Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Talyp gyzyň üstünligi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Ajap Batyrowa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guralan onlaýn bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu bäsleşik bedenterbiýe we sport adalgalary boýunça geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň 10-syndan 80-den gowrak talyp gatnaşdy.

Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasy: «Ýaşyl» ösüş. Wodorod energetikasy. Döwrüň zerurlygy

Üns berýän bolsaňyz, soňky ýyllarda halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň tejribesinde «ýaşyl» ösüş bilen baglanyşykly kän-kän täze düşünjelerdir adalgalar peýda bolýar. «Ýaşyl» ykdysadyýet, «ýaşyl» geljek, energiýanyň alternatiw görnüşleri, howanyň ählumumy maýlamagy we onuň täsirlerine uýgunlaşmak, ösüşi maliýeleşdirmek, pes uglerodly energetika, parnik gazlary, ozon gatlagynyň ýukalmagy, Pariž ylalaşygy, howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagyny 1,5oC derejede saklamak, howa sammitleri, ekoişjeňlik... ýaly düşünjeler bu gün hemmeleri adamzadyň umumy öýünde howanyň üýtgemegi zerarly ýüze çykýan çökgünlige garşy bilelikde göreşmäge çagyryş bolup ýaňlanýar. Elbetde, «A» harpdan başlap, Aýa çenli baryp ýeten adamzadyň intellektual ukyp-başarnyklarynyň, adam aňy bilen döredilen innowasion tehnologiýalardyr nou-haularyň mümkinçilikleri tükeniksiz. Ýöne soňky onýyllyklarda tebigata ýetirilýän antropogen täsirler we howanyň ählumumy maýlamagy zerarly bolup geçýän hadysalar dünýä jemgyýetçiligini uly howsala saldy. Hut şu mesele hem «ýaşyl» geljegi gurmak babatda örän paýhasly, toplumlaýyn, sazlaşykly tagallalara zerurlygy barha artdyrýar. «Daşky gurşaw hakynda aladalanmazdan, dünýä döwletleriniň we halklarynyň durmuş hem-de ykdysady ösüşini üpjün etmek mümkin däl». Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gysgadan çuň manyny özünde jemleýän şu jümlesi halkara giňişl

Dürler hazynasy

Durmuşda dogry ýoly salgy berýän dost kitapdyr. Ol bilimleriň çeşmesi bolup hyzmat edýär, dünýägaraýşyň giňelmegine täsir edýär. Biziň her birimiz özümizi gyzyklandyrýan soraglara jogaplary kitabyň üsti bilen tapyp bilýäris. Olaryň terbiýeçilik ähmiýeti hem ýokary bolup, ündelýän pikirler ynsany diňe ýagşy ýola atarýar. Eziz Diýarymyzda medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülen kitaplara goýulýan hormat-sarpa has-da artýar. Halkymyzyň dünýägaraýşyny giňeltmek, ýaşlaryň bilim derejesini dünýäniň ösen ülňülerine çykarmak üçin ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň kitap hazynasy barha baýlaşýar. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde hem oňat abzallaşdyrylan kitaphanalaryň bardygy guwandyrýar. Olarda diňe okuw kitaplarynyň, gollanmalaryň däl-de, çeper edebiýatlaryň, ylmy we ensiklopedik eserleriň bolmagy ýaş nesliň kämilleşmegi üçin hemme şertleriň döredilýändiginiň subutnamasydyr.

Halkara bilim bäsleşikleri: kämillik mekdebi

Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji pursatlarynda ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almaklary üçin edilýän aladalaryň has ýokary derejelere çykaryljakdygyny aýtdy. Bu aýdylanlar eýýäm öz miwesini berip başlady. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde hem habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalaryny geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary her ýyl halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerine we olimpiadalara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar hem-de Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýärler. Soňky ýyllarda bolsa ýurdumyzda hereket edýän ýokary okuw mekdeplerinde hem şeýle halkara bilim bäsleşikleri guralyp, olara dünýäniň dürli künjeklerinden zehinli ýaşlaryň gatnaşmaklary üpjün edilýär. Bu bolsa ýaşlarymyzyň daşary döwletlerdäki deň-duşlary bilen bäsleşip, has çuňňur bilimiň we hünäriň eýesi bolmaklaryny üpjün edýär. Şu aýda halkara internet olimpiadasyny geçirjek ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty hem bar. Biziň baýry ýokary okuw mekdebimizde, Hökümet mejlisinde hem habar berlişi ýaly, 17-nji maýda iňlis dili dersi boýunça I halkara internet olimpiadasy geçiriler. Häzirki wagtda institutda bu halk

