýärler. Kärhananyň baş gidrogeology Annamuhammet Baýarowyň berýän maglumatlaryna görä, olar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly üçin bellenilen meýilnamanyň esasynda welaýatymyzyň dürli ýerlerinde ýerasty suw ýataklarynyň barlaglaryny, geoekologik surata alma işlerini, ýerasty suwlaryň düzümini, möçberlerini öwrenmek maksady bilen, geologiýa-gözleg çäreleriniň önümçiligini, meýdanlaryň gidrogeologik gurluşyny, ýerasty suwlaryň gorlaryny kesgitlemek boýunça çäreleri alyp barýarlar. Şeýlelikde, bu barada şu ýylyň 5 aýynyň meýilnamasy 122 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Buraw işleriniň ös