Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Bagtyýarlyk badalgasy

Ajaýyp zamanamyzda milli Liderimiziň tagallasy bilen ýaşlaryň sagdyn ösmegi, dünýäniň öňdebaryjy derejelerine kybapdaş çuňňur bilim-terbiýe almagy üçin ähli şertler döredildi. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek turuwbaşdan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülmegi netijesinde bu günki gün ýurdumyzda berilýän bilimiň hili düýpgöter özgerdi. Beden we ruhy taýdan sagdyn, ýokary başarnyklara eýe bolan, ylmyň iň soňky gazanan tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan täze nesliň kemala gelmegi döwrüň öňde goýýan möhüm talabydyr. Hut şonuň üçin hem ähli pudaklarda, aýratyn-da, ylym-bilim, ykdysadyýet ýaly ugurlarda sanly tehnologiýalar arkaly iş dolandyrylyşy giňden ornaşdyrylýar.

Magtymguly we dünýä ylmy

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, öz ady hem-de gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýän Magtymguly Pyragynyň mertebesi müdimidir. Hut şonuň üçin-de, şahyryň ismi asyrlardan-asyrlara dillerden düşmän gelýär. Gündogary öwreniji alym A.Ý.Krymskiý öz işlerinde «Magtymgulynyň şahsyýeti barada eýýäm köp sanly legendalar aýdylýar» diýip ýazypdyr. Alym A.Baýmyradow bolsa «Rowaýatlarda taryhy şahslar» atly kitabynda her bir rowaýatda beýan edilýän wakanyň jümmüşine aralaşmagyň uly ähmiýete eýedigini belläp, öz pikirini Magtymguly Pyragy hakda halk arasynda dilden-dile geçip gelýän rowaýatlar bilen berkidýär. Uzak ýyllaryň dowamynda bize Magtymguly Pyragynyň Eýranda ýaşaýan kowumdaşy Aba işandan şahyryň golýazmalarynyň ähmiýeti dogrusynda birnäçe rowaýatlary ýazyp almak miýesser etdi. Şol rowaýatlaryň käbirini okyjylara ýetirmegi hem-de beýik akyldaryň golýazmalarynyň dünýä ýaýraýşy hakynda söz açmagy makul bildik. Molladurdy goşukly

Dil biliminde leksikanyň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ene dilimiz ylmy esasda öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen iki jiltden ybarat «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi» hem-de «Türkmen diliniň orfografik sözlügi» halkymyza ýetirildi. Jemgyýetimiziň ösüşi bilen bagly ýüze çykýan milli dilimiziň baýlyklary bu sözlüklerde öz beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur manyly taryhy romanlary, nusgalyk kitaplary sözlük düzmek işinde hem-de daşary ýurt dillerini öwretmekde alymlara nusga boldy.

Dil hakynda danalaryň sözleri

«7/24.tm», № 06 (89), 07.02.2022. Gowy gürläniňden gowy işleri edeniň görnüklidir.

Türkmenistanyň energetika syýasatynyň täze belentlikleri: wodorod energiýasy

28-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasyny» tassyklamak hakynda degişli Karara gol çekdi. Bu resminama «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen, döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen wodorod energetikasy pudagyny döretmek bilen bagly strategik maksatlaryň we çäreler toplumynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen kabul edildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem energetika diplomatiýasydyr. Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde öňe süren BMG-niň pes uglerodly energiýany ösdürmek boýunça Strategiýasyny hem-de wodorod energetikasyny ösdürmek üçin halkara «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamak bilen bagly teklipleri ekologik taýdan oňaýly energetikany ösdürmäge we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa çagyrýarys!

1. 2022—2023-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi okamaga isleg bildiren, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlanda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigini habar berýär. 2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlary hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.

Saz dünýäsinde sanly ulgam (Tanyş boluň, ýaş alym!)