Ylym we döwrebap tehnologiýalar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym-bi­lim tä­ze ösüş­le­re bes­len­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ylym­ly-bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly hü­när­men­le­ri ýe­tiş­dir­mek, yl­myň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry­ny dur­mu­şa or­naş­dyr­mak esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Şun­da san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti bar­dyr, çün­ki bu tä­ze ugur okat­ma­gyň döw­re­bap usul­la­ry­ny ke­ma­la ge­tir­ýär. Biz san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň iş­jeň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len uzak ara­lyk­dan oka­dyl­ýan­dy­gy­ny, on­laýn mas­la­hat­la­ryň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni gör­ýä­ris. Şeý­le hem bi­lim por­tal­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi, elekt­ron ki­tap­la­ryň hö­dür­len­me­gi ýa­ly ugur­lar bi­lim ber­mek­de iň tä­ze ugur­lar ha­sap­lan­ýar. Mu­nuň özi, il­kin­ji no­bat­da, ýaş­la­ryň oka­dyl­ýan sa­pa­gy tiz öz­leş­dir­mek­le­ri­ne, ki­tap­lar bi­len tiz ta­nyş­mak­la­ry­na ýar­dam ed­ýär. Her dö­wür­de teh­ni­ki se­riş­de­le­riň ösü­şi ada­myň te­bi­ga­tyň ka­nun­la­ry­na akyl ýe­ti­riş we ola­ry tej­ri­be­de ula­nyş uky­by­na bag­ly bo­lup­dyr. Yl­my-teh­ni­ki ösü­şiň bin­ýa­dyn­da yn­sa­nyň akyl zäh­me­ti bar­dyr. Şo­nuň üçin hem bu ug­ruň ös­dü­ril­me­gi yn­sa­nyň aň-dü­şün­je­si­niň ös­me­gi, yl­myň bar­ha giň müm­kin­çi­lik­le­re eýe bol­ma­gy ýa­ly ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar. Şo­nuň üçin ýaş­la­ryň di­ňe bir teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­kar­

Ussat mugallym

 «7-24.tm», № 18 (101), 02.05.2022 Ýaş nesli döwrebap terbiýeläp ýetişdirmek bilim ulgamynda esasy wezipe bolup durýar. Şol wezipäni ýerine ýetirmekde Baýramaly şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiniň ýokary derejeli  matematika mugallymy Akja Garýagdyýewa özüniň asylly zähmetini we baý iş tejribesini döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary sowatly, başarjaň, ukyply edip ýetişdirmäge sarp edýär.

Nebitiň we gazyň toplanmagy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Başlangyç toplanma şu ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň netijesinde amala aşýar: uglewodorod gazlarynyň suwdan (nebitden) subkapillýar köpürjikler görnüşinde, erginden gazlaryň diffuziýasynyň netijesinde irelmegi we kiçi ölçegli köpürjikleriň has uly köpürjiklere birleşmegi; temperaturanyň peselmegi bilen suwly erginlerden suwuk uglewodorodlaryň bölünip çykmagy we minerallaşmanyň ýokarlanmagy bilen olaryň ýaglanmagy hem-de soňra emele gelen damjalaryň koalessensiýasy (koalessensiýa — damjalaryň biri-biri bilen birleşme hadysasy), suwuk uglewodorodlaryň misellýar (misellýar — has owunjak bölekler) erginleriniň elekden geçme bölünmegi we ýarym geçirijilikli (syzdyryjylykly) ekranyň içinden suwuň süzülmeginiň netijesinde olaryň emulsiýasy; suwuk uglewodorodlaryň gazkondensat erginlerden bölünip aýrylmagy. Başlangyç toplanmanyň mehanizminde heniz köp näbellilikler bar. Ähtimal, onuň aýry-aýry bölekleri we ýagdaýlary başlangyç göçmede eýýäm bardyr, onuň netijesinde nebit we gaz öndüriji dag jynslaryndan erkin faza görnüşinde göçüp biler.

