Hünärim bar, hormatym bar

26 Ýanwar 2022
2407

Şu okuw ýylynyň başyndan biziň ýokary okuw mekdebimizde zähmet we tehnologiýanyň esaslary hünäri öwredilip başlandy. Bu hünäri öwrenýänlere sanly ykdysadyýet, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, tehniki we çeper döredijilik, konstruksion materiallaryň tehnologiýasy, zähmet howpsuzlygy, ýylylyk tehnikasy, maşynlaryň we mehanizmleriň teoriýasy, kompýuter tehnologiýalaryny zähmet okuwynda ulanmak ýaly umumy matematiki we tebigy-ylmy, şeýle hem umumy hünär we ýörite hünär dersleriniň 40-dan gowragy boýunça çuňňur düşünjeler berilýär.

«Hünärim bar — hormatym bar» diýip ýöne ýerden aýtmandyrlar. Döwrüň özgermegi bilen hünärler hem kämilleşýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hünäre goýulýan sarpa has ýokarlandy. Munuň özi ozaly bilen Ýurtbaştutanymyzyň ylym-bilimi jemgyýeti ösdürýän güýç hökmünde öňe sürmegi bilen baglanyşyklydyr. Hünär ynsany täze belentliklere galkyndyrýar, onuň ruhuny beýgeldýär, durmuşyna çuňňur many çaýýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara edýän sargytlarynda hem hünär öwrenmek esasy orny tutýar. Mähriban Arkadagymyzyň eserlerinde biz bu hakykaty aýdyň görýäris. Döwlet Baştutanymyzyň il-ýurdumyzyň ösüşlerine gönükdirilen zähmete belent sarpa goýulýandygy baradaky gymmatly pikirleri ykdysady ösüşlerimize, bedewlere, halylara bagyşlanylan ylmy ýa-da «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» ýaly çeper eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu bolsa ýaşlary ynsanperwerlik, zähmetsöýüjilik we belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde, hünäre gözükdirmekde uly bir mekdepdir.

Atda BATYROW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar