Guýy sütünleriniň sementaž işleri

24 Ýanwar 2022
2216

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda)

Her bir nebitgazly sebit üçin AKS (akustiki karotaž sementomer) enjamynyň geçirilmeli optimal amatly wagty sement ergininiň fiziki-himiki häsiýetlerine we başlangyç temperaturasyna baglylykda, ýörite guýy synag işleri netijesinde kesgitlenilmelidir. Mysal üçin, has çalt doňýan portlandsement garyndysy 24 sagada çenli gatap ýetişýär. Emma az ýylylyk bölüp çykarýan gelsement ergininiň gatap doňmasy birnäçe güne çekýär. Şol sebäpli AKS usuly sement doly gatap doňandan soňra geçirilmelidir. Önümçilik geofiziki toparlary tarapyndan ulanylýan AKS usuly gatap, doňan sementiň oturtma sütüni we gatlak bilen tutluşyp, jebisleşme ýagdaýyny kesgitleýär. Termometriýa usuly bolsa oturtma sütüniniň daşyndaky sement ergininiň düşen aralygynyň ýokarky derejesini kesgitleýär. Iň ýokary gyzgynlyk bölünip çykmasy sementiň tutluşyp başlan wagtynda ýüze çykýar. Netijede, termometriýa usuly sementiň tutluşyp başlan döwründe geçirilse, has anyk netije berýär. Günbatar Türkmenistanda gazylýan guýularda biziň ýurdumyzda öndürilip, häzirki wagtda ulanylýan sementiň synag işleri geçirilende, termometriýa usulynyň 12 sagada çenli, AKS usulynyň bolsa 24 sagatdan soňra geçirilmegi amatly netije berdi.

Handurdy HANGELDIÝEW,
«Türkmennebit» DK-nyň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň baş geology.
Beýleki habarlar