Bähbitli barlaglar

Häzirki wagtda energiýanyň iň möhüm aýratynlyklaryndan biri, ol hem onuň her günde diýen ýaly sarp edilişiniň barha artýandygydyr. Ýangyjyň dünýä bazarynda bahasynyň ýokarlanmagy, energiýany öndürmegiň we toplamagyň täze usullaryny gözlemäge mejbur edýär. Energiýany öndürmegiň adaty usullary bilen bir hatarda, ony öndürmegiň adaty bolmadyk görnüşleri, ýagny, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň hasabyna energiýany öndürmek ähli ýurtlarda diýen ýaly ýola goýuldy we ylmy taýdan öwrenilýär. Energiýany gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň hasabyna öndürmek bilen bir hatarda ony toplamak, ýagny, Gün gyzdyryjylarynyň (Gün kollektorlarynyň) hasabyna öndürilen ýylylyk energiýasyny agşamlaryna ýa-da gijelerine peýdalanmak üçin ýörite gurluşlary ornaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Häzirki wagtda bu gurluşlar giňden peýdalanylyp gelinýär.

Nebitiň we gazyň toplanmagy

Türkmenistanyň çäginde nebitgaz ýataklarynyň esasy bölegi ýurdumyzyň günorta-günbatar, gaz-gazkondensat ýataklarynyň esasy bölegi bolsa merkezi, gündogar we günorta-gündogar çäklerinde jemlenen. Munuň şeýle bolmagy ýerasty gatlaklarynyň onlarça million ýyllaryň dowamynda geologik ösüş taryhy, tektoniki hereketler, ýerasty jaýrylmalar, paleogeografik, litologik-fasial, organiki maddalaryň, nebit we gaz emele getiriji dag jynslarynyň ýaýraýşy, duzaklaryň, ýataklaryň örtükleriniň, gidrogeologik, termobariki, şeýle-de soňra bolup geçýän dürli hadysalar bilen şertlendirilen. Ýeriň jümmüşinde nebitiň, gazyň we gaz kondensatynyň toplanmagynyň dürlüligi ýokarda sanalyp geçilen şertler bilen gös-göni bagly. Şu makala taýýarlananda nebitiň we gazyň toplanmagy barada çap edilen edebiýat çeşmelerinden hem peýdalanyldy.

Ýaşlar hakda söz

«7/24.tm», №17 (100), 25.04.2022 Ýaşlyk — güýç, hyjuw, terlik, täzelik, ynam, maksat, durmuşa, tebigata, dünýä, adamlara egsilmez söýgi. Ýaşlyk ynsanyýeti, jemgyýeti öňe äkidiji täze pikirleriň çeşmesidir, şu dury çeşmäniň suwy ýaşaýşa okgunlylyk berýär, ony özgerdýär, düýbünden täze keşbe, janlylyga besleýär.

Suwaryş: has tygşytly usul

Suwy tygşytlamakda türkmen alymlary tarapyndan oýlanyp tapylan täze usullar barada ýörite habarçymyz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bölüm müdiri, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, tehniki ylymlaryň kandidaty Aşyrmuhammet SAPARMYRADOW bilen gürrüňdeş boldy. — Aşyrmuhammet aga, suwuň her damjasyny altyn dänesine deňäp, ony tygşytly ulanmak bizde ýörelge bolup galypdyr. Bu ugurda has kämil usuly oýlap tapmak üçin ylymdyr tehnologiýanyň giň mümkinçiliklerini iş ýüzünde ulanmagyň ähmiýeti, derwaýyslygy barha artýar.

