Ak mermerli paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi, oňa dünýäniň ençeme ýurdundan hormatly myhmanlaryň gatnaşmagy Ýer ýüzünde uly gyzyklanma döreden waka öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir». «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly günlerinde merjen şäherimizde geçirilen forum akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek boýunça tagallalaryň barha rowaçlanýandygynyň, beýik söz ussadynyň sarpasynyň belentdiginiň aýdyň dabaralanmasy boldy.