«7-24.tm», № 18 (101), 02.05.2022
Ýaş nesli döwrebap terbiýeläp ýetişdirmek bilim ulgamynda esasy wezipe bolup durýar. Şol wezipäni ýerine ýetirmekde Baýramaly şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiniň ýokary derejeli matematika mugallymy Akja Garýagdyýewa özüniň asylly zähmetini we baý iş tejribesini döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary sowatly, başarjaň, ukyply edip ýetişdirmäge sarp edýär.