Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Taryha ýazylan gadymy Änew

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şöhratly taryhymyzyň şanly sahypalaryny öwrenmekdäki, milli medeniýetimizi döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrmakdaky beýik işleri  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy esaslarda has baýlaşýar. Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde 2023-nji ýylyň noýabrynda geçirilen mejlisinde 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheriniň bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi onuň buýsançly dabaralanmasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly pikirleri,  taryhymyzyň şanly wakalary hakynda ylmy açyşlary özünde jemleýän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny giň okyjylar köpçüligine sowgat bermegi döwürleriň arabaglanyşygyna çuň mazmun berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp eserinde nygtaýşy ýaly, dünýäniň taryhynda halkymyzyň mynasyp orny bar. Şonuň üçin türkmen halky örän gadymy taryhyň we baý medeni mirasyň eýesidir. Biz bu mirasa guwanýarys we oňa aýawly garamaga hem-de geljekki nesiller üçin gorap saklamaga uly üns berýäris.

«Parahatlyk sungat bilen gül açar»

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde VI Wena baly geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň medeni durmuşynda özboluşly hyzmatdaşlyk köprüsine öwrüldi. Döredijilik çäresi iki ýurduň halklarynyň birek-biregiň medeni durmuşyna, has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga bolan gyzyklanmalaryny tassyklaýar. Bu gezekki Wena balynyň hormatly myhmany bolan Gahryman Arkadagymyz ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, ýörite gurnalan münberde dabara gatnaşyjylary gutlady.

«Ak guşlar ganat ýaýyp bezeg bersin asmana»

Neda BERGER,Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy: — Arkadag şäherinde Wena baly eýýäm ikinji gezek geçirilýär. Bu şäherde VI Wena balynyň geçirilmegi, halklaryň baý medeni durmuşyna aýratyn bir bezeg berýär. Iki ýüz ýyla golaý taryhy bolan Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň esasy nyşanlarynyň biridir. Ol wagtyň geçmegi bilen özüniň meşhurlygyny ýitirmän, eýsem, Awstriýanyň, hatda Ýewropanyň çäklerinden hem daşary çykyp, dünýäniň köp ýurtlarynda yzygiderli geçirilýän medeni çärä öwrüldi. Wena balynyň geçirilmegi öz gözbaşyny Gahryman Arkadagyň 2008-nji ýylda Wena bolan saparyndan alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagyň ýardam-goldawlary bilen bilelikdäki döredilen türkmen-awstriýa «Galkynyş» simfonik orkestri hem bu ulgamda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň nyşanydyr. Iki halkyň medeni gatnaşygy 16 ýyla golaý wagt bäri dowam edip gelýär. Bu Wena baly hem ýatdan çykmajak taryhy waka bolup, dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrýar. Diňe bir bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen çäklenmän, türkmen halkynyň baý mirasyny dünýä tanatmaga hem ýardam edýär.

Teatr sungatynyň sütüni

Türkmen teatr sungaty agzalanda, ilki bilen, göz öňünde ýurdumyzyň teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist, režissýor hem dramaturg Aman Gulmämmedow janlanýar. Teatr sahnasynda 250-den gowrak keşbi döreden halypa artistiň döredijilik ýoly bu gün nusgalykdyr. Onuň döredijilik örüsi çaksyz giňdir. Ol sahnada gussaly, gülküli, gahrymançylykly hem-de durmuşy keşpleri döredende-de, gahrymanlarynyň häsiýetlerini bütin aýdyňlygy bilen açypdyr. Onuň döredijiligi dünýäniň nusgawy eserleri, şol sanda rus, özbek, belarus, azerbaýjan, gruzin... halklarynyň pýesalaryndaky keşpler arkaly baýlaşýar. Aman Gulmämmedow 1908-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýylgynkäriz obasynda dünýä inýär. 1920-nji ýylda Gökdepede açylan mekdep-internatda okaýar. Bu ýerde orta bilim alandan soň, Aşgabatdaky Gündogar sungaty mekdebine nakgaşçylyk hünäri boýunça okuwa girýär. Ondan soňra bolsa, 1924-nji ýylda Aşgabat şäherinde açylan Mehanizasiýa tehnikumynda okuwyny dowam etdirýär. Şol wagtlardan başlap, okuw mekdeplerinde drama gurnaklary giň gerim alyp ugraýar. 1926-njy ýylda Türkmenistan Magaryf halk komissarlygy ilkinji milli studiýanyň açylýandygyny yglan edýär. Ähli okuw mekdeplerinden zehinli oglan-gyzlary saýlap, şol studiýa okuwa kabul edýärler. Aman Gulmämmedow hem şol saýlanan talyplaryň ilkinjileriniň biri bolýar.