Ýaş alym Türkmenistanda ilkinji bolup çagalar sungat mekdepleri üçin multimedia okuw gollanmasyny taýýarlady TALYPLYK — YLYMLAR ÄLEMINE GADAM

Guýularda parafiniň emele gelmeginiň sebäpleri we ony arassalamagyň ýollary

Gatlagyň nebit berijiliginiň peselmegine getirýän sebäpleriň biri nebitiň düzüminden parafiniň bölünip çykmagydyr. Şonuň netijesinde öýjükli kanallaryň bir bölegi dykylýar. Nasos-kompressor turbalarynyň (NKT) içki diwarynda, agyz üst enjamlarynda we çykaryş turbalarynda parafin gatlagynyň emele gelmegi suwuklygyň geçiriş kesigini kiçeldýär we onuň akymyny peseldýär. Parafin gatlaklarynyň emele gelmegi nebit senagatynda ulanylýan enjamlaryň işini çylşyrymlaşdyrýar we nebit çykarmakda, daşamakda hem-de saklamakda özboluşly päsgelçilik döredýär, nebitiň özüne düşýän gymmatyny ýokarlandyrýar. Parafin gatlagy ýaga meňzeş suwuklykdan gatan derejesine çenli ýeten garamtyl massa görnüşde bolup, düzüminde parafinden başga-da ep-esli derejede şepbigiň mukdaryny, suwy we mineral bölejikleri saklaýar. Adaty şertlerde parafinler gaty kristal jisim görnüşde duş gelse, ýer gatlagynda, köplenç, nebitiň düzüminde erän görnüşde bolýar.

Iňlis dilini öwrenmegiň ähmiýeti

«7/24.tm», № 05 (88), 31.01.2022.  Iňlis dilini bilmegiň örän peýdalydygy we möhümdigi hemmelere mälimdir. Bu bolsa iňlis dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmany artdyrýar. Şu gün okyjylara iňlis dilini öwrenmegiň ähmiýeti hakynda gürrüň bermegi makul bildik.

Hünärim bar, hormatym bar

Şu okuw ýylynyň başyndan biziň ýokary okuw mekdebimizde zähmet we tehnologiýanyň esaslary hünäri öwredilip başlandy. Bu hünäri öwrenýänlere sanly ykdysadyýet, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, tehniki we çeper döredijilik, konstruksion materiallaryň tehnologiýasy, zähmet howpsuzlygy, ýylylyk tehnikasy, maşynlaryň we mehanizmleriň teoriýasy, kompýuter tehnologiýalaryny zähmet okuwynda ulanmak ýaly umumy matematiki we tebigy-ylmy, şeýle hem umumy hünär we ýörite hünär dersleriniň 40-dan gowragy boýunça çuňňur düşünjeler berilýär. «Hünärim bar — hormatym bar» diýip ýöne ýerden aýtmandyrlar. Döwrüň özgermegi bilen hünärler hem kämilleşýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hünäre goýulýan sarpa has ýokarlandy. Munuň özi ozaly bilen Ýurtbaştutanymyzyň ylym-bilimi jemgyýeti ösdürýän güýç hökmünde öňe sürmegi bilen baglanyşyklydyr. Hünär ynsany täze belentliklere galkyndyrýar, onuň ruhuny beýgeldýär, durmuşyna çuňňur many çaýýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara edýän sargytlarynda hem hünär öwrenmek esasy orny tutýar. Mähriban Arkadagymyzyň eserlerinde biz bu hakykaty aýdyň görýäris. Döwlet Baştutanymyzyň il-ýurdumyzyň ösüşlerine gönükdirilen zähmete belent sarpa goýulýandygy baradaky gymmatly pikirleri ykdysady ösüşlerimize, bedewlere, halylara bagyşlanylan ylmy ýa-da «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» ýaly çeper eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu bolsa ý

