Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Rowaçlyga beslenýär medeniýetim, sungatym

«Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy içgin öwrenmek, ony has-da baýlaşdyrmak we kämilleşdirmek meselesine döwlet derejesinde uly üns bermeginde çuňňur many bar. Çünki medeniýet we sungat halkymyzyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda gazanan üstünliklerini, umumadamzat ösüşine goşan goşandyny özünde jemleýär. Şeýle bolansoň, biz — mugallymlar ýaş nesilleriň milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň taryhyny öwrenmeklerini, sungatyň dürli ugurlary boýunça yz galdyran ussatlara hormat-sarpa goýmaklaryny, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirmeklerini gazanmaga çalyşýarys.

Halkyň ruhy baýlygy

Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri, däp-dessurlary siňen milli medeniýetimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara beslenýär. Merdana halkymyz medeni we ruhy gymmatlyklary bilen dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşdy. Häzirki döwürde halkyň kalbyna deňelýän medeniýet ýurdumyzyň kuwwatlandyryjy güýji bolup, bagtyýar raýatlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şu nukdaýnazardan, «Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr. Medeniýet ulgamynyň ösüşleri jemgyýetiň bitewüligini, milletiň ruhy galkynyşyny üpjün edýär» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Dünýä ýurtlary bilen giň gerimde alnyp barylýan medeni hyzmatdaşlyk halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkidýär. Muzeýler taryhdaky medeni ösüşlerimizi giňden beýan etmekde gymmatly hazyna bolup hyzmat edýärler. Taryhyň syrly sahypalaryndan habar berýän medeni mirasy ýüze çykarmakda, medeniýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde we gorap saklamak bilen, geljekki nesillere ýetirmekde muzeýlere uly orun degişlidir. Şunuň bilen birlikde, muzeý işini kämilleşdirmek bilen bagly işler üstünlikli alnyp barylýar. Häzirki wagtda muzeý işine sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylyp, ilata edilýän muzeý hyzmatlary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Munu

Dostlugyň we döredijiligiň döwresinde

Hiç bir halkyň medeniýetiniň, edebiýatynyň, sungatynyň öz-özünden ösmeýändigi jedelsiz hakykat. Ýakyn-u-uzakdaky halklar biri-biriniň maddy hem ruhy ýörelgelerine, ylym-bilim, terjime hem medeni gatnaşyklar arkaly täsir edýär. Türkmen we özbek halklarynyň gadymy taryhy, urp-adatlary, milli däp-dessurlary biri-birine juda ýakyn. Bu iki halkyň arasyndaky asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ykdysady, söwda, medeni we edebi gatnaşyklar häzirki günlerde-de işjeň ösdürilýär. Munuň şeýledigini şu günler ýurdumyzda geçirilýän Özbegistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar. Onuň ikinji gününde, düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda iki ýurduň ýazyjy-şahyrlarynyň arasynda geçirilen döredijilik duşuşygynda hem bu barada giňişleýin pikir alşyldy. Duşuşykda çykyş edenler türkmen hem özbek halklarynyň edebi gatnaşyklarynyň kökleriniň neneňsi çuňlukdan gözbaş alyp gaýdýandygyna, umumadamzat ähmiýetli didaktik temalaryň beýanynyň iki halkyň nusgawy şahyrlarynyň, esasan-da, Magtymguly Pyragynyň eserlerinde aýdyň ýüze çykýandygyna, Gündogaryň beýik akyldarynyň döredijiliginde bu temanyň has-da ösdürilýändigine, çuň şahyrana kämillige eýedigine ünsi çekdiler. Bu hakykaty öz wagtynda dürli halklaryň alymlary hem ykrar edipdirler. Ýeri gelende, Magtymguly, Mollanepes, Kemine ýaly türkmen şahyrlary özbekleriň edebi-me

Köpöwüşginli sungat baýramçylygy

Düýn ýurdumyzda dowam edýän Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde «Daşkent» dynç alyş seýilgähinde doganlyk döwletiň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onuň bilen ugurdaşlykda özbek milli lybaslarynyň görkezilişi, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi hem guraldy. Dostlukly halkyň wekilleriniň Magtymguly Pyragynyň goşgularyny özbek dilinde ýerine ýetirmekleri has-da täsirli boldy. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimi boýunça yzygiderli ösdürilýär. Ýurdumyzda goňşy döwletiň nobatdaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi hem şunda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn orun tutýandygyna şaýatlyk edýär. Şunda Daşkentde «Aşgabat», Aşgabatda-da «Daşkent» seýilgähiniň bardygyny aýratyn bellemelidiris. Şu gezekki konserti we beýleki çäreleri geçirmek üçinem hut dostlukly döwletiň paýtagtynyň adyny göterýän dynç alyş seýilgähiniň saýlanyp alynmagy tötänden däldir.