Maşgala terbiýesiniň aýratynlygy

Halkymyz özüniň uzak taryhy ýolunda maşgala terbiýesine uly sarpa goýup gelipdir. Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Ine, şonuň üçin türkmen halky maşgalany ojak, saçak ýaly mukaddesliklere deňeýär. Türkmen maşgalasynyň terbiýesi Nuh pygamberden, Oguz hanyň ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýar. Maşgala terbiýesiniň aýratynlygy barada mesele gozgalanda, öňi bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göteren halkdyrys!» diýen sözleri seriňe gelýär.

Döredijilikli zähmetden galkynyp

Ata-babalarymyzdan miras galan ruhy gymmatlyklarymyzy çuňňur öwrenmek, ony mundan beýläk-de kämilleşdirmek medeniýet we sungat işgärleriniň öňünde belent borç bolup durýar. Muňa gowy düşünýän Halaç etrap medeniýet merkeziniň sungat ussatlary hem şu günler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşlerini, milli gymmatlyklarymyzy giňden wasp edip, naýbaşy eserleri bilen halkymyza ruhy lezzet paýlaýarlar. Etrapda hereket edýän folklor, aýdym-saz, teatr, tans toparlarynyň agzalary toý-baýramçylyklaryň şanyna dürli medeni çäreleri guraýarlar. Kuwwat Möwlamberdiýewiň ýolbaşçylyk edýän «Lebap gülleri» halk aýdym we tans toparynda Rüstem Muhammedow, Jumageldi Babaýew ýaly zehinli ýaşlaryň 10-dan gowragy bar. Olar «Ýaşa, Arkadag!», «Humaý gözli», «Zenan göründi», «Türkmenistanym», «Watanym», «Ýigitler», «Çapak» diýen şirin labyzly aýdym-sazlardyr göwün göteriji tanslary bilen oba zähmetkeşleriniň arasynda, etrap we welaýat derejelerinde geçirilýän çärelerde çykyş edýärler. Zehinli aýdymçy Saparmyrat Tekäýew bolsa «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşdy. «Akdere» folklor toparyna indi köp wagtdan bäri Maýa Goçowa ýolbaşçylyk edip gelýär. Ol toparyň agzalary bilen ajaýyp döwrümiziň belent sesine ses goşýan çykyşlary taýýarlap, tomaşaçylaryň göwünlerini awlamagy başarýar. Toparyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýy mynasybetli taýýarlan «

Wena baly: dostluk mukamy

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Açylyş dabarasynyň dowamynda Arkadag şäherinde VI Wena balyny geçirmek boýunça döredilen mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanlaryna hoşallyk beýan edildi hem-de oňa türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň bu halkara çäräniň ähmiýetini artdyrýandygy nygtaldy.

Älem içre sazlaşyk

Çeşmeleriň ajap hiňlenmeleri,Bilbilleň nagmasy geler ýol aşyp.Asman monjuklaryn dakyp boýnuna,Tomus agşamlary, men size aşyk. Kalba syrdaş bolup arzuwlan aýym,Diňläp meniň ýürekdäki namamy.Öwsüp duran güýzüň mahmal şemalyGetirip dur ýollanylýan salamy.

Aşgabat

Öwşün atýar binalaň Günüň tylla nuruna,Çalym edýär gündizleň Köpetdagyň garyna,Giňden açyk ýollaryň myhmanlaryň baryna,Gözelligiň soltandyr ýürekleriň törüne,Aziýanyň arzyly şäheri — Aşgabadym,Baky bagtyň soňlanmaz bahary — Aşgabadym. Baglaryňda bilbiller şat, erkana saýraýar,Hoş owazly nagmalar çar tarapa ýaýraýar,Gujagyňda bagtyýar durmuş joşýar-gaýnaýar,Täsinlige aşyklar ilki seni saýlaýar,Belent ymaratlaryň şäheri — Aşgabadym,Görke gelýän gündizleň säheri — Aşgabadym.

Teatr durmuşynda

Bir söýginiň kyssasy Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Saňa ýetermi owazym» atly dramanyň ilkinji görkezilişi boldy.

Dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alan akyldar

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy uly dabaralara beslenýär. 11-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen we dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemlän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum hem Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligini giňden wagyz etmekde we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Medeniýet halkyň kalbydyr

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň giň gerimli ösüşleri milli medeniýetimiz we sungatymyz arkaly giňden şöhlelendirilýär. Ajaýyp döwrümiziň beýik ösüşleri, düýpli özgertmeleri döredijilik adamlarynyň eserlerinde aýdyň beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» ýaly ajaýyp eserleriniň çuňňur mazmunynda şeýle buýsançly hakykatlar täsirli beýan edilýär. Milli Liderimiziň ajaýyp eserleri adamlara akyl-paýhas paýlaýan, ruhubelentligi, halallygy, ynsanperwerligi ündeýän bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Agzybir halkymyzyň medeni derejesiniň ýokarlanmagynda, ösüp gelýän ýaş nesillerde Watana, halal zähmete, milli gymmatlyklarymyza söýgini artdyrmakda medeniýet ulgamynyň işgärleri uly işleri durmuşa geçirip, däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi dünýä ýaýmakda yhlasly zähmet çekýärler.

Aýdym-saz sungaty öwredilýär

Berkarar döwletimizde medeniýete we sungata berilýän üns onuň hemmetaraplaýyn ösmegine şert döretdi. Şoňa görä-de, ýurdumyzda medeniýet edaralarynyň ulgamy barha giňelýär, olaryň maddy-enjamlaýyn  we guramaçylyk binýady pugtalanýar, medeni aň-bilim işiniň mazmuny, görnüşleri, usullary gitdigiçe kämilleşýär. Iňňän gysga döwrüň içinde Diýarymyzda amala aşyrylan işler medeniýet ulgamynyň düýpli ösmegine getirdi. Şeýlelikde, milli medeniýetimiz we sungatymyz täze badalgalara eýe boldy. Şonuň bilen birlikde,  aýdym-saz sungatymyz  hem ägirt uly üstünliklere beslenýär. Ajaýyp zamanamyzda gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli sungatymyzy ösdürmekde, kämilleşdirmekde we şu günki nesillere ýetirmekde ägirt uly işleri bitiren halypalara örän uly hormat-sarpa goýulýar. Çagalar sungat mekdebimizde çagalara dürli saz gurallarynda saz çalmagyň, aýdym aýtmagyň inçe tilsimleri öwredilýär. Okuwçylarymyz dürli bäsleşiklere, festiwallara, baýramçylyk çärelerine yzygiderli gatnaşýarlar. Bu bolsa mekdebimiziň mugallymlarynyň aýdym-saz sungatynda geljekki aýdymçy-‑sazandalary terbiýeläp ýetişdirmekde öz goşantlaryny goşýandyklarynyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryna jogap edip, sungata höwesli ýaş nesilleri kemala getirmekde mundan beýläk-de yhlasymyzy gaýgyrmarys.