Ylym — rowaçlyklaryň badalgasy

Gahryman Arkadagymyzyň aladalary netijesinde, ýurdumyzda Ylymlar akademiýasynyň işiniň ýola goýulmagy, aspiranturalaryň we doktoranturalaryň döwrüň talaplaryna laýyk işlemegi, şeýle-de ýokary okuw mekdeplerinde ylmy merkezleriň döredilmegi bilen ylym ulgamynda täze sepgitlere ugur alyndy. Ylmy-tehniki ösüşleriň yzygiderli ýokarlanmagyny gazanmakda ýaşlaryň paýyna köp zatlaryň düşýändigi bellidir. Ýurdumyzyň ylym ulgamyny ýokary derejelere götermäge gönükdirilen işleriň hatarynda dünýäniň ylmy giňişligine çykmaga ukyply ýaş alymlarymyzyň neslini kemala getirmek meselesine hem uly üns berilýär. Türkmen oba hojalyk institutynda hem bu babatda düýpli işler amala aşyrylýar. Ýaş alymlar we hünärmenler tarapyndan oba hojalygyny ösdürmek, talyplara ylmy esasda bilim bermek, ylmy barlaglary alyp barmagyň usullary, ylmy-önümçilik tejribelikleriň geçirilişi barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Ylymly il ozar

Bagtyýarlyk döwrümiziň hem-de abadan günlerimiziň kerwenini çekip barýan ata Watanymyz bu günki gün belent ösüşleriň aýdyň ýoluna düşdi. Ösüşlerimiziň özeni bolan ylym-bilim barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem buýsançly söhbet edilýär. Kitabyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» diýen bölümindäki dürdäne setirleri okanyňda häzirki döwürde ösen döwletleriň esasy baýlygy bolup durýan ylym-bilim ulgamynyň mähriban Watanymyzda hem uly ösüşlere eýe bolýandygyna, onuň kuwwatynyň artýandygyna has-da guwanýarsyň. Kitapdaky: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýen dürdäne setirler çuňňur mana eýedir. Çünki, häzirki döwürde ýurdumyzyň ylym-bilim işgärleriniň öňünde durýan baş wezipeler bilimde, ylymda we tehnikada gazanylan oňyn netijelere esaslanyp, milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmekden, ylymly, bilimli, zähmetsöýer, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu biz — ýaşlar üçin-de, jemgyýetimiz üçin-de iň uly mirasdyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen, innowasion enjamlar gündelik durmuşymyzda wajyp orna eýe boldy. Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň kuwwaty we gülläp ösmegi, ilkinji noba

Guýy sütünleriniň sementaž işleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Her bir nebitgazly sebit üçin AKS (akustiki karotaž sementomer) enjamynyň geçirilmeli optimal amatly wagty sement ergininiň fiziki-himiki häsiýetlerine we başlangyç temperaturasyna baglylykda, ýörite guýy synag işleri netijesinde kesgitlenilmelidir. Mysal üçin, has çalt doňýan portlandsement garyndysy 24 sagada çenli gatap ýetişýär. Emma az ýylylyk bölüp çykarýan gelsement ergininiň gatap doňmasy birnäçe güne çekýär. Şol sebäpli AKS usuly sement doly gatap doňandan soňra geçirilmelidir. Önümçilik geofiziki toparlary tarapyndan ulanylýan AKS usuly gatap, doňan sementiň oturtma sütüni we gatlak bilen tutluşyp, jebisleşme ýagdaýyny kesgitleýär. Termometriýa usuly bolsa oturtma sütüniniň daşyndaky sement ergininiň düşen aralygynyň ýokarky derejesini kesgitleýär. Iň ýokary gyzgynlyk bölünip çykmasy sementiň tutluşyp başlan wagtynda ýüze çykýar. Netijede, termometriýa usuly sementiň tutluşyp başlan döwründe geçirilse, has anyk netije berýär. Günbatar Türkmenistanda gazylýan guýularda biziň ýurdumyzda öndürilip, häzirki wagtda ulanylýan sementiň synag işleri geçirilende, termometriýa usulynyň 12 sagada çenli, AKS usulynyň bolsa 24 sagatdan soňra geçirilmegi amatly netije berdi.

