Adam MISKEWIÇ
1798-1855
Adam Miskewiç — polýak edebiýatynyň nusgawy şahyrydyr. Ruslarda Puşkiniň, ukrain halkynda Şewçenkonyň gaýtalanmajak şahyry bolşy ýaly, polýak halky üçin hem onuň aýratyn orny bar. Polýak edebiýatynda romantizmi esaslandyryjy, milli-azat ediş hereketleriniň öňbaşçysy Adam Miskewiç 1798-nji ýylyň 24-nji dekabrynda häzirki Belarusyň çägine degişli bolan Nowogrudka şäheriniň golaýyndaky Zaossýa fermasynda dünýä inýär.