Döwürleriň şahyry

Ak mermerli paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi, oňa dünýäniň ençeme ýurdundan hormatly myhmanlaryň gatnaşmagy Ýer ýüzünde uly gyzyklanma döreden waka öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir». «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly günlerinde merjen şäherimizde geçirilen forum akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek boýunça tagallalaryň barha rowaçlanýandygynyň, beýik söz ussadynyň sarpasynyň belentdiginiň aýdyň dabaralanmasy boldy.

Bu toprakda keramat bar, kerem bar

Gadymy Änew topragy hakynda gürrüň edilende, göz öňüňde biziň eýýamymyzdan öňki bäşmüňýyllygyň gyzgalaňly durmuşy janlanýar. Bu toprakda halkymyzyň agzybirligi, ylymly-bilimli, sowatly, aň-düşünjeli bolmagy üçin beýik işleri bitiren dana alymlar, din ulamalary, akyldarlar, keramatly pirler ýaşap geçipdir. Halkymyz geçmiş taryhymyzda uly gahrymançylyk görkezip, il-ýurt bähbitli işleri bitiren beýik şahsyýetlerimize uly hormat goýýar. Änew topragynda ýaşap geçen beýik şahsyýetleriň biri hem, Seýit Jemaleddindir. Änew şäherinden çykan ýeriňden Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumy uzaklardan seleňläp görünýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Bu metjit il içinde hormatlanylýan alym, dini ylymlaryň ussady Seýit Jemaleddiniň gubrunyň üstünde gurlupdyr» diýip ýazýar. Ýaşuly nesliň gürrüňlerine görä, bu ýadygärlikler toplumynda medrese bolupdyr. Ylym-bilim ojagynda Gündogaryň ady belli akyldarlary, alymlary sapak beripdir. Onda ylym alan kişiler ylymlylygy-bilimliligi, akyl-paýhaslylygy, adamkärçiligi bilen tapawutlanypdyr.

Sarpalanýar keşdeçilik sungatym

Welaýat medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty ― milli mirasymyz» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan dörän keşdeçilik sungatyny sarpalamak we ony wagyz etmek maksady bilen geçirilen bäsleşik «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna hem-de halkymyzyň köp asyrlyk medeni mirasy bolan türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlandy. Bäsleşige onuň etrapdyr şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlaryň uly topary gatnaşdy. Olar halkymyzyň keşdeçilik sungatynyň taryhy we aýratynlyklary barada gürrüň bermek bilen, ýaka, tahýa, kürte we beýleki el işlerini keşdelemekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady

Geçen hepdede paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki A.S. Puşkin adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussatlary welaýat döwlet drama teatrynda myhmançylykda boldular. Olar çagalar üçin B. Orlowyň pýesasy esasynda goýlan «Üç jojuk we güneý tilki», A. Wasilýewiň pýesasy esasynda goýlan «Uýalar» atly sahna oýunlaryny görkezdiler. Çagalary ata Watany, ene topragy, zähmeti söýmäge çagyrýan «Üç jojuk we güneý tilki» atly sahna oýny ýaş tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Şirin owazlar ýaňlandy

12-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen türkmen-mongol bilelikdäki konserti dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, birek-biregiň medeniýeti, milli gymmatlyklary we sungaty bilen içgin tanyşmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Konsertiň maksatnamasyndaky halk hem-de häzirki zaman aýdym-sazlary we tans çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Biz hem ýatdan çykmajak täsirli çykyşlary bilen tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp bolan Mongoliýanyň sungat ussatlarynyň käbiri bilen gürrüňdeş bolup, olaryň beren gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Munhbaatar BATULZIÝ, Mongoliýanyň at gazanan artisti:

Türkmen bedewiniň şöhraty dünýä dolýar

Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasyny gowşurmak dabarasy boldy 12-nji oktýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda maslahat geçirildi. Onda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy ermeni dilinde

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Tanyşdyrylyş dabarasyna Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň käbir ýolbaşçylary, institutyň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Bu ýerde dabara mynasybetli sergi guraldy. Onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary görkezildi.