Görnükli alymyň nebitgaz senagatynda hyzmaty uludyr

Ýurdumyzda, şol sanda onuň daşynda hem belli alym Myrat Täşliýew dynç alşa çykandan soňam «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutyna köp gelýärdi. Ol juda pespäl hem göwnaçyk adamdy, özi ýaly alymlar, ýaş hünärmenler bilen gürrüňdeş bolmagy, ylmy derňewleri barada pikir alyşmagy, öz garaýyşlaryny paýlaşmagy halaýardy. Şeýle günlerde ol «Nebit-gaz» gazetine gelip, redaksiýanyň işi barada hem söhbetdeş bolmaga wagt tapýardy. Onuň hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzyň rowaçlyklara beslenişi, döwlet we halkara derejesindäki başlangyçlary, nebit, gaz, geologiýa pudaklary, nebitgazhimiýa senagatynyň häzirki wagtda ähmiýeti we geljegi, gazylyp alynýan gaty magdanlar baradaky gürrüňleri diňleýjisini ýüpsüz baglap, düýrmegi bilen gulak salmaga mejbur edýärdi diýsem hakykatdan daş düşmejegime ynanýaryn. anymal adamlaryň düşünjesi köptaraplaýyn ösen bolýar. Alym edebiýatdan hem üzňe däldi. Hormatly

Zehinli we başarnykly ýaşlar

«7/24.tm», № 04 (87), 24.01.2022. Dünýäniň zehinli ýaşlary hakyndaky maglumatlar hemişe adamlary gyzyklandyrypdyr. Şol  ýaşlar hakyndaky gyzykly maglumatlary okyjylara hödürleýäris.

Bilgirjä sowal

— Bilgirje, näme üçin ses ýaňlanýar? — Mähriban çagalar, sesiň näme üçin ýaňlanýandygyny bilmek üçin, ilki bilen, sesiň nämedigine doly düşünmegimiz gerekdir.

Hazar — deňizden has uly hazyna (Tanyş boluň, ýaş alym!)

Türkmenistanly ýaş alym Jumamyrat Gutlyýew Hazarýaka sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda teklipleri öňe sürýär Döwürdeş şahyrlarymyzyň biri Hazary Awazanyň aýnasyna deňäpdir. Tüýs ýerine düşen meňzetme. Çaýkanyp ýatan mawy deňiz aýna diýseň, aýna, hazyna diýseň, hazyna. Ýöne bu deňiz diňe aýna ýa hazyna däl. Ol dünýäniň iň uly köli bolmagyndan hem, Aziýadaky iň iri deňizleriň biri bolmagyndan hem has zyýada ähmiýete eýe. Ine, şol ähmiýet ýaş alym — Boldumsaz etrabynyň Maliýe we ykdysadyýet bölüminiň býujeti jemleýji bölümçesiniň esasy hünärmeni Jumamyrat Gutlyýewiň «Hazar deňziniň sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly ylmy işinde öz beýanyny tapýar.