Myhmanlara söz berýäris

Abdukaýum ÝULDAŞEW, Özbegistan Respublikasynyň at gazanan medeniýet işgäri, «Adalat» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary, ýazyjy:

Hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­ga esas­lan­ýan gat­na­şyk­lar

Goňşy döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmak biziň gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza esaslanýar. Özbegistan hem şol hyzmatdaşlarymyzyň biridir. Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer ulgama hem aýratyn ähmiýet berilýär. Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçmek hakynda Kararyň kabul edilmegi, türkmen we özbek kinematograflary tarapyndan akyldar şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan çeper filmiň surata düşürilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Munuň özi iki goňşy ýurduň arasyndaky dost-doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Munuň şeýledigine 18-nji noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Onuň çäklerinde dostlukly ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Onda özbek halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny, tebigatynyň gözelligini we taryhyny beýan edýän eserler görkezildi. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň we Özbegistanyň ugurdaş edaralarynyň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Dabaradaky çykyşlarda milli medeniýetleriň we

Şöhraty dünýä dolan taryhy mekan

Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy egsilmez joşguna beslendi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň gatnaşmagynda bolan dabara ýakymly duýgular bilen ýatda galdy. Mälim bolşy ýaly, Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek bilen bagly çözgüt 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilipdi. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli resminama gol çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şol resminamasyna laýyklykda guramaçylyk topary döredildi, onuň düzümi tassyklandy, şeýle-de geçiriljek dabaralardyr çäreleriň Meýiln

Sungata sarpa

Paýtagtymyzda 13-15-nji noýabr aralygynda geçirilen «Gorkut ata» adyndaky Halkara kinofestiwaly hakyky sungat baýramçylygyna öwrüldi. Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen halkara kinoforumyň maksady kinematografiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Halkara kinofestiwala türki döwletler bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasyndan hem meşhur kino hünärmenleri, aktýorlar we bilermenler gatnaşdy. Kinofestiwalyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Köşgüň eýwanynda türkmen kinosynyň taryhyna gezelenç etmäge çagyrýan sergi täsirli pursatlary bagyşlady. Kinofestiwal Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sungat işgärleriniň we türkmen tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren «Türkmen dünýäsi» atly edebi-sazly kompozisiýasy bilen açyldy. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan taýýarlanan «Gorkut ata» atly wideorolik görkezildi. Halkara kinofestiwal Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraldy. Geçen ýyl türki dünýäniň III kinofestiwalynda Türkmenistana «Gorkut ata» kinofestiwalyny geçirmek nobatynyň nyşany bolan «Durna» heýkeljigi gowşurylypdy. Festiwalyň nyşany bolan «Durna» guşu

Medeniýetleriň ojagy

Eziz Watanymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýylda dabaraly, halkara ähmiýetli çäreler bir-birine sepleşip gitdi. 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler bolsa, giň gerimde, ýokary guramaçylykly geçirildi. Änewiň medeni mirasyny hem-de häzirki zaman üstünliklerini görkezmäge ýöriteleşdirilen çäreleriň has gadymy we orta asyrlaryň şaýady bolan bu şäheriniň baý taryhy-medeni mirasyny şöhlelendirmekde, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň ajaýyp ýadygärliklerini wagyz etmekde ähmiýetli bolandygy guwandyryjydyr. Aslynda, Türki medeniýetiniň halkara guramasy tarapyndan Änew şäherine bu derejäniň berilmegi şäheriň taryhyna has kän ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň neşir edilmegi şöhratly taryhymyzy, baý medeni mirasymyzy giňden wagyz etmekde ähmiýetli waka boldy. Bu kitapda Änewiň umumadamzat medeniýetiniň taryhyndaky orny, türkmen halkynyň halklary ýakynlaşdyrmaga, medeniýetleri baýlaşdyrmaga goşant goşýan özboluşly milli ruhy gymmatlyklary barada gürrüň berilýär. Adamzadyň medeniýet sallançagynyň ilki bat alan ýerleriniň biri bolan Änew şäheri diňe türkmen taryhynyň şöhratly geçmişini goýnunda saklaman, eýsem, külli türki dünýäsi üçin aýratyn ähmiýetlidir.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy:

Adam MISKEWIÇ1798-1855 Adam Miskewiç — polýak edebiýatynyň nusgawy şahyrydyr. Ruslarda Puşkiniň, ukrain halkynda Şewçenkonyň gaýtalanmajak şahyry bolşy ýaly, polýak halky üçin hem onuň aýratyn orny bar. Polýak edebiýatynda romantizmi esaslandyryjy, milli-azat ediş hereketleriniň öňbaşçysy Adam Miskewiç 1798-nji ýylyň 24-nji dekabrynda häzirki Belarusyň çägine degişli bolan Nowogrudka şäheriniň golaýyndaky Zaossýa fermasynda dünýä inýär.

