Dürler hazynasy

4 Maý 2022
1836

Durmuşda dogry ýoly salgy berýän dost kitapdyr. Ol bilimleriň çeşmesi bolup hyzmat edýär, dünýägaraýşyň giňelmegine täsir edýär. Biziň her birimiz özümizi gyzyklandyrýan soraglara jogaplary kitabyň üsti bilen tapyp bilýäris. Olaryň terbiýeçilik ähmiýeti hem ýokary bolup, ündelýän pikirler ynsany diňe ýagşy ýola atarýar.

Eziz Diýarymyzda medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülen kitaplara goýulýan hormat-sarpa has-da artýar. Halkymyzyň dünýägaraýşyny giňeltmek, ýaşlaryň bilim derejesini dünýäniň ösen ülňülerine çykarmak üçin ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň kitap hazynasy barha baýlaşýar. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde hem oňat abzallaşdyrylan kitaphanalaryň bardygy guwandyrýar. Olarda diňe okuw kitaplarynyň, gollanmalaryň däl-de, çeper edebiýatlaryň, ylmy we ensiklopedik eserleriň bolmagy ýaş nesliň kämilleşmegi üçin hemme şertleriň döredilýändiginiň subutnamasydyr.

Baýramgül ATAJANOWA,
welaýat kitaphanasynyň usulçysy.
Beýleki habarlar