16-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň birleşen üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň «Parahatçylyk owazy» atly konserti geçirildi.
Konsertde Gurbangeldi Begenjowyň hem-de Kowus Bäşimowyň dirižýorlyk etmeginde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Daňatar Öwezow adyndaky Ýörite sazçylyk mekdebiniň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky Ýörite sungat mekdepleriniň ussat sazandalarydyr aýdymçylary çykyş etdiler.