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

18-nji noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanynda dostlukly ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Onda özbek halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny, tebigatynyň gözelligini we taryhyny beýan edýän eserler görkezildi.

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

Aşgabat, 18-nji noýabr (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şu gezekki döredijilik çäresi hem munuň aýdyň güwäsidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu babatda Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçmek hakynda Kararyň kabul edilendigi, türkmen we özbek kinematograflary tarapyndan akyldar şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan çeper filmiň surata düşürilendigi bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi iki goňşy ýurduň arasyndaky dost-doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

18-nji noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şu gezekki döredijilik çäresi hem munuň aýdyň güwäsidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu babatda Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçmek hakynda Kararyň kabul edilendigi, türkmen we özbek kinematograflary tarapyndan akyldar şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan çeper filmiň surata düşürilendigi bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi iki goňşy ýurduň arasyndaky dost-doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

Aşgabat, 18-nji noýabr (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şu gezekki döredijilik çäresi hem munuň aýdyň güwäsidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu babatda Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçmek hakynda Kararyň kabul edilendigi, türkmen we özbek kinematograflary tarapyndan akyldar şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan çeper filmiň surata düşürilendigi bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi iki goňşy ýurduň arasyndaky dost-doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Sungatyň dilinde halklary ýakynlaşdyryp

«Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleriň jemleýji dabarasy doganlyk döwletlerden myhmanlary, medeniýet, bilim ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Täsirli geçen dabarada türkmen sungat ussatlary bilen birlikde, türki halklaryň medeniýet işgärleri hem joşgunly çykyşlary bilen tomaşaçylara ruhy lezzet paýladylar. Anargul NAZARKULOWA,Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti:

Dana Pyragy we gadymy Änew

türki dünýäniň ýaş döredijileriniň gözi bilen Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 41-nji mejlisiniň çäklerinde türki dilli ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda düzme ýazmak we surat çekmek boýunça ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem geçirildi. Oňa TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary S.Raýew, türki döwletleriň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Bilim, Medeniýet ministrlikleriniň we olaryň garamagyndaky edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri gatnaşdylar.

Änewde tutulan toý

Golaýda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasynyň we Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrlikleriniň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisi bolup geçdi. Ol wakalar — TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň Medeniýet ministrlikleriniň jogapkär işgärleriniň nobatdaky maslahaty, wekiliýetleriň resmi böleginiň Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Milli «Ak bugdaý» muzeýine, gadymy Änew galasyna we Seýit Jemaleddin ýadygärligine baryp görmekleridir. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň ýapylyş dabarasy hem-de ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrlikleriniň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisi taryha altyn harplar bilen ýazyldy.

Goý, güllesin türkmen-özbek dostlugy!

Düýn — 18-nji noýabrda gözel paýtagtymyzda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine badalga berildi. Onuň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde boldy. Ýüreklere ýakym paýlaýan, halklaryň dostlugyny pugtalandyrýan medeni çäreler adamzady jebisleşdirýär, dünýäni gözelleşdirýär. Muny ýylyň-ýylyna dünýä halklarynyň ata Watanymyzda, türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda bolsa daşary ýurtlarda geçirilýän medeniýet günleri, hepdelikleri-de görkezýär. Olaryň çäklerinde halklaryň milliligi, edebi mirasy, taryhy we ýaşaýyş-durmuşy... giňden şöhlelenip, dünýä jemgyýetçiliginiň bir bitewi maksady, ýagny adamzadyň hemişe gözellige, döredijilige, özgerişe hem-de asuda, abadan durmuşa bolan ymtylmasy açylyp görkezilýär.

Parahatçylygyň belent owazy

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň birleşen üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň «Parahatçylyk owazy» atly konserti geçirildi. Konsertde Gurbangeldi Begenjowyň hem-de Kowus Bäşimowyň dirižýorlyk etmeginde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Daňatar Öwezow adyndaky Ýörite sazçylyk mekdebiniň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky Ýörite sungat mekdepleriniň ussat sazandalarydyr aýdymçylary çykyş etdiler.

«Durna guşy» bilen sylaglandy

15-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzda halkara derejede geçirilýän festiwallaryň, maslahatlaryň, sergileriň, konsertleriň hem beýleki medeni çäreleriň ählumumy parahatçylygy, halklar arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmakda ähmiýeti örän uludyr. 13 ― 15-nji noýabr aralygynda Aşgabatda 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheriniň bolsa şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal munuň aýdyň mysalydyr. Festiwala gatnaşmak üçin paýtagtymyza Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan, Tywa, Çuwaş Respublikalaryndan, Moldowadan, şeýle-de Türkiýeden myhmanlar geldiler. Oňa hödürlenen çeper hem-de dokumental filmlere dürli halklardan bolan belli kinematograflar topary eminlik etdi.