Guýy sütünleriniň sementaž işleri

Günbatar Türkmenistanyň nebitgazly ýataklarynyň esasy aýratynlyklarynyň biri nebitgaz önümli we suwly gatlaklaryň sanynyň köplügi bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, geologiýa kesiminde dykyz gatlaklar arkaly özara bölünen birnäçe önümli gatlaklaryň ýüze çykmaklygy, bu gatlaklaryň doýgunlyk häsiýetleriniň we basyş derejeleriniň dürli bolmaklygy, suwdoýgunly gatlaklar bilen nebitgazly gatlaklaryň ýerleşen aralyklarynyň golaý bolmaklygy, aşaky suw gatlagy bilen galtaşýan nebit gatlagynyň örän ýuka bolmaklygy we beýleki faktorlar tehniki sütünleriň, esasan hem, ulanyş sütünleriniň sement arkaly berkidilip oturdylmaklygynyň, sementiň gatlak we sütün bilen tutluşyp, berkeme derejeleriniň ýokary hilli bolmaklygyny talap edýär. Şonuň üçin guýy gazuw döwründe oturtma sütünlerini sementlemek işleri jogapkärli işleriň biri bolup durýar. Buraw gazuw işlerinde ulanyş guýularynyň oturtma sütünini sement arkaly berkitmek tamamlaýjy we iň bir çylşyrymly iş bolup durýar. Guýynyň geljekde togtaman, uzak wagtlap işlemekligi, önüm berijilik derejesi, nebitgaz ýataklarynyň özleşdirme ýagdaýy, gatlaklardan alynýan nebitgaz gorlarynyň umumy mukdary, önümiň özüne düşýän gymmaty, ilkinji nobatda, sementaž işleriniň hiline bagly bolup durýar. Nebitsenagat önümçilik işleriniň netijelerinden belli bolşy ýaly, sementaž işleriniň hiliniň pes bolmaklygy guýularyň abatlaýyş işleriniň uzaga çekmekligine

Dünýäni dürli reňklerde görmek isleseň...

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Her bir adam dünýäni birhili görýär. Ylym adamlary dünýäniň, durmuşyň her bir ülşünden ylmy many çykarmaga çalyşýarlar ýa-da şonuň näme üçin şeýledigini derrew ylmy esasda subut etmäge, akyl ýetirmäge we indiki boljak işleri öňünden kesgitlemäge başlaýarlar. Saz bilen iş salyşýan adamlar bolsa dünýäni notalaryň üsti bilen görýär. Olaryň eşidiş ukyby eýýäm başgaça. Olar hatda adaty adamlar üçin jansyz, sessiz bolan materiallardan hem owaz eşidýärler, şol eşidýän mukamyny bolsa gaýtadan ýene adamlara gaýtaryp berýärler. Söz sungatynyňky ýene tapawutly. Olar dünýäni sözüň üsti bilen ony okan adamlaryň hyýalynda janlandyrmagy başarýarlar. Şekillendiriş sungaty bolsa dünýäni diňe reňklerde berýär. Aňlamagy başarsaň reňkleriň manylary şeýle bir giň we çuň welin, olaryň üsti bilen temperatura, wagt, gaýgy-alada, şatlyk, tizlik, mähirdir söýgi ýaly abstrakt zatlaram duýmak bolýar.

Zehinli ýaşlar sylaglandy

Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyna berýän ünsi netijesinde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman mekdepleriniň gurulmagy, ozaldan hereket edýän bilim ojaklarynyň iň döwrebap kompýuterler, beýleki zerur enjamlar we okuw gollanmalary bilen üpjün edilmegi, okuw işlerine ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň, interaktiw-multimedia hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Muňa mekdep okuwçylarynyň dürli derejedäki ders we taslama bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri anyk mysal bolup durýar. Ahal welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary bolsa, ýurdumyzda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders we ylmy döredijilik bäsleşiklerinden başga-da okuw dersleri boýunça halkara onlaýn internet olimpiadalaryna yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Okuwçy ýaşlarymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Saratow şäherindäki «Erudit» okuw-ylmy merkezi tarapyndan geçirilýän halkara dersara onlaýn internet olimpiadasynda gazanýan üstünlikleri has-da guwandyryjydyr. Kaka etrabyndaky orta mekdepleriň okuwçylary agzalan internet olimpiadasyna 2021 — 2022-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynda has işjeň gatnaşyp, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular. Şonuň bilen baglanyşykly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şu taryhy günlerinde etrabyň Medeniýet öýünde internet olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy ge