Rowaçlyga beslenýär medeniýetim, sungatym

20 Noýabr 2024
195

«Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy içgin öwrenmek, ony has-da baýlaşdyrmak we kämilleşdirmek meselesine döwlet derejesinde uly üns bermeginde çuňňur many bar. Çünki medeniýet we sungat halkymyzyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda gazanan üstünliklerini, umumadamzat ösüşine goşan goşandyny özünde jemleýär. Şeýle bolansoň, biz — mugallymlar ýaş nesilleriň milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň taryhyny

öwrenmeklerini, sungatyň dürli ugurlary boýunça yz galdyran ussatlara hormat-sarpa goýmaklaryny, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirmeklerini gazanmaga çalyşýarys.

Jemal TÄÇGELDIÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar