Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymly-bilimli, kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek beýik geljegimizi nazarlaýan döwlet ähmiýetli wezipe bolup durýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekde ýaşlara uly ynam bildirilýär. Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip nygtady.