Ata-babalarymyzdan miras galan ruhy gymmatlyklarymyzy çuňňur öwrenmek, ony mundan beýläk-de kämilleşdirmek medeniýet we sungat işgärleriniň öňünde belent borç bolup durýar. Muňa gowy düşünýän Halaç etrap medeniýet merkeziniň sungat ussatlary hem şu günler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşlerini, milli gymmatlyklarymyzy giňden wasp edip, naýbaşy eserleri bilen halkymyza ruhy lezzet paýlaýarlar.
Etrapda hereket edýän folklor, aýdym-saz, teatr, tans toparlarynyň agzalary toý-baýramçylyklaryň şanyna dürli medeni çäreleri guraýarlar. Kuwwat Möwlamberdiýewiň ýolbaşçylyk edýän «Lebap gülleri» halk aýdym we tans toparynda Rüstem Muhammedow, Jumageldi Babaýew ýaly zehinli ýaşlaryň 10-dan gowragy bar. Olar «Ýaşa, Arkadag!», «Humaý gözli», «Zenan göründi», «Türkmenistanym», «Watanym», «Ýigitler», «Çapak» diýen şirin labyzly aýdym-sazlardyr göwün göteriji tanslary bilen oba zähmetkeşleriniň arasynda, etrap we welaýat derejelerinde geçirilýän çärelerde çykyş edýärler. Zehinli aýdymçy Saparmyrat Tekäýew bolsa «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşdy. «Akdere» folklor toparyna indi köp wagtdan bäri Maýa Goçowa ýolbaşçylyk edip gelýär. Ol toparyň agzalary bilen ajaýyp döwrümiziň belent sesine ses goşýan çykyşlary taýýarlap, tomaşaçylaryň göwünlerini awlamagy başarýar. Toparyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýy mynasybetli taýýarlan «Garaşsyz Watanym toýun toýlaýar» diýen folklor çykyşy hem halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsini gazandy.