«Açyk gapylar» gününe çagyrýarys!

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2022-nji ýylyň 30-njy aprelinde we 14-nji maýynda sagat 15.00-da 2022—2023-nji okuw ýylynda okuwa girmek isleýän ýaşlar bilen «Açyk gapylar» günlerini geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda durmuşa ornaşdyrýan düýpli özgertmeleri, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyna» laýyklykda institutda alnyp barylýan işler, şeýle hem taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp barylýan okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler barada «Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara giňişleýin maglumat berler.

Gerekdir

Bedew atyň tarypyny aýdaly, Ibrişim ýüpekden ýaly gerekdir.

Ylym — kämilligiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymly-bilimli, kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek beýik geljegimizi nazarlaýan döwlet ähmiýetli wezipe bolup durýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekde ýaşlara uly ynam bildirilýär. Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip nygtady.

Näme üçin astronomiýany öwrenmeli? (Bilim we geljek)

10 ýaşlarymda iňlis dilinde «Professor Boffiniň saýawany» atly ýukajyk kitap okapdym. Hekaýada Boffin atly professoryň uçýan saýawany bardy. Şol saýawanyň kömegi bilen ol älem giňişligine syýahat edip bilýärdi. Beýleki planetalarda ýaşaýanlar bilen tanyşýardy. Ýene-de onuň kömegi bilen Ýere dolanýardy. Elbetde, bu hekaýadaky wakalar känbir ynandyryjy bolmasa-da, henizem gözüm bir saýawana düşse, älem giňişligine saýawanly gitmek barada pikir etmän duramok. Hakykatdan-da, Gün, Aý, ýyldyzlar biziň çagalykdan ählimiziň surat depderlerimizi bezeýän asman jisimleri. Olara göz, gaş we agyz ýasap, bize gülüp bakyp duran şekillerini çekmekden henizem hemmämiz lezzet alýarys. Ululy-kiçili ýyldyzlary bolsa hemişe Aýyň daşynda hatarlaýarys. Meşhur adamlary ýyldyzlara deňemek däbi hem, megerem, ýyldyzlaryň ähli ýerde görünýändigi, meşhurlaryň hem dünýäniň hemme ýerinde tanalýandygy bilen baglanyşyklydyr. Emma bularyň hiç biri biziň älem giňişligi barada çuňňur öwrenmegimiz üçin ýeterlik bolmaýar. Ata-ene bolanyňyzdan soňra çagaňyz sizden öz söýgüli Güneşi, Aý mamasy we ýyldyzlary barada içgin sowallary sorap başlasa, ine, şonda bular baradaky çuňňur ylym bolan astronomiýany öwrenmelidigiňizi ýatlarsyňyz. Eýsem, diňe çagalaryň sowallaryna jogap tapmak üçin däl, astronomiýany öwrenmek üçin ençeme degerli sebäpler bar. Geliň, olar barada durup geçeliň!

Geçmişiň daşa ýazylan şaýady ýa-da «Peleňli zaw» gaýasyndaky ýazgylar barada söhbet

Ýazgylaryň haýsy dilde ýazylandygyny, haýsy döwre degişlidigini anyklamak kyn. Ýöne geçiren deslapky barlaglarymyzyň çäklerinde, olarda Awesta elipbiýine çalym edýän şekilleri görmek bolýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan BMG-niň Ylym, bilim we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen köptaraply gatnaşyklara uly ähmiýet berýär. Bu gurama bilen ýurdumyzyň degişli edaralarynyň arasynda okuw maslahatlary guralýar.

