Guýy sütünleriniň sementaž işleri

17 Ýanwar 2022
2140

Günbatar Türkmenistanyň nebitgazly ýataklarynyň esasy aýratynlyklarynyň biri nebitgaz önümli we suwly gatlaklaryň sanynyň köplügi bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, geologiýa kesiminde dykyz gatlaklar arkaly özara bölünen birnäçe önümli gatlaklaryň ýüze çykmaklygy, bu gatlaklaryň doýgunlyk häsiýetleriniň we basyş derejeleriniň dürli bolmaklygy, suwdoýgunly gatlaklar bilen nebitgazly gatlaklaryň ýerleşen aralyklarynyň golaý bolmaklygy, aşaky suw gatlagy bilen galtaşýan nebit gatlagynyň örän ýuka bolmaklygy we beýleki faktorlar tehniki sütünleriň, esasan hem, ulanyş sütünleriniň sement arkaly berkidilip oturdylmaklygynyň, sementiň gatlak we sütün bilen tutluşyp, berkeme derejeleriniň ýokary hilli bolmaklygyny talap edýär. Şonuň üçin guýy gazuw döwründe oturtma sütünlerini sementlemek işleri jogapkärli işleriň biri bolup durýar.

Buraw gazuw işlerinde ulanyş guýularynyň oturtma sütünini sement arkaly berkitmek tamamlaýjy we iň bir çylşyrymly iş bolup durýar. Guýynyň geljekde togtaman, uzak wagtlap işlemekligi, önüm berijilik derejesi, nebitgaz ýataklarynyň özleşdirme ýagdaýy, gatlaklardan alynýan nebitgaz gorlarynyň umumy mukdary, önümiň özüne düşýän gymmaty, ilkinji nobatda, sementaž işleriniň hiline bagly bolup durýar. Nebitsenagat önümçilik işleriniň netijelerinden belli bolşy ýaly, sementaž işleriniň hiliniň pes bolmaklygy guýularyň abatlaýyş işleriniň uzaga çekmekligine we guýularyň uzak wagtlap hereketsiz durmaklygyna getirýär. Köplenç ýagdaýlarda bolsa birnäçe guýularyň düýbünden önüm bermekligini togtatmaklygyna alyp barýar.

Handurdy HANGELDIÝEW,
«Türkmennebit» DK-nyň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň baş geology.
Beýleki habarlar