Gün şöhlesiniň peýdaly täsiri we onuň ýaramaz täsirinden goranmagyň tertibi

Güneşli Diýarymyzda Gün şöhlesiniň bahasyna ýetip bolmaýan uly baýlykdygyny biziň her birimiz bilýäris. Çünki, Gün şöhlesi janlyjandar üçin egsilmez güýç we ylham, bereket çeşmesidir. Tebigatymyzyň kanuny biziň barymyza we bizi gurşaýan zatlaryň ählisine deň täsir edýär. Şonuň üçin ýylyň yssy pasyllarynda howanyň aşa gyzýan Günlerinde özümizi Günüň göni şöhlesinden goramalydyrys. Günüň şöhlesinden dogry peýdalanylsa, onuň saglyga hem täsiri bardyr. Şol sebäpden Günüň şöhlesinden dogry peýdalanmagymyz hemde ondan dogry goranmagymyz zerur bolup durýar. Onuň üçin her bir raýat ýada çagalara ideg edýän terbiýeçiler we eneatalar arassa howada gezelenç etmek üçin irden sagat 1000-a çenli, öýlän 18.00-dan soň agyzburun örtükli, bellenen aralygy saklap, pasla görä geýnüwli gezelenç etmelidirler. Şeýle ýagdaýda alnan Gün şöhlesi bedenimiziň goragyny güýçlendirýär, gan aýlanyşygyny gowulandyryp, oňaýly täsir edýär. Günüň ultramelewşe şöhleleri öýjüklerde diş we süňk üçin we çaganyň dogry ösmegine ýardam berýär. D witaminiň işlenilip çykmagyna öz täsirini ýetirýär we çagalarda igleme (rahit) keseliniň, ulularda bolsa osteoporoz keseliniň, alyşçalyş hadysalarynyň bozulmalarynyň birnäçesiniň D witamin ýetmezçiligi esasynda döremeginiň öňüni alýar.

Ýazyň görki — ýaşyl baglar

Ýylyň dowamynda gök öwüsýän, bezeg üçin ulanylýan gyrymsy agaçlary köpeltmek güýz paslynyň ahyrynda – gyşyň öň ýanynda başlansa, gowy gögeriş alynýar. Sebäbi güýz aýlarynyň ahyrynda howanyň, topragyň ýylylygy aşaklaýar, kökler haýal ösýär. Ösümlige gelýän suw we ýokumly maddalar az bolýar. Bugarma hadysasynyň haýal geçmegi netijesinde gök pudaklary kesip almak, agaçlara şekil bermek işleri ýerine ýetirilýär. Kesilip alnan gök pudaklar ekmek üçin ýygnalýar, taýýarlanýar. Gök pudaklaryň uzynlary kesilýär. Alnan pudajyklarda 5–7 bogun goýulýar. Gök öwüsýän gyrymsy agaçlaryň köpeldilýän ýeri Gün düşýän, ala kölegeli meýdan ýa-da agaçlaryň aşagy bolmaly.

Tohumyň gögeriş ukyby artdyrylýar

Beýik Britaniýanyň «Tozer Seeds» kompaniýasynyň we Bangor uniwersitetiniň alymlary tohumlaryň «ösüş ukybyny güýçlendirmegiň» üstünde işleýärler. Taslamanyň çäginde olar käbir ösümlikleriň tohumlaryny lazer şöhleleri we tebigy bioişjeň birleşmeler bilen güýçlendirmegiň mümkindigini ýüze çykardylar. Şeýlelikde, güýçlendirilen tohumlar beýleki kowumdaşlaryna garanda, gögerip çykmaga has ukyply bolýar. Alymlar bu täze alnan tohumlary geljegiň tohumlary hökmünde häsiýetlendirdiler.

Ylym — kämilligiň binýady

Eziz Diýarymyzda il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli pudaklara ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň giňişleýin ornaşdyrylmagy hem-de iň täze tehniki hem tehnologiki enjamlaryň netijeli ulanylmagy ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde möhüm ähmiýete eýe bolýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin durmuşa geçirilýän giň gerimli we aýdyň geljegi nazarlaýan özgertmeler toplumlaýyn häsiýete eýe bolýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipesi wajyp orny eýeleýär. Şonuň netijesinde dürli pudaklarda ulanylýan tehnikalar we tehnologiýalar yzygiderli kämilleşdirilýär. Täze tehnologiýalar ýurdumyzyň önümçiligine güýçli depginde ornaşdyrylýar.